Tomsuň bereketli günleri azyk senagatynda iş alyp barýan hususy telekeçiler üçin gyzgalaňly zähmetiň gaýnap joşýan jogapkärli döwri. Hormatly Prezidentimiziň kiçi we orta telekeçiligi goldamak ugrunda durmuşa geçirýän giň gerimli işlerinden güýç alyp, milli ykdysadyýetimiziň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşýan hususy düzümleriň sany günsaýyn artýar. Şeýle kärhanalaryň biri-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Parasatly zaman» hususy kärhanasydyr. Telekeçi Rüstem Allanazarow tarapyndan esaslandyrylan kärhanada öndürilýän «Noş» haryt nyşanly önümler halkymyza 2012-nji ýyldan bäri hödürlenilip gelinýär.
11 ýyl mundan ozal döredilen «Noş» haryt nyşanly önümleriň görnüşleri ýylsaýyn artýar. Kärhananyň ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa önümleri turuwbaşdan diňe bir içerki bazarlarda alyjylaryň kalbynda orun almak bilen çäklenmän, eýsem halkara sergi-ýarmarkalarda-da baýrakdyr sylaglara mynasyp bolup gelýär. Russiýa Federasiýasynda, Ýewropanyň we Aziýanyň birnäçe ýurtlarynda guralan halkara sergi-ýarmarkalarda «Noş» haryt nyşanly önümler altyn medallar we hil derejesiniň ýokarydygyny tassyklaýan diplomlar bilen ençeme gezek sylaglanyldy.