20-nji sentýabrda Türkmenistanyň Ykdysadyýet toplumynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli «Sanly we «ýaşyl» ykdysadyýet — durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmegiň şerti» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, maliýe düzümleriniň, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, sanly ykdysadyýete geçmekde milli intellektual tehnologiýalar ulgamyny ösdürmek, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny höweslendirmek, bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şeýle hem maglumatlaryň kiberhowplara garşy goraglylygynyň üpjün edilmegine, maliýe ulgamynyň, döwlet dolandyryşynyň durnuklylygynyň ýokarlandyrylmagyna uly üns berilýändigi nygtaldy.