"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ynsanperwerlik hukugynyň ýörelgelerine ygrarlylyk

25-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Döwlet migrasiýa gullugynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna gabatlanyp geçirilen bu çäre ýurdumyzyň halkara ynsanperwerlik hukugynyň ýörelgelerine berk ygrarlydygynyň nobatdaky aýdyň mysaly boldy. Döwlet Baştutanymyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan hem-de 29 milletiň wekili bolup durýan 1 müň 146 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, 6 döwletiň raýatlary we 15 milletiň wekilleri bolup durýan 134 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalar berildi.

Bagtyýarlygyň gözbaşy

Ata Watanymyzda il-günüň agzybir, halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagyny baş maksat edinýän hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalary netijesinde, her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly geçirilýän biraýlygyň netijelerine ser salanymyzda, köçe-ýol hereketiniň asudalygyny we howpsuzlygyny üpjün etmekde, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda giň gerimli işleriň alnyp barylýandygynyň, bu ugurda üstünlikleriň gazanylýandygynyň şaýady bolýarys. Biraýlyk çäresi Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň bilelikde guramagynda geçirilýär. Biraýlygyň dowamynda köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek, ýol hereketine gatnaşyjy hökmünde özüňi alyp barmagyň medeniýeti, sürüjileriň we pyýada ýolagçylaryň arasyndaky sazlaşygy guramagyň maksady barada wagyz-nesihat hem-de düşündiriş işleri geçirilýär. Şeýle hem ýol hereketi bilen bagly wideorolikler görkezilýär.

Ýoluňyz ak bolsun!

Günsaýyn pajarlap ösýän ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, adamlaryň uzak ýaşamagyny, howpsuz ömür sürmegini gazanmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baş maksady bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça 2013-nji ýylda badalga berlen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk 2024-nji «Pähim–paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem uly guramaçylyk bilen geçirilip, tamamlanyp barýar. Nurana ýollarymyzyň abatlygyny, buýsançly halkymyzyň rahatlygyny üpjün edýän bu ählihalk çäre sentýabr aýyny öz içine alýar. Raýatlarymyzyň rahat hem-de abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilip, ýol hereketiniň howpsuzlygyny, ýollarda howpsuz şertleri döretmekde we ýol hereketini sazlaşykly guramakda alnyp barylýan işleriň netijeliligini gazanmakda möhüm ähmiýete eýedir. Döwlet derejesinde geçirilýän her bir tutumly, maksatnamalaýyn işlere gyzgyny bilen seslenip, mynasyp goşandyny goşýan Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň meýilnamasyna laýyklykda, TDP-niň Boldumsaz etrap komiteti hem «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» ady bilen guralan biraýlygyň çäklerinde etrabyň polisiýa bölüminiň ýol gözegçiligi bölümçesiniň, Gubadag şäheriniň polisiýa bölümçesiniň polisiýanyň ýol gözegçiligi toparynyň işgärleri bilen bu ugurda uly işleri alyp barýar. Etrabyň gatnawly ýollarynda ýol hereketiniň düzgünlerini be

Şa serpaýy — belent mertebe

Garaşsyzlyk baýramy her bir türkmeniň kalbynda besleýän hasyl bolan arzuwlarynyň datly miwelerini eçilýän şowhunly toýdur. Bu şanly baýramyň öňüsyrasynda geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi bolsa ata-babalarymyzyň şöhratly däplerini dabaralandyrýan Arkadagly eýýamymyzyň ajaýyp dessuryna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde 24-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň çuň mazmunly taryhy wakalaryny özünde jemledi. Döwlet Baştutanymyzyň umumymilli forumda zähmetde gazanan üstünlikleri bilen tapawutlanan ýurdumyzyň raýatlaryny Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky, şeýle hem ýurdumyzy toplumlaýyn ösdürmek baradaky resminamalara gol çekmegi ildeşlerimizi täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy.

Möhüm meseleden çetde durman

Biziň her birimiz ýol hereketine ol ýa-da beýleki derejede gatnaşýarys. Bir bölegimiz sürüjiler bolsak, beýleki bir bölegimiz ýolagçylar ýa-da pyýadalardyrys. Şol sebäpli ýol hereketiniň kadalaryny bilmek we olaryň talaplaryny berjaý etmek hökmanydyr. Munuň özi ýollarda hereketiň kadaly bolmagyny üpjün etmek bilen birlikde ynsan saglygyny goramakda hem ähmiýetlidir. Şol sebäpli her ýylyň sentýabr aýynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen biraýlygyň dowamynda maksatlaýyn işler has giňden ýaýbaňlandyrylýar. Hormatly Prezidentimiz ýollarymyzda dürli kysymly ulaglaryň hereketiniň sazlaşykly guralmalydygyna, ýolda özüňi alyp barmagyň medeniýetiniň berjaý edilmelidigine berk talap bildirýär. Bu bolsa her birimiziň ýollarda ünsli, birek-birek bilen mylakatly bolmalydygymyzy aňladýar. Şeýle endikler bolsa, ilkinji nobatda, çagalarda körpeliginden kemala getirilmelidir. Ine, şu we beýleki meseleler barada biziň bölümimizde geçirilen maslahatda birin-birin durlup geçildi. Oňa ýol hereketine gözegçilik edýän gullugyň we beýleki gyzyklanýan edaralaryň wekilleri hem gatnaşdylar. Öwüt-ündew häsiýetli çykyşlarda ýollarymyzyň howpsuz bolmagy üçin her birimiziň jogapkärdigimiz hakynda pikir öňe sürüldi. Şeýle edilende ýol-ulag hadysalarynyň ýüze çykmak töwekgelçiligi aradan aýrylyp, ynsanlaryň ömürleri rahat bolar. Biz bu mizemez hakykaty ilat arasynda giňden wagyz edýäris.

Baýramçylyk sowgatlary gowşurylýar

Şu günler welaýatymyzdaky edara-kärhanalarda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýy mynasybetli duşuşyklary guraýarys. Duşuşyklaryň dowamynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik özgertmelerini ilatyň arasynda wagyz etmekde işjeňlik görkezýän, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan öňdebaryjy işgärlere kärdeşler arkalaşygynyň adyndan Hormat hatlaryny we baýramçylyk sowgatlaryny gowşurýarys. Bagtyýar ildeşlerimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny nygtaýarlar. Olar hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän döwlet syýasatyny halk köpçüliginiň arasynda, edara-kärhanalarda wagyz-ündew etmek işlerine mundan beýläk-de işjeň gatnaşjakdyklaryny belleýärler.

Ynsanperwer ýörelgeler dabaralanýar

Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň çäginde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlaryň uly toparyny Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek, daşary ýurt raýatlarynyň bir toparyna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalary bermek bellenildi.

Raýatlyk pasportlary gowşuryldy

Welaýat häkimliginde ýurdumyzyň çäginde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlara raýatlyk pasportlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Olar ýokary ruhubelentlikde geçen dabarada raýatlyk pasportlaryny ýüzlerine sylyp, uly buýsanç bilen kabul  etdiler. Dabarada çykyş edenler ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, ýurdumyzyň halkara abraýynyň belende galmagynyň hatyrasyna tutumly işleriň alnyp barylandygyny, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň kanunçylygynda adamlaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň goragyna aýratyn üns berilýändigini, hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän asylly ýörelgeleriniň rowaç bolýandygyny, raýatlygy bolmadyk adamlara raýatlyk pasportlarynyň gowşurylmagynyň ynsanperwerligiň belent nusgasydygyny aýratyn buýsanç bilen belläp geçdiler hem-de adamlaryň abadan we eşretli durmuşy barada uly alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýol abat — il abadan

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň esasy maksady ilatyň, aýratynam, ýaş nesilleriň arasynda ýol hereketiniň düzgünlerine düşünjeli garaýşy kemala getirmekden ybaratdyr.   Çagalar mekdebe we çagalar baglaryna gidenlerinde we gaýdanlarynda, ulaglaryň köp gatnawly ýollaryny kesip geçmeli bolýarlar. Şonuň üçinem sürüjileriň mekdepleriň we çagalar baglarynyň golaýyndaky ýollardan geçenlerinde, örän seresap bolmaklary hökmanydyr. Çatrykda saga we çepe öwrülenlerinde, ýoluň gatnawly böleginden geçip barýan pyýadalara ýol berilmelidir. Pyýadalaram ýoluň gatnawly bölegine çykan wagtlary eglenmeli ýa-da säginmeli däldirler. Geçmäge ýetişmedik halatynda, garşydaş ugurly ulag akymlarynyň arasyny bölýän çyzygyň üstünde garaşmalydyrlar.

