"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Işi rowaç bolar alkyş alanyň

Öz öndürýän önümleri bilen ýurdumyzyň azyk bolçulygynyň pugtalanmagyna mynasyp goşant goşýan işewür adamlar, hojalyk jemgyýetleri Mary welaýatynda-da az däl. Şolaryň biri hem Baýramaly etrabynyň çäginde birnäçe ýyl mundan ozal gurlup, ulanmaga berlen, bu günki gün bolsa halkymyzyň ýumurtga we towuk etine bolan islegleriniň kanagatlandyrylmagyna mynasyp goşant goşýan, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ýaşyl ýaz» hojalyk jemgyýetiniň guşçulyk toplumydyr. Bir ýylda 8 million ýumurtgany we 1 müň tonna guş etini öndürmäge mümkinçiligi bolan bu toplumda işler döwrebap derejede alnyp barylýar. Ýumurtga berýän towuklaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak üçin döredilen mümkinçilikleriň ählisinden netijeli peýdalanylýar. Bugdaý ýarmasy, mekgejöwen, soýa ýaly iýmleriň ýokumlylygyny has ýokarlandyrmak üçin olaryň düzümini baýlaşdyrýan witaminler ulanylýar. Bu ýerde her aýda ortaça bir million ýumurtganyň öndürilmegi aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr. Et üçin ösdürilip ýetişdirilýän towuklar baradaky aladalar hem birjik-de ünsden düşürilenok. Kadaly iýmitlendirilmegi we olara gowy garaşyk edilmegi üçin döredilen şertler guş etiniň ýokary hilli hem-de köp mukdarda öndürilmegini üpjün edýär. Işewür adamlaryň işleriniň ilerlemegi üçin döwlet tarapyndan kömek berilmegini yzygiderli ýola goýýan Arkadagly Serdarymyza hususyýetçileriň hoşallyklarynyň çägi ýok.

Bagy-bossanlyk — deňsiz-taýsyz baýlyk

Ata-babalarymyz ene ýere yhlas siňdirip, ondan bereketli hasyl alypdyrlar. Ekerançylygyň inçe syrlaryny özleşdirip, miweli baglaryň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdiripdirler. Bu günki gün hem pederlerimiziň daýhançylyk däpleri üstünlikli dowam etdirilýär. Ýurdumyz bagy-bossanlyga bürenýär. Şol bossanlygy döretmekde türkmen işewürleri, hususy kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleri aýratyn yhlaslylyk görkezýärler. Olar döwlet tarapyndan bölünip berlen meýdanlarda miweli baglary ýetişdirýärler. «Merkez» hojalyk jemgyýeti-de şolaryň biridir. Golaýda bu hojalyk jemgyýetini esaslandyryjy Rejep Annageldiýew bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi: — Daýhançylyk yhlasly, irginsiz zähmeti talap edýär. Her kim daýhan bolup bilenok. Hakyky daýhan gözi düşenden ýeriň ýagdaýyny bilýär. Gurpsuz bolsa, ony gurplandyrmagyň aladasyny edýär. Şol ýere ýerli döküni köpräk berýär. Hojalygynda ekin dolanyşygyny ýola goýýar. Bu usul öňden bäri ulanylyp gelinýär. Özüm daýhançylygyň inçe syrlaryny kakamdan öwrendim. Ol ömrüni ekerançylyga bagyşlady. Daýhanlar onuň ýanyna ýygy-ýygjam gelip, maslahatyny alardylar.

Hususyýetçiligiň kanunçylyk binýady

Döwletimiziň ykdysadyýetiniň kuwwatyny artdyrmakda, ilatyň durmuş hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmakda, uzak möhletleýin döwlet maksatnamalarynyň rowaçlygyny gazanmakda hususy pudagyň orny uludyr. Türkmen işewürleriniň ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda alyp barýan döredijilikli, netijeli işleri muňa aýdyň subutnamadyr. Munuň özi hususyýetçiligiň köpugurly ösüşi gazanmaga, önümçiligi netijeli dolandyrmaga ukyplydygynyň tassyknamasydyr. Şeýle hakykatlardan ugur alnyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň telekeçiligi ösdürmekdäki düýpli tutumlary täze taryhy eýýamda Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Ýurdumyzda hususy pudak berk kanunçylyk resminamalaryna daýanýar. Esasy Kanunymyzda eýeçiligiň eldegrilmesizligi, döwletiň eýeçiligiň ähli görnüşiniň deň goragyny kepillendirýändigi, olaryň ösmegi üçin deň şertleri döredýändigi aýratyn bellenilip geçilýär. Şeýle-de Esasy Kanunymyzda ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýandygy, döwletiň telekeçiligi höweslendirýändigi, goldaýandygy, kiçi we orta telekeçiligiň ösmegine ýardam edýändigi nygtalýar. Şunuň ýaly konstitusion ýörelgelere laýyklykda kabul edilen «Erkin ykdysady zolaklar hakynda», «Kärende hakynda», «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda», «Telekeçilik işi hakynda», «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kan

Tebigy tagamly milli önümler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Owadan ülke» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleriniň ter miwelerden, gök-bakja ekinlerinden taýýarlaýan önümleri hil derejesiniň ýokarylygy we tebigy tagamy bilen tapawutlanýar. Welaýatymyzyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän «Owadan ülke» hojalyk jemgyýeti ýurdumyzyň hususy pudagynda ilkinji bolup maýonez öndürip başlady. Soňra önümçiligini giňeldip, konserwirlenen milli önümleri taýýarlamak işlerini ýola goýdy. Hojalyk jemgyýetiniň ýurdumyzyň söwda dükanlarynyň tekjelerini bezeýän «Nur», «Mylaýym», «Hazyna» haryt nyşanly önümleri müşderilere öňden tanyş bolsa gerek. Telekeçiler ýakynda «Esmo» haryt nyşanly täze önümi hem satuwa goýberdiler. Şeýle haryt nyşanly maýonezdir üwmeçleriň gaýtalanmajak üýtgeşik tagamy bar. Dürli ýaglylykdaky maýonezler, üwmeçler, duzlanan we marinada ýatyrylan gök-bakja önümleri, mürepbedir jemler, ösümlikli spred ýagynyň dürli görnüşleri, gaýtadan işlenen pagta ýagy, kakaoly we hozly desert goýaltmasy ýaly azyk önümleriniň müşderisi ýeterlik.

«Doganlar ýyldyzy » — toý saçaklarynyň bezegi

Ýurdumyzda halkyň bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda edilýän aladalar bu günki gün öz miwesini berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyz agzybir, parahat we bolelin durmuşda ýaşaýar. Bu ugurda içerki we daşarky bazarlarda ýokary hilli önümleri öndürýän türkmen telekeçileriniň aýratyn orny bardyr. Şolaryň arasynda hem gysga wagtyň içinde özüniň konditer önümleri bilen halkymyzyň isleglerini kanagatlandyrmagy başaran «Doganlar ýyldyzy» hususy kärhanasynyň bardyg­yny bellemelidiris. Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Çary Sähedowyň esaslandyran «Doganlar ýyldyzy» hususy kärhanasy eýýäm birnäçe ýyl bäri ilatymyzy dürli hili konditer we şokolad önümleri bilen üpjün edip gelýär. Şonuň ýaly-da, bu hususy kärhanada «Doganlar ýyldyzy» haryt nyşany bilen dürli gaplarda assorti şokoladlar, gaplanan, içi huruşly, huruşsyz süýjüler we başga-da şokoladlaryň 45 görnüşi öndürilýär. Olar ISO we «Halal» halkara ülňülerine doly laýyk gelýär.

«Noş» bolsun!

