Bitaraplyk — parahatçylygy döretmek sungaty

12 Aprel 2021
2164

4. Öňüni alyş diplomatiýasy

Bitaraplyk diňe bir uruşlara, dawa-jenjellere goşulyşmazlyk däldir. Elbetde, halkara gatnaşyklarda bitaraplyk institutynyň tebigatyny, ilkinji nobatda, uruşlardan çetleşmek pelsepesi emele getirýär. Emma biziň umumy öýümiziň — Zeminiň ähli halklar üçin bitewi bolşy ýaly, onuň diňe tutuş çäginde parahatçylyk höküm sürende, ähli halklar bagtly bolup bilýär. Hut şol hakykatdan ugur alyp, uruş howpunyň öňüni almagy öz işiniň esasy özeni hasaplaýan Birleşen Milletler Guramasynda öňüni alyş diplomatiýasy institutynyň gurallaryny işläp düzmäge 1990-njy ýyllardan başlap, aýratyn ähmiýet berildi. Hormatly Prezidentimiz bu gurallaryň howp döremezden öňinçä, oýlanyşykly hereket etmegiň täze ugurlaryny kemala getirmekden ybaratdygyna ünsi çekýär.

Jumamyrat GURBANGELDIÝEW.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty. Surata düşüren Annanur REJEBOW.