Tebigatyň we köňülleriň baýramy

15 Aprel 2021
2392

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe baý medeni mirasy bolan halkymyzyň ajaýyp däp-dessurlary täze many-mazmuna eýe boldy.

Gözbaşyny adamzat ýaşaýşynyň köpasyrlyk taryhyndan alyp gaýdýan Nowruz baýramynyň türkmen halkynyň baý durmuş tejribesiniň, däp-dessurlarynyň, medeni gymmatlyklarynyň biziň günlerimize gelip ýetmeginde uly hyzmaty bardyr. Nowruz baýramyna Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan halkara derejesiniň berilmegi onuň halkara hyzmatdaşlygy, parahatçylykly garaýyşlary pugtalandyrýan, halklaryň taryhy-medeni ýörelgelerini dabaralandyrýan baýramçylyk hökmünde ykrar edilendigine şaýatlyk edýär.