Durnukly ösüş üpjün edilýär

29 Mart 2021
840

Geçen hepdäniň anna güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň sazlaşykly ösüşine gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Milli Liderimiz degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňläp, halkymyzyň saglygy we abadançylygy baradaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň we beýleki giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde, paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda täze lukmançylyk edaralarynyň, şypahana-dynç alyş we syýahatçylyk ugurly binalaryň yzygiderli gurulýandygy bellenildi.

«Aşgabat».