Tomsuň bereketli günleri azyk senagatynda iş alyp barýan hususy telekeçiler üçin gyzgalaňly zähmetiň gaýnap joşýan jogapkärli döwri. Hormatly Prezidentimiziň kiçi we orta telekeçiligi goldamak ugrunda durmuşa geçirýän giň gerimli işlerinden güýç alyp, milli ykdysadyýetimiziň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşýan hususy düzümleriň sany gün­saýyn artýar. Şeýle kärhanalaryň biri-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Parasatly zaman» hususy kärhanasydyr. Telekeçi Rüstem Allanazarow tarapyndan esaslandyrylan kärhanada öndürilýän «Noş» haryt nyşanly önümler halkymyza 2012-nji ýyldan bäri hödürlenilip gelinýär. 11 ýyl mundan ozal döredilen «Noş» haryt nyşanly önümleriň görnüşleri ýylsaýyn artýar. Kärhananyň ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa önümleri turuwbaşdan diňe bir içerki bazarlarda alyjylaryň kalbynda orun almak bilen çäklenmän, eýsem halkara sergi-ýarmarkalarda-da baýrakdyr sylaglara mynasyp bolup gelýär. Russiýa Federasiýasynda, Ýewropanyň we Aziýanyň birnäçe ýurtlarynda guralan halkara sergi-ýarmarkalarda «Noş» haryt nyşanly önümler altyn medallar we hil derejesiniň ýokarydygyny tassyklaýan diplomlar bilen ençeme gezek sylaglanyldy.

Gözel ymaratlar gurulýar

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň dürli künjeginde gurulýan binalaryň sany yzygiderli artýar. Bu asylly işe türkmen işewürleri-de mynasyp goşant goşýarlar. Olar Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem gün-günden gülläp ösýän Diýarymyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde, şäherçeleridir oba-kentlerinde medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşyklaryny ýokary depginler bilen alyp barýarlar. «Kerwenli dowamat» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary paýtagtymyzyň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda täze binany ulanyşa berdiler. 9 gatly, 54 öýli ýaşaýyş jaýy gapylaryny giňden açdy. Otaglaryň açaryny alan ýaşaýjylar ýagşy niýetler bilen bosagadan ätläp, toý saçagyny giňden ýazdylar. Otaglarda ähli amatlyklar döredilen. Bu ýaşaýyş jaýy şäheriň binagärlik keşbine özboluşly gözellik berýär. Onuň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryldy. Toplumyň çägindäki orta mekdepler, çagalar baglary, dynç alyş zolaklary, söwda nokatlary, bazar ýaşaýjylaryň hyzmatynda. Ulag-aragatnaşyk hyzmatlary-da kadaly ýola goýlan.

Tä­ze önüm­le­riň ta­ga­my­ny «Ýat­da sak­la» oý­ny oý­nal­dy

«Tä­ze Aý» ha­ryt ny­şan­ly konditer we beýleki önüm­le­ri ön­dür­ýän hu­su­sy kär­ha­na­sy­nyň et we şöh­lat önüm­le­ri­ni ön­dü­ri­ji­le­ri ta­ra­pyn­dan gu­ra­lan ta­gam da­dyp gör­mek çä­re­si Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Ma­ry, Sa­kar­çä­ge, Baý­ra­ma­ly şä­her­le­ri­niň ýa­şaý­jy­la­ryn­da uly tä­sir gal­dyr­dy. Da­dyp gör­len tä­ze ta­gam­la­ryň ady­ny ýat­da sak­lap, göz­le­ri da­ňyl­gy ýag­daý­da ola­ry tä­ze­den da­dyp, ady­ny dog­ry bi­len­le­re kär­ha­na ta­ra­pyn­dan sow­gat­lar gow­şu­ryl­dy.