Täsirli geçýän çäreler

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň dowamynda harby bölümlerde, edara-kärhanalarda, çagalar baglarynda, orta mekdeplerde dürli çäreleri geçirýäris. Esasan-da, bilim ojaklarynda synpdan daşary geçirýän çärelerimizde ýol hereketiniň düzgünleri barada birin-birin durup geçýäris. Mekdep okuwçylaryna pyýadalaryň borçlary, ýol belgileri we olaryň talaplaryna laýyklykda özüňi alyp barmagyň düzgünleri hakynda düşünjeleri berýäris. Ýol hereketiniň kadalary başlangyç synp okuwçylarynyň arasynda gysgajyk sahnalary görkezmek bilen düşündirilýän bolsa, ýokary synp okuwçylarynyň arasynda slaýdlary, wideoşekilleri görkezmek bilen wagyz-nesihat işlerini geçirýäris. Çagalar bagyna gatnaýan körpelere ýolyşyk we belgiler, ýoluň hereketli bölegini kesip geçmegiň usullary barada düşünjeleri terbiýeçiler bilen maslahatlaşyp berýäris. Pyýadalaryň hereketini düzgünleşdirýän ýol belgileriniň we ýolyşygyň suratlaryny görkezmek arkaly goşgulary öwredip geçýän çärelerimiz örän täsirli bolýar.

Raýatlyk pasportynyň gowşurylyş dabarasy

Guwandyrjy pursat Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gadymy türkmen topragynda toýdur baýramlar goşa-goşadan gelýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda geçirilýän şu günki dabaraly çäräniň Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygynyň baýramyna gabat gelmeginiň ähmiýeti uludyr. Çünki, bu baýramçylyk günlerinde biri-biri bilen utgaşyp gelýän buýsançly wakalar halkymyzyň bagtyýar, asuda durmuşynyň kepilidir.

Bäsleşik geçirildi

Garaşsyzlygyň miweleri Golaýda “Marguş” çagalar we ýetginjekler döredijilik öýünde welaýat baş bilim müdirliginiň, welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň toýy mynasybetli “Garaşsyzlygyň miweleri” atly surat çekmek boýunça bäsleşik geçirildi. Oňa «Marguş», “Ýaşyl yşyk”, “Joşgun”, “Altyn nesil”, “Türkmen tebigaty”, “Altyn eller” çagalar we ýetginjekler döredijilik öýleriniň körpejeleri gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat çäresi

Pyragynyň arzuw eýlän eýýamy TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda «Pyragynyň arzuw eýlän eýýamy» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga TMÝG-niň etrap geňeşiniň işgärleri we işjeň agzalary, bilim bölüminiň işgärleri, etrapdaky 1-nji, 10-njy orta mekdepleriň mugallymlarydyr okuwçylary gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat çäresi

Eneler — nusgalyk mekdep Murgap etrabynyň medeniýet öýünde şeýle at bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çäräni TKA-nyň etrap birleşmesi etrap häkimligi, TMÝG-niň etrap geňeşi, etrap merkezi kitaphanasy we etrap zenanlar bölümi bilen bilelikde gurady. Wagyz-nesihat çäresine ýokarda atlary agzalan guramalaryň, medeniýet ulgamynyň işgärleri, mährem eneler we ýaşlar gatnaşdylar.

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk dowam edýär

Ak ýollar — nurana ertirimiz Şeýle at bilen, TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ýokarda ady agzalan jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, işjeň agzalary, bilim ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar.

