Geňeşli il — döwletli ýol

26 Sentýabr 2024
328

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk toýuna barylýan günlerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda ýokary guramaçylyk derejesinde hem işjeň häsiýetde geçen Halk Maslahatynyň mejlisi döwletimizde demokratik ýörelgeleriň has-da ösdürilýändigini alamatlandyrdy. Umumymilli foruma ähli watandaşlarymyz bilen birlikde welaýatymyzdan ildeşlerimiziň hem uly topary gatnaşyp, ara alnyp maslahatlaşylan meseleler boýunça kabul edilen çözgütleri biragyzdan goldamakda işjeňlik görkezdiler. Olaryň käbiriniň ýürek buýsanjyny okyjylara ýetirýäris.

Toýly KURBANMEDOW,
Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýanyndaky hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşleriniň agzasy: