"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Milli Liderimiziň alyp barýan “Açyk gapylar” syýasatyna eýerip

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk AŞGABAT, 16-njy aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň wekilleri Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň onlaýn görnüşde geçirilen 52-nji mejlisine gatnaşdy.

Bi­ta­rap­ly­gyň sü­tün­le­ri

Adamlaryň köpçüligini dürli-dürli atlandyrýarlar. Märeke, üýşmeleň, topar, mähelle, taýpa, millet, halk... Şular ýaly adalgalar sosiologiýada, psihologiýada we taryh ylmynda ýygy-ýygydan duşýar. Adamlaryň köpçüligi jemgyýetiň düzümini düzýär. Şol düzümiň sanyna, maksadyna, medeniýetine seredip, olary dürli toparlara bölmek mümkin. Adamlar köpçüliginiň içinde taýpa, halk, millet bölünişigi özüniň gelip çykyşy boýunça döwlet, jemgyýet bolmakdaky wajyp orny bilen tapawutlanýar. «Adamlaryň umumylygynyň taryhy kökleri» atly kitapda taýpanyň halka, halkyň millete öwrülmek hadysasy hakynda gürrüň berilýär. Bularyň bir-birine öwrülmek hadysasynyň umumy dil arkaly amala aşýandygy nygtalýar. Diýmek, adamlar köpçüliginiň soňky ösüş «millet» hökmünde kesgitlenmek bilen, ol dört alamat babatda: ykdysady durmuşynyň umumylygy taýdan;

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara maslahatda eden çykyşy

(Aşgabat, 2021-nji ýylyň 15-nji apreli) Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Dünýäde parahatçylygyň berkarar bolmagynyň bähbidine

Düýn paýtagtymyzda dabaraly ýagdaýda ulanmaga berlen Türkmenistanyň Maslahatlar merkezinde mertebesi belent Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy» atly halkara maslahatyň dabaraly mejlisi geçirildi. Halkara forum dabaraly ýagdaýda açyk diýip yglan edilýär. Milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip hem-de hemmeleri täze Maslahatlar merkeziniň binasynda gutlap, bu ajaýyp binanyň halkara durmuşynyň möhüm meselelerini dürli görnüşdäki duşuşyklarda ara alyp maslahatlaşmak, şol meseleler boýunça hoşniýetli erk-isleg, jogapkärçilik hem-de döredijilikli hyzmatdaşlyk esasynda bilelikdäki oňyn çemeleşmeleri işläp taýýarlamak üçin myhmansöýer künjek hem-de amatly meýdança boljakdygyny belledi. Mähriban Arkadagymyz syýasy-hukuk guraly hökmünde Bitaraplyk syýasatynyň häzirki wagtda Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmekde, ählumumy wehimlere – halkara terrorçylygyna, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna netijeli garşy durmakda tagallalary birleşdirmek üçin uly ähmiýete eýedigine ynam bildirdi. (Arkadag Prezidentimiziň çykyşy gazetimiziň şu sanynda dolulygyna çap edilýär). Biz forumyň netijelerine, edilen çykyşlaryň derejesine, maslahata gatnaşyjylaryň taýýarlygyna ýokary baha berýäris we gatnaşyklary, bilelikdäki işi dowam etdirmäge taýýa

Baky bagtyýarlygyň şuglasy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi dünýä ýaýylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýä ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklarymyz has-da ösdürilýär. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde dünýä döwletleri bilen ykdysady, medeni, ylym-bilim, energetika ýaly ugurlarda gatnaşyklar ýola goýulýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkymyzyň müňlerçe ýyl bäri dowam edip gelýän agzybirlik, parahatçylyk we ynanyşmak ýaly ynsanperwer häsiýetlerini, hemişe dost-doganlyk ýörelgelerine ygrarly bolan syýasaty alyp barýandygyny ýene-de bir gezek dünýä ýaýýar. Ýurdumyz dünýä döwletleri bilen diplomatik, iki tarapa hem bähbitli ykdysady gatnaşyklary ýola goýdy. Dünýä döwletleri bilen ynanyşmak arkaly dostlukly gatnaşyklara ygrarly bolmagy ýurdumyzyň daşary hem-de içeri syýasatynda durmuşa geçirilýän dünýä nusgalyk beýik işleriň giňden dabaralanmasynyň beýanyna öwrüldi.

Tebigatyň we köňülleriň baýramy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe baý medeni mirasy bolan halkymyzyň ajaýyp däp-dessurlary täze many-mazmuna eýe boldy. Gözbaşyny adamzat ýaşaýşynyň köpasyrlyk taryhyndan alyp gaýdýan Nowruz baýramynyň türkmen halkynyň baý durmuş tejribesiniň, däp-dessurlarynyň, medeni gymmatlyklarynyň biziň günlerimize gelip ýetmeginde uly hyzmaty bardyr. Nowruz baýramyna Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan halkara derejesiniň berilmegi onuň halkara hyzmatdaşlygy, parahatçylykly garaýyşlary pugtalandyrýan, halklaryň taryhy-medeni ýörelgelerini dabaralandyrýan baýramçylyk hökmünde ykrar edilendigine şaýatlyk edýär.

Ynsanperwer syýasatyň dünýä ykrarnamasy

Mukaddes Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan bäri geçen 30 ýyla golaý wagtyň içinde ata Watanymyz daşary syýasatda-da, içeri syýasatda hem ýokary üstünlikleri gazandy. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Bitaraplyk hukuk derejesiniň berilmegi bilen, taryh üçin uzak bolmadyk döwürde ýurdumyz parahatçylyk söýüji döwlet, ynamdar hyzmatdaş hökmünde dünýädäki ornuny pugtalandyrdy. Eziz Diýarymyzyň BMG bilen hyzmatdaşlykda dünýäde parahatçylygy, asudalygy berkitmek, howpsuzlygy üpjün etmek babatdaky tagallalarynyň netijesinde dünýä halklarynyň abadançylygynyň hem ösüşiniň bähbidine tutumly işler durmuşa geçirildi. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen Milletler bileleşigi tarapyndan ençeme möhüm Kararnamalaryň kabul edilmegi dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňelmegine, parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna şert döretdi. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň dünýäniň 149 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary alyp barmak bilen, halkara guramalarynyň 50-ä golaýynyň agzasy bolup durýandygyny, halkara konwensiýalarynyň, şertnamalardyr beýleki köptaraplaýyn resminamalaryň 150-den gowragyna gatnaşýandygyny belläp geçsek, ýurdumyzyň dostlukly gatnaşyklaryň, bähbitli hyzmatdaşlygyň tarapdarydygyna göz ýetirmek bolýar. Türkmenistan 2011-nji ýylda BMG-niň 66-njy mejlisinde «Ösüş arkaly parahatçylyk» diýen şygary öňe sürdi. Munuň aňyrsynda uly many bar. Sebäbi ösüş we

Ak şäherim Aşgabat

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda ak mermerli Aşgabat şäheri özüniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny belleýär. Paýtagtymyzyň özboluşly mermer keşbi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa ornaşdyrylýan her bir işiň aňyrsynda halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrundaky beýik maksatlarynyň bardygynyň netijesidir. Şäheriň ak mermere beslenen binalaryň iň köp jemlenen ýeri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi munuň aýdyň beýanydyr.

Dünýä nusgalyk görelde

Mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan Türkmenistan Watanymyz ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklaryny ýola goýmak bilen bir hatarda, iri halkara guramalar bilen köpugurly özara hyzmatdaşlygy hem işjeň ösdürýär. Şolaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalar bar. Dünýäde parahatçylyk söýüji, netijeli daşary syýasaty alyp barýan hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara abraýy yzygiderli ýokarlanýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi munuň ýene bir aýdyň subutnamasydyr. Mähriban Arkadagymyz hemişelik Bitarap Türkmenistanyň sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga, hoşniýetli goňşuçylyk ýagdaýyny döretmäge hem-de hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly goşant goşandygyny we goşmagyny dowam edýändigini aýratyn belleýär. Bularyň ählisi Garaşsyz Watanymyzyň dünýäde eýeleýän ornuny berkitmäge we onuň abraýyny ýokarlandyrmaga ýardam berdi. Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän döredijilikli, oňyn içeri we daşary syýasatyny hem-de hormatly Prezidentimiziň yklymara energetika we ulag geçelgelerini döretmek boýunça öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlaryny sebit we dün

Ählumumy ösüşiň bähbidine

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kämilleşen parahatçylyk söýüji syýasatymyzyň dünýä içre giňden ýaýylmagydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň hoşniýetli, ynsanperwer, dost-doganlyga ygrarlylyk ýaly ynsanperwer häsiýetlerinden gözbaş alýan ýörelgeleri dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Eziz Diýarymyz daşary syýasatda diňe öz milli bähbitlerini däl, eýsem, sebitara hyzmatdaşlygyny, hoşniýetli, özara peýdaly ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ileri tutýan, möhüm halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde giňden meşhurdyr. Hormatly Prezidentimiziň

Ösüşiň dünýä ähmiýetli nusgasy

Türkmenistan döwletimiz bu gün ynsanperwer daşary hem içeri syýasatynda gazanýan üstünlikleri bilen halkara ykrarnamasyna eýe bolýar, ata Watanymyzyň at-abraýy, şan-şöhraty belende galýar. Ýurdumyzyň içeri syýasatynda merdana halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, bagtyýar raýatlarymyzyň abadançylygyny, durmuş taýdan goraglylygyny, döwrebap ýaşaýşyny üpjün etmek, badalga berlen toplumlaýyn özgertmeleriň netijeliligini artdyrmak we olaryň halkyň bähbidine hyzmat etmegini gazanmak baradaky tutumly işler öz beýanyny tapýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ajaýyp taglymatyndan gözbaş alýar. Berkarar döwletimiziň daşary syýasaty ynsanperwer häsiýetliligi, dünýä halklarynyň bähbidine hyzmat edýändigi bilen hem tapawutlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň: «Biziň Bitaraplygymyzyň esasy maksady halkara borçnamalara hem-de halkara hukugyň kadalaryna berk we gyşarnyksyz eýerip, ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini parahat durmuşyň we döredijilikli ösüşiň hatyrasyna gönükdirmekden ybaratdyr» diýen sözleri hem munuň güwäsidir. Sebäbi ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp ýöredýän daşary syýasaty dünýä halklarynyň abadançylygynda, ösüşinde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen üstümizdäki ýylyň bütin dünýä boýunça «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem Türkmenistan

Gymmatly ýörelgeleriň rowaçlanmagy

Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş eden Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri kalbymyza joşgun berýän hoş habarlara, dabaraly çärelere, taryhy we şanly wakalara diýseň baý. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň öňe sürýän netijeli başlangyçlarynyň ählumumy ykrarnama eýe bolýandygyny tassyklaýan hoş habarlar halkymyzyň şatlyk-buýsanjyny has-da artdyrýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan dürli ugurlarda kabul edilýän çözgütler umumymilli bähbitleri öz içine almak bilen, bütin adamzadyň durnukly hem parahatçylykly ösüşindäki meseleleri çözmäge düýpli itergi berýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de sebit we ählumumy derejede durnukly ösüşi pugtalandyrmak boýunça alyp barýan, hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan syýasatyny dünýä jemgyýetçiliginiň ykrar edýändiginiň subutnamasy bolup durýar. Häzirki wagtda döwletler bilen gatnaşyklarda, halkara hyzmatdaşlykda ynanyşmaga, halklaryň arasynda parahatçylygy pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Parahatçylyk we ynanyşmak ylalaşykly bolmagy, özara düşünişmegi, birek-birege hormat goýmagy aňladýar. Bu ýörelgeler dünýäde at-abraýy artýan döwletimiziň alyp barýan işleriniň mazmunyny düzýär.

Bitaraplyk — parahatçylygy döretmek sungaty

4. Öňüni alyş diplomatiýasy Bitaraplyk diňe bir uruşlara, dawa-jenjellere goşulyşmazlyk däldir. Elbetde, halkara gatnaşyklarda bitaraplyk institutynyň tebigatyny, ilkinji nobatda, uruşlardan çetleşmek pelsepesi emele getirýär. Emma biziň umumy öýümiziň — Zeminiň ähli halklar üçin bitewi bolşy ýaly, onuň diňe tutuş çäginde parahatçylyk höküm sürende, ähli halklar bagtly bolup bilýär. Hut şol hakykatdan ugur alyp, uruş howpunyň öňüni almagy öz işiniň esasy özeni hasaplaýan Birleşen Milletler Guramasynda öňüni alyş diplomatiýasy institutynyň gurallaryny işläp düzmäge 1990-njy ýyllardan başlap, aýratyn ähmiýet berildi. Hormatly Prezidentimiz bu gurallaryň howp döremezden öňinçä, oýlanyşykly hereket etmegiň täze ugurlaryny kemala getirmekden ybaratdygyna ünsi çekýär.

Parahatçylyk — iň gymmatly baýlyk

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatynyň netijesinde ýurdumyz gysga wagtyň içinde durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň belentliklerine tarap gadam basmak bilen, oňyn özgerişlere eýe bolýar. Şu ýylda türkmen halky özüniň baş baýramyny — Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny belleýär. 27-nji sentýabr milli senenamamyzda möhüm orny eýeleýär. Çünki ol dünýä kartasynda, halkara giňişliginde görnükli orun eýeleýän Garaşsyz türkmen döwletiniň dörän gününi alamatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Garaşsyzlyk baýramy biziň merdana halkymyza özüni erkin duýmaga, bagtly saýmaga ruhy güýç berýän mukaddes baýramdyr» diýip belleýär. Bu hakykatdan hem şeýle, çünki Garaşsyzlyk biziň erkinligimizi, asudalygymyzy we özbaşdaklygymyzy aňladýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyz: «Dünýäde iň gymmatly we zerur baýlyk parahatçylyk bolup durýar» diýip jaýdar belleýär. Parahatçylyk söýüjilik milli Liderimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatlarynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Hormatly Prezidentimiziň kitaplarynda halkymyzyň we halklaryň parahat, asuda durmuşda ýaşamagy babatda baý maglumatlar bar. Bitaraplyk syýasatynyň özeninde duran parahatlyk söýüjilik milletimiziň ganyna siňen ajaýyp häsiýetleriň biridir.

Baky bagtyň şuglasy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň ösüşlere, toýlara beslenmegi biziň her birimizi buýsandyrýar. Baky Bitaraplygymyzyň, parahatçylygymyzyň dünýä ýaýylmagynda çuňňur many bardyr. Sebäbi Bitaraplyk, parahatçylyk, ynanyşmak bir-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly düşünjelerdir. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan içeri we daşary syýasat esasynda baky Bitaraplygyň we parahatçylygyň oňyn netijeleri Türkmenistanyň häzirki zaman ösüşiniň dürli ugurlarynda aýdyň görünýär. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerimizi bütin dünýä äşgär etmek ugrunda hormatly Prezidentimiz ägirt uly işleri toplumlaýyn alyp barýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary we ýöredýän öňdengörüjilikli hoşniýetli syýasaty netijesinde dünýäniň iri halkara guramalary bilen hem köpugurly we giň möçberli hyzmatdaşlyklaryň gerimi barha giňeýär. Häzirki wagtda, baky Bitarap döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy we beýleki abraýly halkara we sebitleýin guramalar bilen ýola goýan netijeli gatnaşyklary munuň şeýledigine doly güwä geçýär. Türkmenistanyň ählumumy howpsuzlyk binýadyny döretmek, ekologiýa abadançylygyny we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça öňe sürýän işjeň halkara başlangyçlary baky Bitaraplygymyzyň dürli ugurlarynyň ylmy esasda barha ösdürilýändigini aýdyň

Hoşniýetliligiň asylly ýörelgesi

Täze belentlikleriň röwşen ýoly bilen aýdyň geljegi nazarlap, ynamly öňe barýan baky Bitarap Türkmenistan dünýäniň ähli döwletleri hem-de iri halkara guramalary bilen alyp barýan hyzmatdaşlyklarynyň dostlukly hem-de umumadamzat derejesinde bähbitli bolmagy ugrunda tagalla edýär. Baky Bitarap Türkmenistanyň dostlukly ýurtlar bilen hoşniýetli gatnaşyklarynyň has-da ösdürilýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Baky Bitaraplygymyz ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgeleriniň biri bolmak bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe goňşy we beýleki döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge düýpli itergi berýär. Ata Watanymyzyň ykrar edilen parahatçylyk ýörelgesiniň belent halkara abraýyna eýe bolandygyny bellemek buýsandyryjydyr. Hormatly Prezidentimiziň ählumumy howpsuzlyk binýadyny döretmek, ekologiýa abadançylygyny we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça öňe sürýän işjeň halkara başlangyçlary parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerimiziň has-da ösdürilýändigini aýdyň görkezýär.

