Dünýäniň iň beýik ýaşaýyş jaýy gurlar

26 Sentýabr 2024
334

  Braziliýanyň “FG Empreendimentos” kompaniýasy dünýäniň iň beýik ýaşaýyş binasyny gurmagy meýilleşdirýär. “Senna” atly bina Braziliýanyň Santa-Katarina şäherinde ýerleşer we meşhur “Formula 1”-iň piloty Aýrton Sennanyň hormatyna gurlar.
Pilotyň jigisi Lalally Senna tarapyndan taslanan “Senna” diňiniň beýikligi entek belli däl, ýöne onuň 500 metrden ýokary boljakdygy bellenilýär. Meýilnama görä, binanyň beýikligi 2015-nji ýyldan bäri iň beýik ýaşaýyş binasy hasaplanýan Nýu-Ýorkuň 472 metrlik “432 Park Avenue” diňiniň beýikliginden geçer. Desganyň gurluşygy 2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda başlanar. Ilkinji netijelere görä, binanyň esasy aýratynlyklarynyň biri, desganyň köp mukdardaky yşyklandyryş ulgamy bolar.
Şeýle-de binada hersi 903 inedördül metr bolan dört sany 2 gatly penthausy öz içine alýan 228 öý bolar. Infrastruktura güýmenje merkezlerini, restoran meýdançalaryny we Aýrton Senanyň karýerasyny, durmuşyny we üstünliklerini beýan edýän interaktiw muzeýi öz içine alar. Taslamanyň tamamlanjak wagty belli däl. Taslama üçin maýa goýumlary, takmynan, 500 million dollar bolar.