"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Durmuş ulgamyny nazarlaýan anyk maksatlar

26-njy martda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň sazlaşykly ösüşine gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän düzümlerindäki alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Wise-premýerleriň hasabatlaryny degişli yzygiderlilikde diňläp, milli Liderimiz ähmiýet berilmeli meselelere ünsi çekdi, anyk tabşyryklary berdi.

Milli demokratiýamyz dabaralanýar

Türkmenistanda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçirildi 28-nji martda ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de Saýlaw kodeksine laýyklykda, şeýle hem Halk Maslahatynyň karary esasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçirildi. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bellenilýän ýylda hem-de Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçirilen möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre milli Liderimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan hem-de döwletimiziň demokratik esaslarynyň has-da pugtalandyrylmagyna, hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň berkarar edilmegine gönükdirilen taryhy ähmiýetli waka öwrüldi.

Durnukly ösüş üpjün edilýär

Geçen hepdäniň anna güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň sazlaşykly ösüşine gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Milli Liderimiz degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňläp, halkymyzyň saglygy we abadançylygy baradaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň we beýleki giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde, paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda täze lukmançylyk edaralarynyň, şypahana-dynç alyş we syýahatçylyk ugurly binalaryň yzygiderli gurulýandygy bellenildi.

Döwletimiziň sazlaşykly ösüşinde möhüm wezipeler

26-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşyna degişli möhüm meselelere we milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň sazlaşykly ösüşine gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowyň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenleriniň ýurdumyzyň şypahanalarynyň maliýe-hojalyk işleri we bejeriş-sagaldyş kömegini almak üçin berilýän ýollamanamalarynyň bahalary boýunça bilelikde geçiren seljermeleriniň netijeleri barada hasabaty diňlenildi. Hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Ýurt taryhynda ilkinji gezek

28-nji martda ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de Saýlaw kodeksine laýyklykda, şeýle-de, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň karary esasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçirildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň, paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda geçirilen jemgyýetçilik-syýasy çäre paýtagtymyzda hem-de welaýatlarymyzda säher bilen medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda aýdym-sazly dabaralara beslenip, Döwlet senamyzyň ýaňlanmagynda başlandy. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň mejlislerinde geçirilen jemgyýetçilik-syýasy çäre mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda döwletimiziň demokratik esaslarynyň has-da pugtalanmagyna, hakyky halk häkimiýetiniň berkarar edilmegine gönükdirilen taryhy ähmiýetli waka boldy. Jemgyýetçilik-syýasy çäräniň aýratyn tarapy, bu gezekki saýlawlaryň ýurdumyzda ilkinji gezek gizlin ses bermek hem-de göni däl saýlaw hukugy esasynda geçirilmegidir. Saýlawlara welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň jemi 231-si gatnaşyp, olar degişli saýlaw toparlary tarapyndan hasaba alyndy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

26-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň sazlaşykly ösüşine gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meseleler barada aýdyp, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G. Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçdi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary esasynda jemgyýetimizde hukuk özgertmeleri yzygiderli durmuşa geçirilýär, ýurdumyzyň Esasy Kanuny — Konstitusiýasy kämilleşdirilýär. Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2019-njy ýylyň sentýabrynda paýtagtymyzda bolup geçen ikinji mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan konstitusion özgertmeleriň täze tapgyryna badalga beripdi. Milli Liderimiz şol mejlisde eden çykyşynda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň baş maksadynyň jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adama, onuň bähbitlerine hyzmat etjek häkimiýetiň wekilçilikli edaralarynyň, ýagny, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň işini kämilleşdirmekden, şu maksat bilen kanunçykaryjylyk işini amala aşyrýan edaralaryň iki palataly ulgamyny döretmekden, demokratik institutlaryň işini has ýokary derejelere çykarmakdan ybaratdygyny nygtap belledi. Ýurdumyzyň Halk Maslahatynyň geçen ýylyň sentýabrynda geçirilen mejlisinde “Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda” Kanun kabul edildi. 2021-nji ýyldan güýje giren bu kanun esasynda ýurdumyzda iki palatadan ybarat parlament — Mejlisden we Halk Maslahatyndan ybarat Milli Geňeş döredildi. Milli parlamentiň hil taýdan täze iki palataly ulgamynyň döredilmegi Türkmenistan döwletimiziň syýasy ösüşiniň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň neti

Welaýat häkimliginde bolan maslahat

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şol giň gerimli özgertmeleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, şol sanda oba hojalygynda hem guwandyryjy netijeler gazanylýar. Häzirki döwürde halk hojalygynyň beýleki ugurlarynda bolşy ýaly, bu pudakda hem hususy ulgam barha işjeňlik görkezýär. Ýurdumyzda telekeçilige hemmetaraplaýyn goldaw berilmegi, halk hojalygynyň ähli ulgamlaryna bazar gatnaşyklaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna onuň kuwwatynyň pugtalandyrylmagy döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli amala aşyrýan durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Soňky ýyllarda türkmen telekeçileri halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, obasenagat toplumynda hem üstünlikli işläp, ýokary netijeleri gazanýarlar. Şu günki gün ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň ençeme görnüşini — gök, bakja, miwe we maldarçylyk önümlerini öndürmek bilen meşgullanýan hususyýetçiler ýurdumyzyň ähli welaýatynda näçe diýseň bar. Olar hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlary özümizde öndürmek, şeýle hem daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak barada önüm öndürijileriň öňlerinde goýan wezipelerini üstünlikli çözmäge özleriniň my

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň enelerine, gelin-gyzlaryna

Eziz eneler! Mähriban gelin-gyzlar!

Baýraklaryň gutly bolsuň, Ýulduz!

Dünýäni gül-gülzarlyga besläp gelen bahar pasly ýurdumyzyň zenanlarynyň durmuşyna bagtyň ajaýyp şuglasyny paýlady. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän ýylynda ýurdumyz baýramçylyk ruhuna beslendi. Baharyň ilkinji günlerinden başlap, Halkara zenanlar güni ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden bellenildi. Bu aýda zenanlara bagyşlanan baýramlaryň gerimi, bize ýene bir ýola ýurdumyzda zenanlara, enelere nähili belent sarpanyň goýulýandygyndan nyşan boldy. Şeýle şatlykly günlerde gelip gowşan hoş habar bolsa kalbymyzy şatlyga besledi. Hormatly Prezidentimiziň Olimpiýa şäherçesine baryp, 2018-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda çempionlygy şu ýylyň ilkinji günlerinde ykrar edilen Ýulduz Jumabaýewany altyn medallary hem-de Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglap, oňa ýeňil awtoulagy sowgat bermegi Gahryman Arkadagymyzyň türkmen sportuna goýýan uly sarpasyndan nyşandyr.

Beýik geljege tarap täze badalgalar

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçirilen duşuşykda: «Garaşsyzlyk güni biziň milli baýramymyzdyr. Bu şanly baýram bizi abadan we bagtyýar durmuşyň bähbidine täze, belent sepgitlere ýetmäge ruhlandyrýar. Şoňa görä-de, nesip bolsa, Garaşsyz döwletimiziň döredilen taryhy senesi bolan 27-nji sentýabry täze, şöhratly üstünliklere we ýeňişlere besläp belläris. Ýetilen sepgitler bolsa ýurdumyzyň parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýandygymyzy aňladýar» diýip, belläp geçdi.

Gender deňliginiň hukuk esaslary

Türkmenistan öz Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan başlap, aýallaryň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere deň hukukly gatnaşmagyna ýardam berýän işjeň gender syýasatyny alyp barýar. Türkmenistanda aýallaryň hal-ýagdaýy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, onuň halkara borçnamalaryna we Aýallaryň ýagdaýy boýunça IV Bütindünýä maslahatynyň (Pekin, 1995 ý.) tekliplerine laýyklykda, deň hukuklar we azatlyklar ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegini, erkekler we aýallar üçin deň mümkinçilikleriň döredilmegini maksat edinýän aýallar babatyndaky döwlet syýasatynyň umumy strategiýasy we ileri tutulýan ugurlary bilen kesgitlenilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda gender deňliginiň üpjün edilmegini kepillendirýär. Esasy Kanunymyzyň 29-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanda erkekleriň we aýallaryň deň hukuklary we azatlyklary, şeýle hem olary durmuşa geçirmek üçin deň mümkinçilikleri bardyr. Deňhukuklylygyň jyns alamaty boýunça bozulmagy kanunda bellenilen jogapkärçilige eltýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy, adam hukuklary boýunça halkara konwensiýalarynyň we jarnamalarynyň, şol sanda aýallaryň hukuklary babatda esasy düzgünleri öz içine almak bilen, olaryň hukuklarynyň goldanylmagyna we geljekde hem ösdürilmegine gönükdirilen birnäçe goşmaça hukuklary berkidýär.