«Ak gar» hu­su­sy kär­ha­na­sy önümleriniň görnüşlerini artdyrýar

Ber­ka­rar döw­le­ti­ň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­le­re hu­su­sy pu­da­gyň we­kil­le­ri hem my­na­syp go­şant goş­ýar­lar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň te­le­ke­çi­li­gi gol­da­mak ba­bat­da dö­red­ýän şert-müm­kin­çi­lik­le­ri­niň sa­ýa­syn­da önüm­çi­li­gi­niň ge­ri­mi­ni bar­ha gi­ňeld­ýän «Ak gar» hu­su­sy kär­ha­na­sy öz işin­de tä­ze­çil çe­me­leş­me­ler­den we döw­re­bap ýö­rel­ge­ler­den ugur al­ýar. 2011-nji ýyl­da esas­lan­dy­ry­lan kär­ha­na gys­ga wag­tyň için­de meş­hur ha­ryt ny­şa­ny­na öw­rül­di. Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ak bug­daý et­ra­by­nyň Tä­ze dur­muş oba­sy­nyň go­la­ýyn­da­ky Se­na­gat zo­la­gyn­da ýer­leş­ýän önüm­çi­lik kär­ha­na­sy Ýew­ro­pa­nyň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň döw­re­bap en­jam­la­ry bi­len en­jam­laş­dy­ryl­dy. Ýyl­lyk önüm­çi­lik kuw­wa­ty 4200 ton­na­dan geç­ýän kär­ha­na­da ýer­li çig mal esa­syn­da dür­li gör­nüş­li gant we süý­ji önüm­le­ri ön­dü­ril­ýär. Ga­ty ka­ra­mel, çeý­nel­ýän hu­ruş­ly süý­jü­ler, kon­di­ter önüm­çi­li­gin­de ula­nyl­ýan ha­myr ga­bart­ma­sy, şe­ker, ka­kao toz­la­ry, şe­ker­li wa­ni­lin we beý­le­ki­ler «Ak gar» hu­su­sy kär­ha­na­sy­nyň is­leg­li ha­ryt­la­ry­dyr. Ýa­kyn­da hu­su­sy kär­ha­na­nyň önüm­le­ri­ne ISO 9001 hil üp­jün­çi­li­gi we ISO 22000 azyk howp­suz­ly­gy şa­ha­dat­na­ma­la­ry­nyň be­ril­me­gi bol­sa ola­ryň hil de­re­je­si­niň ýo­ka­ry­dy­

Milli önümlere dünýäde gyzyklanma artýar

Ministrler Kabinetiniň 14-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň telekeçilik ulgamynyň şu ýylyň alty aýynda gazanylan ösüşleri barada aýratyn durlup geçildi. Hasabat döwründe Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 133,3 göterime deň bolsa, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümleriniň önümçiliginiň ösüşi şu ýylyň alty aýynda 110,3 göterime, senagat önümçiliginde 109,6 göterime barabar boldy. Bu görkezijiler hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, netijeli işleri alyp barýan, ýurdumyzyň «altyn gaznasyna» deňelýän telekeçileriňdir işewürleriň işleriniň ileridiginden habar berýär. Biz munuň şeýledigine şu günlerdäki wakalara şaýat bolanymyzda hem aýdyň göz ýetirýäris. 12 — 14-nji iýulda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen «Food Istanbul Expo — 2023» atly azyk önümleriniň halkara sergi-ýarmarkasyna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň hem 16-sy gatnaşdy. Şolaryň hatarynda miwe içgilerini taýýarlamakda, konditer ýaly köpugurly azyk önümçiliginde meşhurlyk gazanan «Parahat», «Täze Aý», alkogolsyz gazlandyrylan içgileri bilen tanalýan «Arçalyk» we «Tükel», miwe suwlaryny öndürýän «Sada», konditer we süýji önümleri bilen adygan «Misgär», «Altyn Ýunus», «Kindi», «Mekan», «Ak Gar», «Mähriban-Merw», «Tamada», «Balam», «Balş

Telekeçilik ösüş ýolunda

Ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda gazanylýan üstünliklerde, eýelenýän belent sepgitlerde ýurdumyzyň hususy işewürleriniň mynasyp ornunyň bardygyny bellemek buýsançlydyr. Telekeçilik ulgamynyň ösdürilmegi bazarlarymyzda haryt bolçulygyny döretmegiň we ilata edilýän hyzmatlary kämilleşdirmegiň kepili bolup, ýurdumyzda öndürilýän önümleri dünýä bazarlaryna çykarmagyň möhüm serişdesidir. Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde alnyp barylýan işleriň we hususy önüm öndürijilere berilýän goldawyň netijesinde telekeçilik ulgamynyň ösmegine giň mümkinçilik açylýar. Telekeçiler ulgamyň gerimini giňeltmekde döredilýän şert-mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýarlar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň hususyýetçileri ykdy-

«Food Istanbul Expo 2023» halkara sergi-ýarmarkasy geçirildi

«Päk zähmetiň zamanasy» atly döredijilik bäsleşigine Diýarymyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň netijesinde türkmen telekeçileriniň eksport mümkinçilikleri barha artýar. Hususy işewürleriň daşary ýurtlarda geçirilýän halkara sergilere, ýarmarkalara we forumlara yzygiderli gatnaşyp, öndürýän ekologiýa taýdan arassa önümlerini we ýerine ýetirýän ýokary hilli hyzmatlaryny tanyşdyrmaklary milli haryt nyşanly önümlerimiziň dünýä bazarlarynda meşhurlygynyň artmagyny şertlendirýär.

