ÝAŞLAR TELEKEÇILIGI: INNOWASION YKDYSADY ÖSÜŞLERE BADALGA

15 Iýul 2023
1613

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda hemişe üns merkezinde saklaýar. Zehinli ýaşlar, ýaş maşgalalar, ýaş alymlar, ýaş hünärmenler we ýaş telekeçiler döwletimiz tarapyndan aýratyn goldaw bilen gurşalýar.

Ýurdumyzyň täze taryhy döwründe amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmelere täzeçillik, döwrebaplyk we innowasion häsiýetli ösüş depgini mahsusdyr. Şu jähetden hem, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiz we senagat pudagy ösüşiň täze basgançagyna — innowasion ösüş tapgyryna gadam basdy. Netijede, ýurdumyzyň çäginde bazar gatnaşyklarynda bäsdeşlige ukyply ýagdaý emele geldi, telekeçilik işjeňligi ýüze çykdy, işewürligi guramagyň hem-de önümçiligi ýola goýmagyň häzirki zaman usullary kemala geldi. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürlen we üstünlikli durmuşa geçirilýän ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmagyň strategiýasy ähli pudaklara iň täze tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy dolandyryş usullaryny ornaşdyrmaga, bazar gatnaşyklaryna tapgyrma-tapgyr geçmäge, hususy telekeçiligi giňden goldamaga esaslanýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylly bolmadyk pudagyna goldaw bermek baradaky paýhasly syýasatyň durmuşa geçirilmegi bilen, hususy telekeçiligiň ösdürilmegi, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan, ähli görkezijiler babatynda ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýän we eksporta niýetlenen täzeçil usuldaky önümçilik işiniň kämilleşdirilmegi üçin hem giň mümkinçilikler döredilýär.

Setdar SETDAROW
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy.