"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Bitaraplyk biziň buýsanjymyzdyr

Gökdepe etrabynyň merkezindäki Medeniýet köşgünde “Bitaraplyk biziň buýsanjymyzdyr” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllyk şanly toýuna bagyşlanan dabarany Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary hem-de etrabyň medeniýet bölümi bilelikde gurady. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary hem-de talyp ýaşlar gatnaşdy. Baýramçylyk dabarasynda bu gün berkarar Watanymyzyň halkara abraýynyň Ýer ýüzünde belende göterilýändigi, Arkadagly Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň barha rowaçlyga beslenýändigi dogrusyndaky çykyşlar uly täsirleri döretdi. Çykyş edenler ýurdumyzyň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň şanyna uludan toý toýlanmagynyň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdiler.

Şanly senä bagyşlandy

Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdepde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Ol etrap bilim bölümi hem-de ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşi tarapyndan guraldy. Bilim işgärleriniň gatnaşmagynda bolan duşuşygyň çäginde mekdebiň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine aýlanyp görmek uly täsirleri döretdi. Mekdebiň eýwanynda guralan sergi hem gyzyklanma eýe boldy.

Bitaraplyk ýörelgesine eýerip

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň dünýä bileleşiginde goldaw tapmagyna hem-de ykrar edilmegine uly şert döredýär. Bilşiňiz ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama kabul edildi. Bu bolsa sebit hem-de halkara ähmiýetli parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen köptaraplaýyn tagallalary birleşdirmäge giň ýol açdy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň iki gezek kabul edilmegi ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan buýsançly wakalardyr. Şol taryhy Kararnamalarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň yglan eden hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny goldaýandygy, gurama agza döwletleri ata Watanymyzyň bu hukuk ýagdaýyny hormatlamaga we goldamaga, seýle hem onuň garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna, çäk bitewiligine hormat goýmaga çagyrýandygy beýan edilýär. Hemişelik Bitaraplyk syýasaty ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlyga giňden goşýan ýokary derejeli goşandy bolup, halkara ähmiýetli gymmatlyga öwrüldi. Bitaraplyk BMG-niň Tertipnamasyna laýyk gelmek bilen, parahatçylygy goldamakda hem-de ýurtlaryň arasynda parahatçylykly hyzmatdaşlygy ösdürmekde

Hyzmatdaşlygyň täze basgançaklary

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda ýurdumyzyň daşary syýasatynda Birleşen Milletler Guramasynyň iri düzümleriniň biri bolan ÝUNESKO bilen anyk maksatlara gönükdirilen hyzmatdaşlygyň gerimi has-da giňeldildi. Şu ýyl Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň agzalygyna kabul edilmegine 30 ýyl boldy. Şanly ýylymyzy täze mazmun bilen baýlaşdyran şeýle möhüm ähmiýetli wakalar biziň welaýatymyzyň durmuşyndan hem sowlup geçmedi. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedrasynyň işläp başlamagy Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlykda täze sahypany açdy. «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi ÝUNESKO» diýen at bilen döredilen kafedrada ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmek, daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek, guramanyň Adamzadyň maddy we maddy däl medeni gymmatlyklarynyň sanawyna hödürlenilýän taslamalary öwrenmek boýunça işler üstünlikli amala aşyrylýar.

Bitaraplyk bagtym meniň

Şan-şöhratly, özgerişli ýolumyz,Dünýä içre uzadýarys golumyz.Myhmandan doludyr sag-u-solumyz,Baky Bitaraplyk bagtymdyr meniň. Güneş bolup ak daňlaryň atany,Asuda Diýara şöhle saçany,Müşk-anbar yslydyr ala bahary,Baky Bitaraplyk bagtymdyr meniň.

Okgunly ösüşleriň gözbaşy

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatçylyksöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Türkmen halky üçin Bitaraplyk parahatçylyga, howpsuzlyga, durnukly ösüşe uzaýan nurana ýoldur. Bitaraplyk Watan mertebesini parahatçylyk, asudalyk düşünjesi bilen berkidýän, türkmen halkynyň tutuş dünýäni agzybirlige çagyrýan daşary syýasat ugrudyr. Bilşimiz ýaly, ýurdumyz Bitaraplyk derejesine 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde kabul edilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakynda ýörite Rezolýusiýasy esasynda eýe boldy. Bu taryhy waka pederlerimiziň arzuwlan ajaýyp döwrüniň — Garaşsyz Watanymyzyň Bitaraplyk şertlerindäki täze eýýamynyň ilkinji basgançagyny goýdy. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi ikinji gezek ykrar edildi. Munuň özi ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň ählumumy ykrar edilmesi bolup dünýä doldy. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde her ýylyň 12-nji dekabryny «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek barada Rezolýusiýa kabul edildi.

Parahatçylygyň beýik dabaralanmasy

Parahatçylygy pugtalandyrmak, dost-doganlygy berkitmek, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny giňeltmek gadymy we müdimi türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän asylly ýörelgeleridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda türkmen Bitaraplygy parahatçylygy, durnukly ösüşi we ylalaşygy ündeýän, halklary dostluga we bagtyýarlyga çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän taglymat hökmünde bu günki gün bütin dünýäde giň goldawa eýe bolýar. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň iki gezek ykrar edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Öz saýlap alan ýoluna ygrarly berkarar Watanymyz daşary syýasatynda dünýäniň iri halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyga hem aýratyn ähmiýet berýär. Bu babatda, esasan hem, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyna aýratyn orun degişlidir. Şol sanda Türkmenistan tutuş dünýäde öz Konstitusiýasyna BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasyny girizen ýeke-täk döwlet bolmak bilen, bu gurama we onuň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlyk etmegi öz halkara gatnaşyklarynyň esasy ugry hasaplaýar. Ýurdumyzyň birnäçe gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň wise başlyklygyna saýlanylmagy, dünýäniň belent münberinden türkmen tarapynyň öňe süren başlangyçlarynyň uly seslenmä eýe bolmagy Milli Liderimiziň netijeli daşary syýasatynyň halkara ykrarnamasydyr.

«Ýaşlaryň bagtyýarlygy — Watanymyzyň buýsanjy» atly bäsleşige

Döwletli döwranym Gujagyňda rahatlyk bar, kemal bar,Şypaly howam sen, Bitarap Diýar!Beýik parasat bar, ýagşy kelam bar,Dowamat dowam sen, Bitarap Diýar!

Bitaraplyk mukamy

Bitaraplyk mukam bolup ilimeMertebe, şan-şöhrat, abraý getirýär.Baglap göwünleri birek-birege,Ýagşy niýetlere ganat bitirýär. Asmana, Zemine nuruny saçypUçýar ak kepderi — rahatlyk guşy.Parahatlyk sazy külli türkmeniňEziz Arkadaga aýdýan alkyşy.

Arkadagly Serdarym

Binalaryň sany artyp gün-günden,Ösüşlere beslenilýär ýyl-ýyldan.Joşgun alyp nagma kakýan bilbilden,Şygyr ýazdym Arkadagly Serdarym. Obalarmyz şäher ýaly görkana,Il-günümiz bagtyýar hem erkana,Döwran döndi Hak ýalkamyş ülkäme,Siziň bilen Arkadagly Serdarym!

Parahatçylygy goramagyň türkmen nusgasy

Planetalar barada gysgajyk düşünje berýän gysga görnüşli wideofilmde şeýle surat görkezilýär. 2004-nji ýylda awtomatik usulda dolandyrylýan guralda goýlan teleskop arkaly Saturn planetasynyň halkalarynyň golaýynda düşürilen suratda bir kiçijik mawy nokat bar. Onuň ululygy ýazuwymyzda ulanýan nokadymyzdan uly däl. Ol «Ýer togalagy» diýlip ýörite bellenilipdir. Şol ýazgy bolmanlygynda, şojagaz nokat birbada ünsüňem eglänok. Ýer togalagy gözümize hernäçe uly görünse-de (540 million inedördül kilometr meýdany bar), beýleki ägirt planetalaryň ýanynda güýçsüz, ýaralanmaga-zeperlenmäge golaý, şol sebäplem goralmaga, aýalmaga mätäç bolup görünýär. Birleşen Milletler Guramasynyň habaryna görä, 2023-nji ýylyň noýabrynda sany 8,076 milliarda ýeten adamzat ähli meseleleri — uruş-dawalary, şatlyk-şagalaňy, azyk-owkat, suw üpjünçiligi, howanyň maýlamagy, ekologiýa müşgillikleri, döwlet araçäkleri, milli bähbitleri, dini garaýyşlary, garaz, oňuşmaklyga ýa-da oňuşmazlyga eltýän ähli sebäpleri bilen goralmagyna mätäç bolup durýan şu kiçijik nokatda ýaşaýar. Eýsem-de, şu kiçijik nokady — ählimiziň öý-ojagymyz bolan Ýer togalagyny abadan saklamak üçin näme etmeli?! Ählumumy parahatçylygy saklamaly diýersiňiz! Rast aýdýarsyňyz! Parahatçylygy saklamaly. Ýöne nädip?! Magtymguly etrabynyň Çendir jülgesinde bir dere bar. Awlakly, suwly dere. Köpetdagdaky agaçlaryň hemmesi şol ýerde-de b

