"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Köpugurly sergide ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň üstünlikleri giňişleýin şöhlelendi

19 — 21-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzdaky «Garagum» myhmanhanasynyň çäklerinde ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Biz Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda amala aşyrylan özgertmelere baha bermek bilen, özygtyýarly ösüşiň her gününiň we aýynyň taryhy wakalara beslenýändigini uly ynam bilen aýdyp bileris» diýip nygtalýar. Bütin halkymyzyň uly ruhubelentlik bilen garaşýan şanly Garaşsyzlygymyzyň giň gerimde belleniljek toý tutumynyň öň ýanynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen forumda milli ykdysadyýetimiziň gazananlary, medeni özgertmeleriň buýsandyryjy netijeleri öz beýanyny tapdy. Bu ýerde nebitgaz toplumynyň pudaklarynyň hem guwandyryjy üstünlikleri görkezildi. «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň diwarlyklarynda ykdysadyýetimiziň binýatlaýyn pudaklarynyň okgunly ösüşi giňişleýin açyldy.

Göteriji buraw desgasynyň hyzmaty

«Türkmengaz» döwlet konserniniň gazçylary Hytaý Halk Respublikasynyň öňdebaryjy «Jereh» kompaniýasyndan satyn alnan täze, innowasion tehnologiýaly, kuwwatly göteriji buraw desgalaryny ulanyş guýularyny bejermekde ýokary öndürijilikli işledýärler. Gaz bermesi has çylşyrymlaşan guýularda abatlaýyş işlerini alyp baryp, ony öz wagtynda hem-de ýokary hilli geçirmek üçin niýetlenilen göteriji buraw desgalarynyň biri «Marygazçykaryş» müdirliginiň guýulary ýerasty we düýpli abatlaýyş sehine bölünip berildi. Şol buraw desgasy häzirki wagtda müdirligiň Günbatar Şatlyk gaz käniniň gaz bermesini peselden 116-njy belgili ulanyş gaz guýusynda bejeriş-abatlaýyş işlerini geçirmekde işledilýär. Gaz ýataklarynda «mawy ýangyç» bermesini peselden we has çylşyrymlaşan guýularda bejeriş-abatlaýyş işleri geçirilende turbalary guýa goýbermek, ýokary galdyrmak we beýleki tehnologik işleri gysga wagtda, çalt ýerine ýetirip bilmegi göteriji buraw desgasynyň bejeriş işlerini çaltlandyrmakdaky hem-de ykdysady babatdaky bähbitli aýratynlygydyr.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 7 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan, Türkiýeden we Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Şeýle-de Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 2 million 35 müň 500 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Sanly we «ýaşyl» ykdysadyýet — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry

20-nji sentýabrda Türkmenistanyň Ykdysadyýet toplumynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli «Sanly we «ýaşyl» ykdysadyýet — durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmegiň şerti» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, maliýe düzümleriniň, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, sanly ykdysadyýete geçmekde milli intellektual tehnologiýalar ulgamyny ösdürmek, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny höweslendirmek, bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şeýle hem maglumatlaryň kiberhowplara garşy goraglylygynyň üpjün edilmegine, maliýe ulgamynyň, döwlet dolandyryşynyň durnuklylygynyň ýokarlandyrylmagyna uly üns berilýändigi nygtaldy.

Täjigistanda elektron gapjyklaryň sany 10,4 milliona ýetdi

Täjigistanda şu ýylyň birinji ýarymynda elektron gapjyklaryň sany 10,4 milliona ýetdi. Bu bolsa 2023-nji ýylyň birinji ýarymynyň jemlerindäkiden 2,9 million köpdür. 2024-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda elektron gapjyklaryň üsti bilen amallaryň 8 milliard 625 milliondan gowragy amala aşyrylyp, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 16,2 göterim ýokarlanypdyr. Amallaryň umumy pul dolanyşygynyň mukdary bolsa 1 milliard 212 million somonä (113 million amerikan dollaryna) deň bolupdyr.

Gazak-german söwda dolanyşygy 2,3 milliard amerikan dollaryna deň boldy

Şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda Gazagystan bilen Germaniýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2,3 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Bu barada Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mälim etdi. Onuň aýtmagyna görä, geçen ýyl iki ýurduň arasyndaky özara söwda 1,5 esse artyp, 4 milliard amerikan dollaryna deň bolan bolsa, bu görkeziji şu ýylyň ýedi aýynda 2,3 milliarddan geçdi. Şeýle-de ol 2005-nji ýyldan bäri Germaniýanyň gazak ykdysadyýetine goýan göni maýa goýumynyň 6,7 milliard amerikan dollaryndan gowrakdygyny hem nygtady. Bellenilişine görä, häzirki wagtda Gazagystanda german maýa goýumynyň gatnaşmagynda döredilen müňlerçe kärhana hereket edýär.

4,7% artdy

2024-nji ýylyň ýanwar – iýul aýlarynda Gyrgyz Respublikasynyň daşary söwda dolanyşygy 8,8 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. Munuň özi 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,7 göterim köpdür. Hasabat döwründe ýurduň eksporty 3,7 göterim azalyp, 1,6 milliard amerikan dollaryna, importy bolsa 6,7 göterim ýokarlanyp, 7,21 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Şeýlelikde, ýurduň daşary söwda dolanyşygynyň 18,2 göterimi eksportyň, 81,8 göterimi bolsa importyň paýyna düşdi.

«Amazon» işgärleriniň zähmet hakyny sagatda 22 amerikan dollaryna çykardy

«Amazon» öz ammarlaryndaky işgärleriniň, şeýle-de sürüjileriň we eltip berijileriň zähmet haklaryny sagatda 22 amerikan dollaryna çenli ýokarlandyrdy. Ozal bu görkeziji 20,5 amerikan dollaryna deňdi. Ýeri gelende bellesek, «Amazon» kompaniýasynda 1,5 milliondan gowrak işgär zähmet çekýär. Olaryň aglabasy harytlary kabul edip almak we ugratmak bilen meşgullanýarlar. Maglumat üçin, «Amazonyň» bazar kapitaly 2024-nji ýylyň başyndan bäri 22,3 göterim ýokarlanyp, 1,96 trillion amerikan dollaryna ýetdi.

300 konteýner otlusy geler

Şu ýyl Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň üsti bilen 300 konteýner otlusy Hytaýdan Azerbaýjana gelip gowşar. Bu barada «Azerbaýjanyň demirýollary» kompaniýasynyň başlygy Rowşan Rustamow mälim etdi. Onuň aýtmagyna görä, Hytaýdan gelýän ýükleri Baku — Tbilisi — Kars ugry boýunça daşamak baradaky ylalaşyk esasynda, konteýner otlusynyň Sian şäherinden (Hytaý) Bakuwa (Azerbaýjan) gelýänça sarp edýän wagty 11 güne çenli azaldy. Şonuň üçin hem şu ýyl Hytaýdan 300 konteýner otlusynyň Azerbaýjana gelmegine garaşylýar.

Hindistan altynyň importyny artdyrdy

Hindistan 2024-nji ýylyň awgust aýynda umumy bahasy 10,06 milliard amerikan dollaryna deň bolan altyn import etdi. Bu görkeziji 2023-nji ýylyň awgust aýy bilen deňeşdirilende 2 esse, şu ýylyň iýul aýyndaka garanyňda bolsa 3 esse artykdyr.  Hindistanyň söwda we senagat ministriniň orunbasary Sunil Barthwal altyn importynyň ýokarlanmagyny gümrük paçlarynyň azalmagy hem-de baýramçylyk möwsüminiň öňüsyrasynda hindi halkynda gymmat bahaly metallary toplamaga islegiň artýandygy bilen düşündirdi. Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda Hindistanyň altyn importy 32,29 milliard amerikan dollaryna deň boldy.

Hytaý 49 million tonna nebit import etdi

Hytaý Halk Respublikasy şu ýylyň awgust aýynda 49,1 million tonna nebiti import etdi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,7 million tonna azdyr. Hasabat döwründe hytaý bazaryna iň köp nebit eksport eden döwletleriň öňdäki orunlaryndan Russiýa Federasiýasy (9,37 million tonna), Malaýziýa (7,5 million tonna), Yrak (6,61 million tonna) hem-de Saud Arabystany (5,3 million tonna) ýer aldy.

ÝB-de ulaglaryň satuwy 18,3 göterim peseldi

2024-nji ýylyň awgust aýynda Ýewropa Bileleşiginde awtoulaglaryň satuwy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 18,3 göterim azaldy. Has anyk aýtsak, Ýewropa Bileleşiginiň çäginde geçen aýda 643,6 müň sany ulag satyldy. Ulaglaryň satuwy degişlilikde, Germaniýada 27,8, Fransiýada 24,3, Italiýada 13,4 we Ispaniýada 6,5 göterim pese gaçdy. Şol bir wagtyň özünde ÝB-niň bazarynda elektromobillere bolan isleg hem azaldy. Hasabat döwründe ÝB-de 92,1 müň elektromobil satylyp, bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 43,9 göterim azdyr. Şeýlelikde, umumy bazarda elektromobilleriň paýy 14,4 göterime çenli kemeldi.

Söwda bilen baglanyşykly sözler

MERWERIT — bezeg hökmünde ulanylýan gymmat bahaly daş, dür. MESGE — süýtden, gatykdan ýaýylyp alynýan ýag.

Innowasion çözgütlere daýanyp

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň iň täze gazananlaryna esaslanýan sanly ykdysadyýeti kemala getirmek babatda uly işler alnyp barylýar. Dünýäniň ösen ýurtlarynyň tejribesinden görnüşi ýaly, sanly ykdysadyýet ýurduň ösüş depgininiň çaltlanmagyna, sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna, milli ykdysadyýetiň düýpgöter täze nusgasyna geçmäge ýardam berýär. Sanly ykdysadyýet «tizlik», «amatlylyk», «tygşytlylyk» düşünjeleri bilen berk baglanyşyklydyr. Ykdysadyýetiň ähli pudaklary bilen bir hatarda, sanly tehnologiýalar ulgamynyň güýçli depginde ösmegi, ilata ýokary hilli internet hyzmatlarynyň elýeterli bolmagy maglumatlaryň giň gerimini seljermäge we aragatnaşygyň täze, ykjam görnüşlerini durmuşa ornaşdyrmaga oňyn şertleri döredýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda dürli pudaklarda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylýar. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» üstünlikli amala aşyrylýar. Olarda göz öňünde tutulan çäreleriň hemmesi ykdysadyýeti sanlylaşdyrmaga, geljegiň sanly senagatyny döretmäge gönükdirilendir.

Ykdysady üstünlikleriň sergisi

Şu gün — 19-njy sentýabrda Türkmenistanyň gözel paýtagty Aşgabat şäherindäki «Garagum» myhmanhanasynyň arkasynda gurnalan sergi meýdançasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady. Sergä gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň Gutlagyny ruhubelentlik bilen kabul etdiler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Bu gün öz işine başlaýan giň möçberli sergide diňe bir Watanymyzyň gazanan üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri däl-de, eýsem, ýeneki ösüşleriň badalgasyna öwrüljek başlangyçlarymyz, täze taslamalarymyz hem giňden beýanyny tapýar» diýen dürdäne sözleri eziz Diýarymyzyň ösüşleriň täze menziline gadam urýandygyny görkezýär.

Ygtybarly binýat

Mälim bolşy ýaly, her bir ýurduň ykdysady taýdan durnukly ösüşiniň parahatçylygy, howpsuzlygy, sazlaşykly ösüşi pugtalandyrmagyň möhüm şertidigini köp ýyllaryň tejribesi subut etdi. Eziz Diýarymyzda hemmetaraplaýyn ösüşiň üpjün edilmegine, tutuş sebit ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylmagyna uly gyzyklanma bildirilmegi we ykdysadyýete maýa goýumlaryň çekilmegi ýurduň ykdysady taýdan kuwwatlanmagynda bolşy ýaly, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmeginde-de aýratyn ähmiýete eýedir. Bilşimiz ýaly, 10-11-nji sentýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçirildi. Bu halkara forumyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistanda geçirilmegi ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerinden habar berýär. Sebäbi biziň ýurdumyzda maýadarlaryň netijeli işlemekleri üçin ygtybarly hukuk binýady döredildi. Bu bolsa Türkmenistanda maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň, işewür düzümleriň sanynyň artmagyny şertlendirýär. Şu nukdaýnazardan alanymyzda, geçirilen bu maýa goýum forumynyň ykdysady, durmuş taýdan sazlaşykly ösüş babatda aýratyn ähmiýete eýedigini bellemek gerek.

