Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy

25 Sentýabr 2024
380

Ýol abat — il abat

Berkarar döwletimizde günsaýyn gözelleşýän we ajaýyp görnüşe eýe bolýan şäherlerimizdir obalarymyz halkymyzyň asuda we abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda edilýän aladalaryň aýdyň nyşanydyr. Oba-şäherlerimizde halkyň hyzmatyna berlen aýna ýaly tekiz we ýagty ýollar hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýol-ulag düzüminiň işini döwrebaplaşdyrmak ugrunda üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ajaýyp miweleridir. Üstümizdäki ýylda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň ulanylmaga berilmegi-de şanly ýylymyzyň ajaýyp wakalarynyň birine öwrüldi. Mundan başga-da, ýurdumyzyň sebitlerinde awtomobil ýollaryny abatlamak, yşyklandyrmak ugrundaky işler yzygiderli dowam edýär. Şol ýollarda asudalygy, ulaglaryň howpsuz hereketini üpjün etmek bolsa herekete gatnaşyjylaryň her biri üçin möhümdir.

Mukam TOTYÝEW,
Kerki garnizonynyň harby awtomobil gözegçiliginiň ýol hereketine gözegçiler wzwodynyň gözegçi-uly tehnigi, borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy.