Biziň her birimiz ýol hereketine ol ýa-da beýleki derejede gatnaşýarys. Bir bölegimiz sürüjiler bolsak, beýleki bir bölegimiz ýolagçylar ýa-da pyýadalardyrys. Şol sebäpli ýol hereketiniň kadalaryny bilmek we olaryň talaplaryny berjaý etmek hökmanydyr. Munuň özi ýollarda hereketiň kadaly bolmagyny üpjün etmek bilen birlikde ynsan saglygyny goramakda hem ähmiýetlidir. Şol sebäpli her ýylyň sentýabr aýynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen biraýlygyň dowamynda maksatlaýyn işler has giňden ýaýbaňlandyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz ýollarymyzda dürli kysymly ulaglaryň hereketiniň sazlaşykly guralmalydygyna, ýolda özüňi alyp barmagyň medeniýetiniň berjaý edilmelidigine berk talap bildirýär. Bu bolsa her birimiziň ýollarda ünsli, birek-birek bilen mylakatly bolmalydygymyzy aňladýar. Şeýle endikler bolsa, ilkinji nobatda, çagalarda körpeliginden kemala getirilmelidir. Ine, şu we beýleki meseleler barada biziň bölümimizde geçirilen maslahatda birin-birin durlup geçildi. Oňa ýol hereketine gözegçilik edýän gullugyň we beýleki gyzyklanýan edaralaryň wekilleri hem gatnaşdylar. Öwüt-ündew häsiýetli çykyşlarda ýollarymyzyň howpsuz bolmagy üçin her birimiziň jogapkärdigimiz hakynda pikir öňe sürüldi. Şeýle edilende ýol-ulag hadysalarynyň ýüze çykmak töwekgelçiligi aradan aýrylyp, ynsanlaryň ömürleri rahat bolar. Biz bu mizemez hakykaty ilat arasynda giňden wagyz edýäris.