Maýa goýumlary — ykdysady ösüşiň ygtybarly binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli, ylmy taýdan esaslandyrylan durmuş-ykdysady ösüş strategiýasynyň netijesinde ýurdumyz täze üstünliklere beslenýär. «Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Halkara ähmiýetli, il-ýurt bähbitli tutumly taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy ýurduň maliýe-ykdysady kuwwatyny günsaýyn berkidýär. Milli ykdysadyýete dünýä bazarlarynyň standartlarynyň ornaşdyrylmagy, ýerli we daşary ýurt maýadarlarynyň serişdelerini çekmek üçin amatly maýa goýum gurşawynyň döredilmegi türkmen bazarynyň maýa goýum babatynda özüne çekijiligini artdyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» kabul edilip, onuň çäklerinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen işler netijeli durmuşa geçirilýär. Ýakynda paýtagtymyzda ýokary derejede geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň giň wekilçilikli düzümi türkmen bazaryna bolan gyzyklanmalardan habar berýär. 10-11-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumy, Tü

Beýik tutumlaryň döwri: oňyn hyzmatdaşlygyň täze sepgitleri

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen bitaraplygynyň ykdysady ugruna möhüm ähmiýet berilýär, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşi, özara peýdaly daşary ykdysady-söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin zerur şertler döredilýär. Türkmenistanyň Bitaraplygy daşary ýurtlardaky hyzmatdaşlarymyza deňhukukly gatnaşyklary üpjün edýär, şunda özara bähbitli, ykdysady-täjirçilik taýdan esaslandyrmak, ýurdumyzyň däplerine we kanunlaryna hormat goýmak kesgitleýji şert bolup durýar. Bitarap döwlet hökmünde halkara derejämizden gelip çykýan anyk ýörelgelere esaslanyp, uzak möhletleýin daşary ykdysady strategiýamyz, oňyn dünýägaraýyş, BMG-niň Tertipnamasyna we halkara-hukuk kadalaryna ygrarlylyk Türkmenistanyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan halkara taslamalarynda doly beýanyny tapýar. Şolaryň maksady diňe bir ykdysady-täjirçilik bähbit bilen däl, eýsem, döwletleriň ýakynlaşmagyny üpjün etmek hem-de olaryň arasyndaky gatnaşyklarda ynanyşmak we aýdyňlyk ýagdaýyny döretmek meýli bilen şertlendirilendir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen ençeme iri möçberli şeýle taslamalara badalga berilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň, oňyn bitaraplyk ýörelgelerine ygrarlylygyň, ata-babalarymyzyň gurmagyň, döretmegiň sogap işdigine ynanyp, nesillere geçiren döwletli ýörelgeleriniň dowamat-dowamdygynyň aýdyň beýanydyr. Ine, 11-nji sentýabrda bir günde ýedi sany iri taslama bada

Ösüşiň möhüm ugry

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ägirt uly tagallasy bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşiň täze belentliklerine barýar. Ösüşiň täze belentliklerinde milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanýandygyny, halkymyzyň bagtyýar geljeginiň üpjün edilýändigini aýdyň görmek bolýar. Şonuň üçin hem halkymyz ertirki günlerimiziň hem has abadan, eşretli, sapaly boljakdygyna ynanýar. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Garaşsyz döwletimizde amala aşyrýan beýik işlerimizde halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ilkinji nobatda, ýaş nesliň röwşen geljegi baradaky aladalar esasy wezipeleriň hatarynda durýar». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň hatyrasyna durmuşa geçirilýän işler esasy ugurlaryň biridir. Garaşsyz Watanymyzyň milli ykdysadyýetindäki döwrebap özgertmeler eziz Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny belende göterýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyjyny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz syýasy taýdan kämil, ykdysady tarapdan kuwwatly, durmuş taýdan ösen döwlet hökmünde dünýäde tanalýar. Muňa ýurdumyzda gurlan dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýaşaýyş jaýlary, dürli durmuş maksatly binalar, mekdepler, çagalar baglary, sport desgalary mysal bolup biler. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynyň sazlaşykly ösmegi we özgermegi döwlet Baştutanymyzyň ma

Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 73,5 göterim ýokarlandy

2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky söwda dolanyşygy görnetin ýokarlandy. Bu barada “Trend” habar berýär. Çeşmäniň bellemegine görä, şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda türkmen-rus söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 73,5 göterim ýokarlandy. Has takygy, hasabat döwründe iki ýurduň arasyndaky özara söwda 700 million amerikan dollaryndan gowrak boldy.