«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň dowamynda harby bölümlerde, edara-kärhanalarda, çagalar baglarynda, orta mekdeplerde dürli çäreleri geçirýäris. Esasan-da, bilim ojaklarynda synpdan daşary geçirýän çärelerimizde ýol hereketiniň düzgünleri barada birin-birin durup geçýäris. Mekdep okuwçylaryna pyýadalaryň borçlary, ýol belgileri we olaryň talaplaryna laýyklykda özüňi alyp barmagyň düzgünleri hakynda düşünjeleri berýäris. Ýol hereketiniň kadalary başlangyç synp okuwçylarynyň arasynda gysgajyk sahnalary görkezmek bilen düşündirilýän bolsa, ýokary synp okuwçylarynyň arasynda slaýdlary, wideoşekilleri görkezmek bilen wagyz-nesihat işlerini geçirýäris.
Çagalar bagyna gatnaýan körpelere ýolyşyk we belgiler, ýoluň hereketli bölegini kesip geçmegiň usullary barada düşünjeleri terbiýeçiler bilen maslahatlaşyp berýäris. Pyýadalaryň hereketini düzgünleşdirýän ýol belgileriniň we ýolyşygyň suratlaryny görkezmek arkaly goşgulary öwredip geçýän çärelerimiz örän täsirli bolýar.