ÝAŞLAR TELEKEÇILIGI: INNOWASION YKDYSADY ÖSÜŞLERE BADALGA

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda hemişe üns merkezinde saklaýar. Zehinli ýaşlar, ýaş maşgalalar, ýaş alymlar, ýaş hünärmenler we ýaş telekeçiler döwletimiz tarapyndan aýratyn goldaw bilen gurşalýar. Ýurdumyzyň täze taryhy döwründe amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmelere täzeçillik, döwrebaplyk we innowasion häsiýetli ösüş depgini mahsusdyr. Şu jähetden hem, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiz we senagat pudagy ösüşiň täze basgançagyna — innowasion ösüş tapgyryna gadam basdy. Netijede, ýurdumyzyň çäginde bazar gatnaşyklarynda bäsdeşlige ukyply ýagdaý emele geldi, telekeçilik işjeňligi ýüze çykdy, işewürligi guramagyň hem-de önümçiligi ýola goýmagyň häzirki zaman usullary kemala geldi. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürlen we üstünlikli durmuşa geçirilýän ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmagyň strategiýasy ähli pudaklara iň täze tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy dolandyryş usullaryny ornaşdyrmaga, bazar gatnaşyklaryna tapgyrma-tapgyr geçmäge, hususy telekeçiligi giňden goldamaga esaslanýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylly bolmadyk pudagyna goldaw bermek baradaky paýhasly syýasatyň durmuşa geçirilmegi bilen, hususy telekeçiligiň ösdürilmegi, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan, ähl

Bina gurup adyganlar

Ahal ýaýlasynda kemala gelen Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň gurluşyklary üstünlikli tamamlandy. Döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän, sebitde deň-taýy bolmadyk «akylly» şäheriň açylyş dabarasy hem ýokary guramaçylykda geçirildi. Mälim bolşy ýaly, şäheriň birinji tapgyrynda türkmen gurluşykçylarynyň gujur-gaýraty, yhlasly zähmeti bilen dürli maksatly döwrebap desgalaryň 336-sy bina edildi. Täze binalaryň aglabasy ähli amatlyklary bolan häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarydyr. Ak şäherde gurlan 5, 7, 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň hatary uzap gidýär. Olary buýsanç bilen synlanyňda, Arkadagly Serdarymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmek dabarasyndaky taryhy çykyşynda aýdan sözleri biygtyýar ýadyňa düşýär: «Her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek meniň esasy aladalarymyň biri bolar». Ynha, bu sözleriň hakykat ýüzünde dabaralanýandygynyň nobatdaky subutnamasy! Täze şäherde gurlan zamanabap jaýlardan nesibeli bagtyýar ildeşlerimiziň müňlerçesi bu ýerde jaý toýlaryny toýladylar. Aslynda, öý-ojak edinmek, jaýly bolmak ilkinji zerurlyklaryň biri. Döwrebap ýaşaýyş jaýlary halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň has-da gowulanmagyna şert döredýär. Bu döwletli işlerde ýurdumyzyň hususy pudagynda zähmet çekýän telekeçi-gurluşykçylaryň hem mynasyp goşandy bar. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Döwlet gurl

Türkmen telekeçileri Stambuldaky halkara foruma gatnaşýar

Şu gün — 12-nji iýulda Türkiýäniň Stambul şäherinde «F Istanbul» atly azyk önümleriniň halkara sergi-ýarmarkasy işe başlady. Oňa dünýäniň 100-e golaý döwletine wekilçilik edýän 1000-den gowrak önüm öndürijiler bilen birlikde, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň 14-si gatnaşýar. Halkara sergi-ýarmarkasy bäş bölümden, ýagny azyk harytlary we içgiler bölümi, konditer önümleriniň, maňyzlaryň we gury iýmişleriň bölümi, köke we şokolad bölümi, azyk senagatynyň goşundylarynyň we gaplarynyň bölümi, söwda enjamlarynyň we dükanlaryň bezegi bölüminden ybaratdyr.