Iliň abadançylygyna

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde tutumly işler alnyp barylýar. Ol işleriň hatarynda harby bölümleriň we edara-kärhanalaryň awtomobil tehnikalaryny heläkçiliksiz, niýetlenilişi boýunça ulanmagy, bellenilen kadalara we möçberlere laýyklykda, ýol resminamalarynyň ýerindeligini we dogry resmileşdirilendigini üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde hereket edýän düzgünnamalaryň, buýruklaryň we kadalaşdyryjy namalaryň talaplaryna baglylykda ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi; ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilişine, harby bölümleriň we edara-kärhanalaryň ulag serişdeleriniň, sürüjileriniň ýol hereketiniň kadalaryny we awtomobil tehnikasyny ulanmagyň düzgünlerini berjaý edişlerine gözegçilik etmegi; ulag serişdelerini dolandyrmaga degişli derejedäki hukugy almaklyga synaglary tabşyrmak üçin goýbermek maksady bilen sürüjilerden nazaryýet we amaly synaglary guramagy hem-de almagy; ýol hereketiniň kadalarynyň we ulag serişdeleriniň ulanylyş kadalarynyň bozulmalaryny hasaba almagyň guralyşyna gözegçilik etmegi görkezmek bolar. Şeýle-de hadysalaryň bolmagyna täsir edýän sebäpleriň we şertleriň seljermesini geçirmek, ýol hereketiniň kadalary

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: – Biziň ýolumyz bagtyýarlygyň, berkararlygyň ýoludyr

24-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Halk hä­ki­mi­ýe­ti­niň ga­dym­dan gel­ýän mil­li däp­le­rin­den, hä­zir­ki za­man türk­men jem­gy­ýe­ti­niň de­mok­ra­tik ka­da­la­ryn­dan ugur alyp, jem­gy­ýe­tiň äh­li gat­lak­la­ry­nyň we dür­li ne­sil­le­riň we­kil­le­ri – ta­lyp­lar, hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar, kü­müş saç­ly ene­ler ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry we­kil­çi­lik­li eda­ra­sy­nyň mej­li­si­ne gat­naş­ma­ga ça­gy­ryl­dy.Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mej­li­si­ni açyk di­ýip yg­lan ed­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let se­na­sy ýaň­lan­ýar.Soň­ra we­ki­li­ýet­le­riň ag­za­la­ryn­dan ge­lip gow­şan tek­lip­le­re la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­niň pre­zi­diu­my saý­la­nyl­ýar.Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ýyg­na­nan­la­ry we ýur­du­my­zyň äh­li hal­ky­ny Wa­ta­ny­my­zyň be­ýik Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 33 ýyl­lyk baý­ra­my bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy hem-de hem­me­le­re berk jan sag­lyk, mer­da­na türk­men hal­ky­na gül­läp ösüş, bag­ty­ýar­lyk ar­zuw edip, fo­ru­myň we­kil­le­ri­niň mej­li­siň gün ter­ti­bi, se­re­dil­jek so­rag­lar bi­len ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­lik alan­dyk­la­ry­ny bel­le­di. Şeý­le-de, mil­li L

Wagt näme üçin çalt geçýän ýaly duýulýar?

Çaga wagtyň irdenden agşama çenli oýna güýmenip ýörşüňe, wagt çalt geçip, derrew Gün ýaşaýjak ýaly. Ýöne beýle däl. Çaga wagtymyz mekdebe gitsedim, wagt çalt geçsedi, basymrak ulalsam diýip arzuw edýäris. Ýaşymyz geçdigiçe bolsa, wagt çalt geçýän ýaly duýlup, gündelik işlerimize hem ýetişmän başlaýarys. Ýaňy Gün dogan ýaly, eýýäm Gün ýaşýar. Ýaňy aý başlanan ýaly, eýýäm aýyň soňy gelýär... Ýaşyň ulaldygyça çagalyk döwründäki ýaly Täze ýyla garaşmak hem onçakly uzaga çekmeýär. Eýsem, ýaşyň ulaldygyça wagtyň çalt geçmegi näme sebäpden ýüze çykýarka? Psihologlar gün, hepde, aý we ýyl ýaly wagt baradaky düşünjeleriň ýaşyň ulaldygyça üýtgeýändigini belleýärler. 8 ýaşly çaga bilen 80 ýaşly adamda bir hepde düýbünden başgaça geçýär. Bu ýagdaý ýat we başdangeçirmeler bilen bagly bolup, çaga üçin bir hepde uzak wagt, emma ýaşuly adam üçin bir hepde gysgajyk pursat. Çaga görä has haýal ädim ädýändigini çen tutsaň, ýaşuly adam üçin wagt haýal geçäýjek ýaly. Ýöne uly ýaşly adamlar üçin hepde gysgajyk wagt birligi bolup, geçen günleri ýatladygyça wagtyň çalt geçýändigini gürrüň berýärler. Wagtyň gadyryny bilmelidigini we «sagatlary » tygşytly ulanmalydygyny ündeýärler. Psihologlar wagtyň çalt geçýän ýaly duýulmagyny beýnidäki meňzeş günleriň köpdügi bilen düşündirýärler. Başgaça aýdylanda, beýnimiz meňzeş günleri ýa-da hepdeleri biri- biri bilen birleşdirýär. Mysal üçin, irden turduň, ertir

