Azyk bolçulygy — durmuş abadançylygy

28 Mart 2021
796

25-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda gurlan döwrebap ýyladyşhana toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu toplum Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan «Oguz ýol» hojalyk jemgyýeti tarapyndan guruldy. Şeýlelikde, onuň gurulmagy bilen ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň önümçilik düzüminiň üsti ýetirildi.

Şeýle hem şol gün döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan täze ýyladyşhanalaryň açylyşyna ak pata berdi.

«Mugallymlar gazeti».