Baglary bol miweli

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Halmämmet Amanmämmedow Balkanabat şäheriniň çägindäki Düzmergen diýen ýerde 99 ýyl möhlet bilen alan ýer böleginde dürli görnüşli miweli baglary ösdürip ýetişdirýär. Bu ýerde ösüp oturan alma, erik, armyt, şetdaly, garaly, beýi ýaly baglaryň ir, aralyk we giç ýetişýän görnüşleri bar. Şonuň üçin miweleri ýygnap almak güýz paslynyň ilkinji aýynyň ahyryna çenli dowam edýär.

Uly islegli süýt önümleri

Daşoguz şäherindäki açyk görnüşli «Şabat» hususy kärhanasynda aýranyň düzümi has baýlaşdyrylan görnüşi öndürilip başlandy. Welaýatyň azyk önümçiliginde mynasyp orun eýeleýän bu kärhanada häzirki zamanyň ösen isleglerine laýyk gelýän süýt önümleriniň 20-den gowrak görnüşi taýýarlanylýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň alty aýynda bu ýerde jemi 3 million manatlykdan gowrak dürli görnüşli önümler çykarylyp, munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgininiň ýokarydygyny görkezýär. Şanly ýylymyzyň her bir aýynda kärhana boýunça 500 müň manatlykdan gowrak süýt önümleri öndürilýär. Bazar gatnaşyklary şertlerinde hususylaşdyrylyp, açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwrülmegi bilen kärhananyň önümçilik ulgamlary düýpli täzelendi hem-de häzirki zamanyň ýokary isleglerine laýyk gelýän kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyryldy. Şunda öndürilýän önümleriň hil we bezeg derejesine hem aýratyn üns berilýär. Netijede, owadan bezegli, göze gelüwli gaplara gaplanan mesge ýagy, dorag, gatyk, gaýmak, aýran ýaly süýt önümleri ýöriteleşdirilen söwda nokatlarynyň üsti bilen sarp edijilere satylyp, bu önümlere isleg barha artýar.

Datly miweleriň bagbany

Türkmen topragy berekedi bolluk bilen eçilýär. Günüň ýiti şöhlesine bişip ýetişýän miweleriň, ir-iýmişleriň, gök-bakja ekinleriniň tagamy başgadyr. Keseniňde tarsyldap ses edýän gawundyr garpyzlary, lowurdap duran üzümdir almalary dadyp görenler olaryň süýji tagamyna haýran galýarlar. Türkmen şeýle baldan süýji miweleri, bakja önümlerini ösdürip ýetişdirýän, bu babatda baý tejribe toplan halk. Ekologik taýdan arassa, ýokary hilli önümlerimiz tutuş dünýäde-de giňden bellidir. Bu gün türkmen topragynyň dag-düzleri ýylsaýyn gözelleşýär, ýurdumyz bagy-bossanlyga bürenýär. Şol ýaşyl bossanlygy döretmäge türkmen telekeçileri hem öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şolaryň biri-de Ahmet Jumabaýewdir. Ýeterlik iş tejribesi bolan bu telekeçiniň Bäherden etrabynyň Magtymguly we Şaja Batyrow adyndaky daýhan birleşikleriniň çäginde 500 gektar meýdanda miweli bagy bar. Şonuň 300 gektara golaýynda bol miwe hasyly ýetişdi.