Söýgüli paýtagtym, şatlyk çeşmesi

Dynç günleri aýdyň gijeleri gündizden ýagty ak şäherim Aşgabadyň gözel künjeklerine, gür baglyga bürenip oturan, ýaşlaryň söýgüli ýerleri bolan seýilgählere seýran etmek endigime öwrüldi. Töwerek-daşyňy synlap oturyşyňa, gün-günden nurlanýan şäherdäki täsinliklere haýran galýarsyň. Bu gün hem nobatdaky gezelençden soň diňe Aşgabadyň waspy ýetirilen elliden gowrak aýdymlar ýazylan ýazgyny diňledim. Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň, Türkmenistanyň halk artistleri Myrat Sadykowyň, Annagül Annagulyýewanyň, Roza Töräýewanyň, Medeniýet Şahberdiýewanyň we ýene-de birnäçe mahmal sesli ussatlaryň «Aşgabat», «Aşgabadyň agşamy», «Aşgabatly gyz», «Aşgabadyň gyzlary», «Juwan ýaşly Aşgabat», «Aşyklaryň şäheri» ýaly aýdymlary diňläp, «Bä-ä, Aşgabady wasp etmedik ýok bolar-low» diýen joşgun kalbyma ýaýyldy. Söýgüli şäherime bolan buýsanjym hem-de onuň taryhyny bilmek höwesim has hem artdy. * * *

Ösüşiň innowasion ugry — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili

Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlary nobatdaky gezek beýanyny tapdy. Şol ugurlar ýurdumyzyň innowasion taýdan ösüşini has-da güýçlendirmekden, sanly ykdysadyýete geçmekden, telekeçiligi ösdürmekden, jemgyýeti demokratiýalaşdyrmakdan, netijeli halkara hyzmatdaşlykdan, ekologiýa abadançylygyny saklamakdan, mähriban halkymyzyň ruhy we maddy gymmatlyklaryny aýawly saklamakdan hem-de baýlaşdyrmakdan ybaratdyr. 22-nji martda milli Liderimiziň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelmegi ady rowaýata öwrülen Akhan atly bedewiň ilkinji at taýynyň dünýä inendigi baradaky buşluk habary bilen gabat geldi. Akhan atly bedewini döwlet Baştutanymyzyň hut özi seýisläp ýetişdirdi.

Baş maksat — sazlaşykly ösüşi üpjün etmek

Geçen anna güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Döwletimiziň durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylan bu mejlisde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň sazlaşykly ösüşine gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna hem garaldy. Milli Liderimiziň söz bermegi bilen, mejlisiň gün tertibine girizilen meseleler boýunça wise-premýerler gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Azyk bolçulygy — durmuş abadançylygy

25-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda gurlan döwrebap ýyladyşhana toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu toplum Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan «Oguz ýol» hojalyk jemgyýeti tarapyndan guruldy. Şeýlelikde, onuň gurulmagy bilen ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň önümçilik düzüminiň üsti ýetirildi. Şeýle hem şol gün döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan täze ýyladyşhanalaryň açylyşyna ak pata berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 26-njy mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň sazlaşykly ösüşine gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meseleler barada aýdyp, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenleriniň ýurdumyzyň şypahanalarynyň maliýe-hojalyk işleri hem-de bejeriş-sagaldyş kömegini almak üçin berilýän ýollamanamalarynyň bahalary boýunça bilelikde geçiren seljermeleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz täze ýyladyşhana toplumlarynyň işine badalga berdi

25-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy — “Oguz ýol” hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan hem-de ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň önümçilik düzüminiň üstüni ýetiren döwrebap ýyladyşhana toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan täze ýyladyşhanalaryň açylyşyna ak pata berdi. Hormatly Prezidentimiziň dikuçary TSTB-niň agzasy — “Oguz ýol” hojalyk jemgyýeti tarapyndan G.Atabaýew adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde gurlan ýyladyşhananyň golaýyndaky ýörite meýdançada gonýar. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesýär hem-de pomidor, şeýle hem gök önümleriň beýleki görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek üçin niýetlenen toplumyň çägine girýär.

Ýurdumyzyň hususy önüm öndürijileri milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge mynasyp goşant goşýarlar

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan täze ýyladyşhana toplumlarynyň işine badalga berdi 25-nji martda döwlet Baştutanymyz Kaka etrabynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy — «Oguz ýol» hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan hem-de ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň önümçilik düzüminiň üstüni ýetiren döwrebap ýyladyşhana toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan täze ýyladyşhanalaryň açylyşyna ak pata berdi.

Aşgabadyň durmuş düzümi kämilleşdirilýär

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy 24-nji martda milli Liderimiz iş saparyny amala aşyryp, paýtagtymyzyň işewürlik we durmuş maksatly desgalarynyň kemala gelýän ýeri bolan günorta künjeginde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Ýurdumyzyň baş şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, gurulýan desgalarda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesini utgaşdyrmak we paýtagtymyzyň durmuş düzümini kämilleşdirmäge degişli meseleler döwlet Baştutanymyzyň hemişelik üns merkezinde saklanylýar.