«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň ösüşlere, toýlara beslenmegi biziň her birimizi buýsandyrýar. Baky Bitaraplygymyzyň, parahatçylygymyzyň dünýä ýaýylmagynda çuňňur many bardyr. Sebäbi Bitaraplyk, parahatçylyk, ynanyşmak bir-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly düşünjelerdir. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan içeri we daşary syýasat esasynda baky Bitaraplygyň we parahatçylygyň oňyn netijeleri Türkmenistanyň häzirki zaman ösüşiniň dürli ugurlarynda aýdyň görünýär. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerimizi bütin dünýä äşgär etmek ugrunda hormatly Prezidentimiz ägirt uly işleri toplumlaýyn alyp barýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary we ýöredýän öňdengörüjilikli hoşniýetli syýasaty netijesinde dünýäniň iri halkara guramalary bilen hem köpugurly we giň möçberli hyzmatdaşlyklaryň gerimi barha giňeýär. Häzirki wagtda, baky Bitarap döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy we beýleki abraýly halkara we sebitleýin guramalar bilen ýola goýan netijeli gatnaşyklary munuň şeýledigine doly güwä geçýär.
Türkmenistanyň ählumumy howpsuzlyk binýadyny döretmek, ekologiýa abadançylygyny we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça öňe sürýän işjeň halkara başlangyçlary baky Bitaraplygymyzyň dürli ugurlarynyň ylmy esasda barha ösdürilýändigini aýdyň görkezýär. Şeýlelikde, baky Bitaraplygymyz BMG-niň ýörelgeleri we maksatlary bilen sazlaşyklylykda ähli ýurtlaryň hoşniýetli gatnaşyklarynyň giňeldilmegini üpjün edýär. Ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşmak bilen, Türkmenistan parahatçylyk söýüji ýurt hökmündäki halkara abraýyny barha artdyrýar. Şoňa baglylykda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan gazanýan ösüşleri has-da ähmiýetlidir. Türkmenistan jemgyýetimiziň we döwletimiziň ähli ulgamlaryny gurşap alan giň möçberli özgertmeleri geçirmek, halkara demir ýollaryny, gaz geçirijilerini gurmak, täze gaz känlerini özleşdirmek ýaly iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Munuň özi Türkmenistanyň baky Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda geljekde hem halkara gatnaşyklaryny işjeň ösdürmäge taýýardygynyň doly subutnamasydyr. Ol gatnaşyklar bolsa sebitde we dünýäde ösüşiň we parahatçylygyň üpjün edilmegine gönükdirilen ählumumy tagallalaryň aýdyň maksatlaryna doly laýyk gelýär.