2021-nji ýyl — halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly dünýä ýurtlarynda

GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNDA Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Gazagystanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplarynyň hem-de bu ýurtda ýaşaýan watandaşlarymyzyň gatnaşmagynda guralan onlaýn duşuşyk 2021-nji ýylyň türkmen Lideriniň başlangyjy bilen dünýäde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlandy. Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wideomaslahaty açyp, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän üstümizdäki ýylda ýurdumyzda guralmagy meýilleşdirilýän çäreler, hususan-da, döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk senesi mynasybetli ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri barada giňişleýin gürrüň berdi.

Parahatçylygyň hoşniýetli ýörelgesi

Türkmen halkynyň hoşniýetlilik, dostanalyk ýaly gadymdan gelýän ynsanperwer ýörelgeleri ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň esaslary bolup durýar. Halkymyz hemişe parahatçylyk ýörelgelerine sarpa goýdy, ondan ugur aldy. Çünki, dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň hem-de ynsanperwerligiň mekany hökmünde tanalýan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkymyzyň gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdan milli däp-dessurlary, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Baky Bitaraplygymyz diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, Merkezi Aziýada, bütin dünýäde parahatçylygyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň rowaçlanmagyny üpjün etmek işinde nusgalyk ýol bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny biragyzdan makullamagynyň dünýä tejribesinde täze ugur bolandygyny aýratyn bellemegimiz gerek. Ýurdumyzyň halkara syýasatynda nusgalyk ýoly alyp barmagy we dünýä döwletleriniň ynamyny gazanmagy taryhy wakadyr. Garaşsyz ýurdumyzyň gülläp ösmeginde, ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagynda, halkara bileleşiginde abraýynyň artmagynda baky Bitaraplygymyzyň ähmiýeti uludyr. Baky Bitaraplyk agzybir ýaşaýşa, asuda durmuşa, röwşen ertire bolan synmaz ynamdyr.

Ykballara nur çaýylýar

Baky Bitaraplygymyz döwletimiziň ynsanperwerlige, parahatçylyga, dost-doganlyga esaslanýan ýörelgesini dünýäde giňden dabaralandyrýar. Watanymyzyň halkara abraý-mertebesini belende göterýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyz bolsa ýurdumyzyň Ýer ýüzünde bitewi millet hökmünde tanalmagynyň belent ykrarnamasy bolup, halkymyzyň berkarar döwletine buýsanyp, guwanyp, dünýäde deňli-derejeli ýaşamagyny kepillendirýär. Baky Bitaraplygymyzyň hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň geçen taryhy ýyllarynyň içinde şanly senenamamyzda mynasyp orun alan şöhratly wakalar ykballarymyza nur çaýyp, ýüreklerimizi söýgi-buýsanja besledi. Durmuşymyzy düýpgöter özgerdýän beýik tutumlar durmuşa geçirilip, ýurdumyzy ähli ugurlarda ösdürmekde, dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmakda giň mümkinçilikler açyldy. Ata Watanymyz Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan wezipelere eýermek bilen, dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde, daşary döwletler, şeýle-de abraýly halkara guramalary bilen sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýmakda gymmatly tejribe toplady. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly hem-de öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň ajaýyp miwesidir.

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

Arkadagym paýhas bilen täze ýyla bir mynasyp at berdi:«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany».Pederleriň ýörelgesi dowam edip, rowaçlandyrýar ýurdy,Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany. Millilikden gözbaş alnyp, Diýarymda gurulýar kän ymarat,Maksadymyz birdir biziň — ýurdumyzy gülletmekden ybarat,Her säher-şam azan sesi ýaňlanyp dur, metjitlerde ybadat,Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.