Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

27 Mart 2021
1779

Aşgabat, 26-njy mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň sazlaşykly ösüşine gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meseleler barada aýdyp, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenleriniň ýurdumyzyň şypahanalarynyň maliýe-hojalyk işleri hem-de bejeriş-sagaldyş kömegini almak üçin berilýän ýollamanamalarynyň bahalary boýunça bilelikde geçiren seljermeleriniň netijeleri barada hasabat berdi.