Her paslyň özüne mahsus tebigy gözelligi bar. Pasyllaryň çalyşmagy bilen tebigat, şäherler, obalar özboluşly görnüşe eýe bolýar. Güýz paslynyň gelmegi bilen hem tebigat gyzgylt agaçlara, altynsow ýapraklara örtülip, owadan peýzažy emele getirýär. Syýahatçylaryň köpüsi bu pasylda sary dona bürenen owadan şäherlere gezelenç etmäge çykýarlar. Megerem, sary ýapraklaryň «aýdymyny » diňläp, şäher seýilgählerinde, tokaýlarda gezelenç etmegi halamaýan ýok bolsa gerek. Gazetimiziň şu sanynda güýz paslynyň iň owadan şäherleri bilen tanyşdyrmagy makul bildik.
Reňkleriň simfoniýasy, Kýoto. Gadymy ybadathanalary we gür baglary bolan Ýaponiýanyň Kýoto şäheri güýz paslynda hasda gözelleşýär. Bu pasylda şähere barýan syýahatçylar özlerini jadyly dünýä düşen ýaly duýýarlar. Şäherdäki ýapon momiji agaçlary, Kiýomizu- dera we Tofuku- ji baglary gyrmyzy we altynsow reňkleriň sazlaşygyny emele getirýär. Şeýle hem güýz paslynda Kýoto şäherindäki Araşiýama bambuk tokaýlyklary özüne çekiji görnüşe eýe bolýar. Şeýle hem bu şäherde ýapraklar bilen bezelen «çaý öýlerinde » myhmançylykda bolup, matça çaýyndan lezzet alyp bolýar. Güýz ajaýyplygy, Seul. KoreýaRespublikasynyň gülläp ösýän paýtagty güýz paslynda ajaýyp görnüşe eýe bolýar. Seuldaky döwrebap binalaryň, köp şahaly köçeleriň arasyndaky seýilgähleri we taryhy ýerleri güýz ajaýyplygy gurşap alýar. Şäherdäki milli däp-dessurlaryň geçirilýän ýeri bolan Kýonbokkun köşk toplumy sary ýapraklar bilen örtülýär. Güýz paslynda şähere barýan syýahatçylar koreýleriň milli lybasy bolan hanbok geýip, Namsan we Olimpiýa seýilgähindäki altynsow ýapraklaryň arasynda surata düşýärler. Seul şäherinde güýz paslyna bagyşlanyp hottok we içi maňyzly (kaştan) dürli görnüşli süýjülikler taýýarlanylýar. Düşnüksiz jady we ajaýyp gözellik, Wermont. ABŞ-nyň demirgazyk- gündogaryndaky bu şäherdäki obalar güýz paslynda syýahat edilmeli esasy ýerleriň biridir. Wermont sary dona bürenen obalary, altynsow ýapraklar bilen örtülen köprüleri we aýlawly depeleri bilen jadyly dünýäni emele getirýär. Wermonta barýan syýahatçylar gyzyl, mämişi we sary ýapraklar bilen örtülen üsti üçekli köprüleri şäheriň nyşany hasaplaýarlar. Şäheriň ýaşaýjylary güýz paslynda agaçlaryň şiresinden akja şerbetleri taýýarlaýarlar. Adama güýç-kuwwat berýän bu içimligiň taýýarlanylyşy uly dabaralar bilen bellenilip geçilýär. Şäherde daş-töweregi tokaý bilen örtülen Appalaç ýoluny welosipedli gezelenç edip hem bolýar. Erteki peýzažlary, Bawariýa. Germaniýanyň iň uly landeri (döwlet) bolan Bawariýanyň özüne çekiji peýzažlary güýz paslynda hasam gözelleşýär. Aýlawly depeleri, Orta asyrda gurlan galalary we Alp daglarynyň etegindäki özüne çekiji reňkli obalary güýz paslynda gezelenje çykýan syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. Ertekileri ýadyňa salýan Noýşwanştaýn galasy güýz paslynyň keşbinde şäheri has-da owadan görkezýär. Bawariýa barýan syýahatçylar üsti gar bilen örtülen Alp daglaryna çykyp, gyzgylt- sary jülgelerde ýabany tebigatda dynç alyp bilýärler. Güýz gözelligi we üzümçilikleri, Toskana. Italiýanyň aýlawly depeleri, üzüm meýdanlary we özüne çekiji obalary bilen tanalýan Toskana sebiti güýzde romantik peýzažy döredýär. Sebitdäki San Jiminýano we Montepulçano ýaly Orta asyr şäherlerinde aýlanyp, ýaýylyp ýatan altynsow ýaprakly üzüm meýdanlaryny synlap bolýar. Toskanagüýz paslynyň asuda gözelligini synlamak üçin iň ajaýyp ýerleriň biridir. Te b i g a t d a k y ajaýyp gözellik, Hytaý. ÝUNESKOnyň Bütindünýä mirasynyň bir bölegi bolan Szýuçžaýgou jülgesi reňkli kölleriň, şaglawuklaryň we owadan tokaýlyklaryň jemlenen ýeridir. Bu jülge güýz paslynda hakyky sungat eserine öwrülýär. Jülgedäki düýbi görnüp duran Aýna köli we beýleki arassa suwly köller sary ýapraklar bilen bezelip, ajaýyp görnüşi emele getirýär. Dünýäniň seýrek duş gelýän jandarlarynyň biri bolan pandalary hem bu jülgede synlap bolýar. Günorta ýarym şaryň güýz gözelligi, Günorta ada. Dünýäniň köp ýeri sentýabr- oktýabr aýlarynda güýz paslyna beslenýän bolsa, Täze Zelandiýanyň Günorta adasy aprel- maý aýlarynda sary dona bürenýär. Bu ada güýz jadysyny görmek üçin müňlerçe syýahatçy barýar. Altynsow we gyzgylt ýaprakly agaçlar bilen örtülen, taryhy köçeleri bilen tanalýan Arrowtaun obasy adanyň iň özüne çekiji ýerleriniň biridir. Şeýle hem Günorta adasyndaky Tekapo köli çüýşe ýaly dury suwy, daş-töweregini örtýän gyrmyzy agaçlaryň sazlaşygy bilen owadan güýz sahnasyny emele getirýär. Gaýalardan aşak inýän Milford şarlawugy adanyň iň owadan ýerleriniň biridir.