Bina gurup adyganlar

14 Iýul 2023
1928

Ahal ýaýlasynda kemala gelen Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň gurluşyklary üstünlikli tamamlandy. Döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän, sebitde deň-taýy bolmadyk «akylly» şäheriň açylyş dabarasy hem ýokary guramaçylykda geçirildi. Mälim bolşy ýaly, şäheriň birinji tapgyrynda türkmen gurluşykçylarynyň gujur-gaýraty, yhlasly zähmeti bilen dürli maksatly döwrebap desgalaryň 336-sy bina edildi.

Täze binalaryň aglabasy ähli amatlyklary bolan häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarydyr. Ak şäherde gurlan 5, 7, 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň hatary uzap gidýär. Olary buýsanç bilen synlanyňda, Arkadagly Serdarymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmek dabarasyndaky taryhy çykyşynda aýdan sözleri biygtyýar ýadyňa düşýär: «Her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek meniň esasy aladalarymyň biri bolar». Ynha, bu sözleriň hakykat ýüzünde dabaralanýandygynyň nobatdaky subutnamasy! Täze şäherde gurlan zamanabap jaýlardan nesibeli bagtyýar ildeşlerimiziň müňlerçesi bu ýerde jaý toýlaryny toýladylar. Aslynda, öý-ojak edinmek, jaýly bolmak ilkinji zerurlyklaryň biri. Döwrebap ýaşaýyş jaýlary halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň has-da gowulanmagyna şert döredýär. Bu döwletli işlerde ýurdumyzyň hususy pudagynda zähmet çekýän telekeçi-gurluşykçylaryň hem mynasyp goşandy bar. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Döwlet gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň işçi-hünärmenleriniň amal edýän düýpli gurluşyklarynyň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar.

Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan».