Hoşniýetliligiň asylly ýörelgesi

6 Aprel 2021
2344

Täze belentlikleriň röwşen ýoly bilen aýdyň geljegi nazarlap, ynamly öňe barýan baky Bitarap Türkmenistan dünýäniň ähli döwletleri hem-de iri halkara guramalary bilen alyp barýan hyzmatdaşlyklarynyň dostlukly hem-de umumadamzat derejesinde bähbitli bolmagy ugrunda tagalla edýär. Baky Bitarap Türkmenistanyň dostlukly ýurtlar bilen hoşniýetli gatnaşyklarynyň has-da ösdürilýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Baky Bitaraplygymyz ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgeleriniň biri bolmak bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe goňşy we beýleki döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge düýpli itergi berýär. Ata Watanymyzyň ykrar edilen parahatçylyk ýörelgesiniň belent halkara abraýyna eýe bolandygyny bellemek buýsandyryjydyr. Hormatly Prezidentimiziň ählumumy howpsuzlyk binýadyny döretmek, ekologiýa abadançylygyny we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça öňe sürýän işjeň halkara başlangyçlary parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerimiziň has-da ösdürilýändigini aýdyň görkezýär.

Gülnar MÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň kitaphanaçysy.