Ylmyň hem yhlasyň sazlaşygy

Dag etegindäki aňrysyna-bärisine göz ýetmeýän giň meýdana ekilip, gök öwsüp oturan miweli baglar gözüňi dokundyrýar. Şol baglardan hasyl almak üçin siňdirilýän yhlasy we peýdalanylýan tehnologiýalary göreniňde buýsanjyň artýar. 2021-nji ýylyň ýazynda Gahryman Arkadagymyz Ahal welaýatyna amala aşyran iş saparlarynyň birinde Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän «Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işi, hususan-da, bu ýerdäki inžener-tehniki düzümler bilen tanşyp, ýer-suw serişdelerini aýawly peýdalanmak boýunça öwüt-ündewlerini beripdi. Şondan iki ýyl çemesi wagt geçensoň, bize-de halkymyzyň Milli Lideriniň sahawatly gadamynyň düşen ýerlerinde saparda bolup, keremli topragymyzyň rysgal-berekedine guwanmak miýesser etdi. Ata-babalarymyzdan galan «Agzybire Taňry biýr» diýen pähim bar. «Gök bulut», «Hemsaýa», «Miweli atyz», «Datly miwe» hojalyk jemgyýetleriniň güýçlerini birikdirip döreden «Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işleri hem peder paýhasyndaky hakykaty nobatdaky gezek tassyklaýar. 2019-njy ýylyň ýazynda 1 müň 200 gektar meýdany özleşdirmäge girişen hususyýetçi daýhanlar geçen ýyl bereketli toprakda ösdürip ýetişdiren badam, pisse, alma, armyt, hurma, garaly, şetdaly ýaly miweli baglaryndan ilkinji hasyly ýygnadylar. «Hemsaýa» hojalyk jemgyýetine degişli ýer böleginde gurlan 5 gektar meýdany eýeleýän döwrebap ýyladyşhana toplumyndaky banandyr sitrus önüml

Hem is­leg­li, hem el­ýe­ter

Bu gün­ki gün «Türk­men şöh­le» hu­su­sy kär­ha­na­sy­nyň ulan­mak üçin amat­ly ha­ryt ha­sap­la­nyl­ýan plas­tik önüm­le­ri adamlaryň is­leg bil­dir­ýän harytlarynyň birine öw­rül­di. Ýer­li ba­za­ra il­kin­ji ge­zek plas­tik bed­re­le­ri bi­len çy­kan kär­ha­na önüm­çi­lik kuw­wa­ty­ny has-da art­dyr­ýar. Kär­ha­na her aý ýer­li çig ma­lyň 300 ton­na­dan gow­ra­gy­ny gaý­ta­dan iş­le­mek bi­len, ýo­ka­ry hil­li plas­mas­sa önüm­le­ri­niň 200-den gow­rak gör­nüşi­ni aly­jy­la­ra hö­dür­le­ýär. «Türk­men şöh­le» hususy kär­ha­na­sy müş­de­ri­le­re dür­li mak­sat­la­r üçin niýetlenilen ýo­ka­ry hil­li ho­ja­lyk ha­ryt­la­ry­ny lo­maý sa­tyn al­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­red­ýär. Kär­ha­na­da ön­dü­ril­ýän ýo­ka­ry hil­li plas­tik we po­li­eti­len önüm­le­ri da­şa­ry ba­zar­lar­da hem bäs­deş­li­ge ukyp­ly harytlar ha­sap­lan­ýar. Ho­ja­lyk ha­ryt­la­ry­nyň önüm­çi­li­gi bi­len bir­lik­de, bu ýer­de otur­gyç­lar­yň, stol­la­ryň, dür­li gör­nüş­li se­bet­le­riň, su­wa we zir-zi­bil­le­re ni­ýet­le­nen bed­re­le­riň, me­ji­me­le­riň­dir le­gen­le­riň, çö­rek tag­ta­la­ry­nyň we gap­la­ry­nyň, gül­dan­la­ryň, süz­güç­le­riň, sa­byn gap­la­ry­nyň, çe­ker­le­riň, as­gyç­la­ryň, da­rak­la­ryň, şeý­le hem ça­ga oý­na­waç­la­r­ynyň, egin-eşik sal­mak üçin ni­ýet­le­nilen gö­ze­nek­li gap­la­ryň dür­li gör­nüş­le­ri ön­dü­ril­ýär. Önüm­çi­lik­de ho­ja­lyk­da ula­nyl­ýan ha­ryt­la­ryň di­ňe b