19 — 21-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzdaky «Garagum» myhmanhanasynyň çäklerinde ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Biz Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda amala aşyrylan özgertmelere baha bermek bilen, özygtyýarly ösüşiň her gününiň we aýynyň taryhy wakalara beslenýändigini uly ynam bilen aýdyp bileris» diýip nygtalýar. Bütin halkymyzyň uly ruhubelentlik bilen garaşýan şanly Garaşsyzlygymyzyň giň gerimde belleniljek toý tutumynyň öň ýanynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen forumda milli ykdysadyýetimiziň gazananlary, medeni özgertmeleriň buýsandyryjy netijeleri öz beýanyny tapdy. Bu ýerde nebitgaz toplumynyň pudaklarynyň hem guwandyryjy üstünlikleri görkezildi. «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň diwarlyklarynda ykdysadyýetimiziň binýatlaýyn pudaklarynyň okgunly ösüşi giňişleýin açyldy.