Hem is­leg­li, hem el­ýe­ter

10 Iýul 2023
1439

Bu gün­ki gün «Türk­men şöh­le» hu­su­sy kär­ha­na­sy­nyň ulan­mak üçin amat­ly ha­ryt ha­sap­la­nyl­ýan plas­tik önüm­le­ri adamlaryň is­leg bil­dir­ýän harytlarynyň birine öw­rül­di. Ýer­li ba­za­ra il­kin­ji ge­zek plas­tik bed­re­le­ri bi­len çy­kan kär­ha­na önüm­çi­lik kuw­wa­ty­ny has-da art­dyr­ýar. Kär­ha­na her aý ýer­li çig ma­lyň 300 ton­na­dan gow­ra­gy­ny gaý­ta­dan iş­le­mek bi­len, ýo­ka­ry hil­li plas­mas­sa önüm­le­ri­niň 200-den gow­rak gör­nüşi­ni aly­jy­la­ra hö­dür­le­ýär.

«Türk­men şöh­le» hususy kär­ha­na­sy müş­de­ri­le­re dür­li mak­sat­la­r üçin niýetlenilen ýo­ka­ry hil­li ho­ja­lyk ha­ryt­la­ry­ny lo­maý sa­tyn al­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­red­ýär. Kär­ha­na­da ön­dü­ril­ýän ýo­ka­ry hil­li plas­tik we po­li­eti­len önüm­le­ri da­şa­ry ba­zar­lar­da hem bäs­deş­li­ge ukyp­ly harytlar ha­sap­lan­ýar. Ho­ja­lyk ha­ryt­la­ry­nyň önüm­çi­li­gi bi­len bir­lik­de, bu ýer­de otur­gyç­lar­yň, stol­la­ryň, dür­li gör­nüş­li se­bet­le­riň, su­wa we zir-zi­bil­le­re ni­ýet­le­nen bed­re­le­riň, me­ji­me­le­riň­dir le­gen­le­riň, çö­rek tag­ta­la­ry­nyň we gap­la­ry­nyň, gül­dan­la­ryň, süz­güç­le­riň, sa­byn gap­la­ry­nyň, çe­ker­le­riň, as­gyç­la­ryň, da­rak­la­ryň, şeý­le hem ça­ga oý­na­waç­la­r­ynyň, egin-eşik sal­mak üçin ni­ýet­le­nilen gö­ze­nek­li gap­la­ryň dür­li gör­nüş­le­ri ön­dü­ril­ýär. Önüm­çi­lik­de ho­ja­lyk­da ula­nyl­ýan ha­ryt­la­ryň di­ňe bir berk­li­gi­ne däl, daş­ky be­ze­gi­ne hem uly äh­mi­ýet be­ril­ýär.

Sahypany taýýarlan: Sadap MUHAMOWA, «Biznes reklama».
Suratlary düşüren: Maksat GYLYJOW, «Biznes reklama».