Güýz paslynyň iň owadan şäherleri

Her paslyň özüne mahsus tebigy gözelligi bar. Pasyllaryň çalyşmagy bilen tebigat, şäherler, obalar özboluşly görnüşe eýe bolýar. Güýz paslynyň gelmegi bilen hem tebigat gyzgylt agaçlara, altynsow ýapraklara örtülip, owadan peýzažy emele getirýär. Syýahatçylaryň köpüsi bu pasylda sary dona bürenen owadan şäherlere gezelenç etmäge çykýarlar. Megerem, sary ýapraklaryň «aýdymyny » diňläp, şäher seýilgählerinde, tokaýlarda gezelenç etmegi halamaýan ýok bolsa gerek. Gazetimiziň şu sanynda güýz paslynyň iň owadan şäherleri bilen tanyşdyrmagy makul bildik.Reňkleriň simfoniýasy, Kýoto. Gadymy ybadathanalary we gür baglary bolan Ýaponiýanyň Kýoto şäheri güýz paslynda hasda gözelleşýär. Bu pasylda şähere barýan syýahatçylar özlerini jadyly dünýä düşen ýaly duýýarlar. Şäherdäki ýapon momiji agaçlary, Kiýomizu- dera we Tofuku- ji baglary gyrmyzy we altynsow reňkleriň sazlaşygyny emele getirýär. Şeýle hem güýz paslynda Kýoto şäherindäki Araşiýama bambuk tokaýlyklary özüne çekiji görnüşe eýe bolýar. Şeýle hem bu şäherde ýapraklar bilen bezelen «çaý öýlerinde » myhmançylykda bolup, matça çaýyndan lezzet alyp bolýar. Güýz ajaýyplygy, Seul. KoreýaRespublikasynyň gülläp ösýän paýtagty güýz paslynda ajaýyp görnüşe eýe bolýar. Seuldaky döwrebap binalaryň, köp şahaly köçeleriň arasyndaky seýilgähleri we taryhy ýerleri güýz ajaýyplygy gurşap alýar. Şäherdäki milli däp-dessurlaryň geçirilýän ý

Dünýä täzelikleri gysga setirlerde

Mosartyň näbelli kompozisiýasy. Leýpsigiň aýdym- saz kitaphanasyndan Wolfgang Amadeý Mosartyň öň näbelli eseriniň partiturasy tapyldy. 1760-njy ýyllarda döredilen bu partitura kompozitoryň ýaşlyk döwrüne degişli bolup, 12 minutlyk eserdir. Eser «Örän gysga gije sazy » diýlip atlandyryldy. Tanapdan ýöräp geçdi. Estoniýaly Ýaan Roose golaýda Bosfor bogazyny tanapdan ýöräp geçen ilkinji adam bolup, taryhy rekord goýdy. 32 ýaşly darbaz 1074 metr aralygy 47 minutda geçdi. Ol bu aralygy 165 metr beýiklikdäki Bosfor köprüsiniň diregleriniň arasyndan çekdirilen tanapdan ýöräp geçdi. Dünýä rekordyny goýdy. Hindistanly Waýbhaw Rajamani elini ulanmazdan 151,33 kilometr ýol geçip, Ginnesiň rekordyny täzeledi. Munuň üçin 22 ýaşly welosipedçä 7 sagat 18 minut 13 sekunt gerek boldy. Rajamani şeýle usulda 130,29 kilometr geçen öňki rekordyň eýesi, kanadaly Robert Jon Mýurreýden öňe saýlandy.