Maýa goýumlary — ykdysady ösüşiň ygtybarly binýady

17 Sentýabr 2024
615

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli, ylmy taýdan esaslandyrylan durmuş-ykdysady ösüş strategiýasynyň netijesinde ýurdumyz täze üstünliklere beslenýär. «Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Halkara ähmiýetli, il-ýurt bähbitli tutumly taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy ýurduň maliýe-ykdysady kuwwatyny günsaýyn berkidýär. Milli ykdysadyýete dünýä bazarlarynyň standartlarynyň ornaşdyrylmagy, ýerli we daşary ýurt maýadarlarynyň serişdelerini çekmek üçin amatly maýa goýum gurşawynyň döredilmegi türkmen bazarynyň maýa goýum babatynda özüne çekijiligini artdyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» kabul edilip, onuň çäklerinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen işler netijeli durmuşa geçirilýär. Ýakynda paýtagtymyzda ýokary derejede geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň giň wekilçilikli düzümi türkmen bazaryna bolan gyzyklanmalardan habar berýär.

10-11-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumy, Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahat we ugurdaş sergi uly üstünliklere eýe boldy. Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleri, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan gurnalan giň möçberli forumyň iki gününde ýurtda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ejegül ORAZOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.