Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda pederlerimizden miras galan ynsanperwerlik ýörelgeleri üstünlikli dowam etdirilýär. «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgelerimiziň esasynda adam hakyndaky alada alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň şanly baýramçylygynyň öň ýanynda, ýagny 20-nji sentýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Permanyna laýyklykda, 1146 adama Türkmenistanyň raýatlygynyň, 134 adama bolsa Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi ýurdumyzda ynsanperwer ugruň ösdürilmegine aýratyn uly üns berilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.