Çaga wagtyň irdenden agşama çenli oýna güýmenip ýörşüňe, wagt çalt geçip, derrew Gün ýaşaýjak ýaly. Ýöne beýle däl. Çaga wagtymyz mekdebe gitsedim, wagt çalt geçsedi, basymrak ulalsam diýip arzuw edýäris. Ýaşymyz geçdigiçe bolsa, wagt çalt geçýän ýaly duýlup, gündelik işlerimize hem ýetişmän başlaýarys. Ýaňy Gün dogan ýaly, eýýäm Gün ýaşýar. Ýaňy aý başlanan ýaly, eýýäm aýyň soňy gelýär... Ýaşyň ulaldygyça çagalyk döwründäki ýaly Täze ýyla garaşmak hem onçakly uzaga çekmeýär. Eýsem, ýaşyň ulaldygyça wagtyň çalt geçmegi näme sebäpden ýüze çykýarka? Psihologlar gün, hepde, aý we ýyl ýaly wagt baradaky düşünjeleriň ýaşyň ulaldygyça üýtgeýändigini belleýärler. 8 ýaşly çaga bilen 80 ýaşly adamda bir hepde düýbünden başgaça geçýär. Bu ýagdaý ýat we başdangeçirmeler bilen bagly bolup, çaga üçin bir hepde uzak wagt, emma ýaşuly adam üçin bir hepde gysgajyk pursat. Çaga görä has haýal ädim ädýändigini çen tutsaň, ýaşuly adam üçin wagt haýal geçäýjek ýaly. Ýöne uly ýaşly adamlar üçin hepde gysgajyk wagt birligi bolup, geçen günleri ýatladygyça wagtyň çalt geçýändigini gürrüň berýärler. Wagtyň gadyryny bilmelidigini we «sagatlary » tygşytly ulanmalydygyny ündeýärler. Psihologlar wagtyň çalt geçýän ýaly duýulmagyny beýnidäki meňzeş günleriň köpdügi bilen düşündirýärler. Başgaça aýdylanda, beýnimiz meňzeş günleri ýa-da hepdeleri biri- biri bilen birleşdirýär. Mysal üçin, irden turduň, ertirligiňi edindiň, uzak günki işden soň, öýüňe geldiň, dynjyňy alanyňdan soň, uka gitdiň. Şol bir tertipde gaýtalanýan, üýtgemeýän günler wagty çalt geçýän ýaly görkezýär. Bir aýyň dowamynda eden işlerimizden bary- ýogy 2-3 sanysy ýadymyza düşýär. Beýleki günler şol bir tertipde gaýtalanan ýaly duýlup, hiç zat ýadymyza düşmeýär. Şeýlelikde, her gün şol bir zady ýerine ýetirýän adamyň aňynda wagt çalt geçen ýaly duýulýar. Uly adamlarda wagtyň çalt geçmeginiň ýene bir sebäbi hökmünde ömrüň dowamlylygy hem görkezilýär. Mysal üçin, 10 ýaşly çaga üçin 1 ýyl onuň ömrüniň ondan biri diýmegi aňladýar. Emma 60 ýaşly bir adam üçin bir ýyl onuň ömrüniň altmyşdan birini emele getirýär. Bu bolsa, adamda ýyllaryň hepdeler ýaly çalt geçýän ýaly düşünjäni döredýär. Bilermenler ýaşyň ulaldygyça durmuş endiklerine täze üýtgeşmeleri goşmagy maslahat berýärler. Täze durmuş endikleri wagty haýal geçýän ýaly duýmaga mümkinçilik berýär. Muňa dil öwrenmek, sport bilen meşgullanmak, nahar bişirmek, tans etmek, gezelenje gitmek we ş.m. mysal bolup biler. Wagtyň çalt geçmegi ýaly duýgyny başdan geçirmek adamyň höwesini gaçyryp, göwnüçökgünlik, tukatlyk ýaly alamatlary döredýär. Gaýtalanýan, adaty günlerden uzaklaşyp, durmuşyňa täze zatlary goşmak özüňi has bagtly duýmaga hem ýardam edýär.