Gender deňliginiň hukuk esaslary

29 Mart 2021
1614

Türkmenistan öz Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan başlap, aýallaryň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere deň hukukly gatnaşmagyna ýardam berýän işjeň gender syýasatyny alyp barýar. Türkmenistanda aýallaryň hal-ýagdaýy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, onuň halkara borçnamalaryna we Aýallaryň ýagdaýy boýunça IV Bütindünýä maslahatynyň (Pekin, 1995 ý.) tekliplerine laýyklykda, deň hukuklar we azatlyklar ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegini, erkekler we aýallar üçin deň mümkinçilikleriň döredilmegini maksat edinýän aýallar babatyndaky döwlet syýasatynyň umumy strategiýasy we ileri tutulýan ugurlary bilen kesgitlenilýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda gender deňliginiň üpjün edilmegini kepillendirýär. Esasy Kanunymyzyň 29-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanda erkekleriň we aýallaryň deň hukuklary we azatlyklary, şeýle hem olary durmuşa geçirmek üçin deň mümkinçilikleri bardyr. Deňhukuklylygyň jyns alamaty boýunça bozulmagy kanunda bellenilen jogapkärçilige eltýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy, adam hukuklary boýunça halkara konwensiýalarynyň we jarnamalarynyň, şol sanda aýallaryň hukuklary babatda esasy düzgünleri öz içine almak bilen, olaryň hukuklarynyň goldanylmagyna we geljekde hem ösdürilmegine gönükdirilen birnäçe goşmaça hukuklary berkidýär.

Arslan MÄMMETORAZOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.