Türkmenistanyň Bitaraplygy — ösüşleriň we hyzmatdaşlygyň ýoly

Ýurdumyz şanly seneleriň bosagasynda. 12-nji dekabrda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 28 ýyllygy — Halkara Bitaraplyk güni, 10-njy dekabrda bolsa, adam hukuklarynyň halkara güni uludan bellenýär. Bu şanly seneleriň utgaşyp gelmeginiň çuňňur manysy bar. Bularyň ählisiniň mazmunyndan parahatçylyk, abadançylyk ýörelgeleri eriş-argaç bolup geçýär. Türkmenistanyň Bitaraplyk taglymaty ynsanperwerligiň, parahatçylygyň halkara hyzmatdaşlygyň ösüşiniň girewidigini yzygiderli tassyklaýar. Bitarap Türkmenistanda häzirki döwrüň bedew batly ösüşiniň esasy ugry ylymda, innowasiýalarda, yzygiderli senagatlaşmakda, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakda, daşky gurşaw bilen sazlaşygy üpjün etmekde ýüze çykýar. Bu ösüşleriň ählisi-de Bitaraplyk taglymaty bilen pugta baglanyşyklydyr. Arkadag şäheri onuň aýdyň mysalydyr. 2023-nji ýylyň 23-nji martynda kabul edilen «Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 1-nji maddasyna laýyklykda, Arkadag şäheriniň hukuk ýagdaýy Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň üstünliklerini görkezýän dolandyryş-çäk birligi hökmünde, şonuň ýaly-da türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhy tejribesiniň we döwlet gurluşynda halkara tejribesiniň häzirki zaman meýilleriniň esasynda ýurdy ösdürmegiň uzak möhletleýin geljeginiň aýratyn ähmiýetine laýyklykda bellenilýär. Arkadag şäheri üçin döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýy bellenilýär.

Hoşniýetli ýörelge

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýäniň ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak, iri halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. 2022-nji ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 97-nji plenar mejlisinde «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama kabul edildi. Kararnamanyň kabul edilmegi diňe sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde hem parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolan wakadyr. Gahryman Arkadagymyz «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasyny — ählumumy başlangyjy öňe sürdi. Hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýyly halkara derejede «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýip yglan etmek hakynda teklip bilen çykyş etmegi bolsa hoşniýetli daşary syýasy ýörelgä ygrarlylygyň nobatdaky ýüze çykmasydyr. Milli, sebit we ählumumy derejede parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmegiň ygtybarly guraly hasaplanýan baky Bitaraplygyň tutuş dünýä bileleşiginiň gymmatlygyna öwrülmegi döwletimiziň daşary syýasy işinde gazanan uly üstünlikleriniň hatarynda durýar. Türkmen halky asyrlaryň dowamynda parahatçylygy we asudalygy gymmatlyk derejesine göte

Parahatçylygyň gözbaşy

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyz toý-baýramlara, uly ösüşlere beslenýär. Şu ýyl Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 28 ýyllyk şanly baýramy bellenilýär. Ýurdumyz häzirki wagtda parahatçylyk söýüjilik syýasatyny amala aşyryp, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň, gepleşikleriň geçirilýän, üstaşyr ulag geçelgeleriniň ygtybarly hereket edýän ýerine öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň eşretli günlerinde biz — ýaşlar hem bu ösüşleriň, özgerişleriň şaýady bolýarys, Watanymyzyň gazananlaryna buýsanýarys. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmeniň hemişelik Bitaraplygy sebitleýin durnuklylygyň, parahatçylygyň we ösüşiň möhüm faktory bolup çykyş edýär.

Şanly sene

Agzybir hem-de bagtyýar halkymyz Türkmenistanyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygyna uludan taýýarlyk görýär, aýdym-sazly dabaralar, ylmy-amaly maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Şeýle hem, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi 2024—2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Şeýlelikde, 2024-nji ýylda bu şanly sene diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäniň ençeme döwletlerinde uly ruhubelentlik bilen baýram ediler. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda hem şanly dabaralara halypa mugallymlaryň ýolbaşçylygynda talyp ýaşlar uly höwes bilen işjeň gatnaşýarlar. Ýörite guralýan ylmy maslahatlarda hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy kökleri, aýratynlyklary barada çykyşlar guralýar.

Bitaraplyk joşgun berýär diýara

Halkymyzyň agzybirlikde, uly ruhubelentlik bilen toýlajak hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 28 ýyllyk baýramynyň merjen paýtagtymyzyň keşbinde hem özboluşly şöhlelenýändigini aýratyn bellemek gerek. Watanymyzyň baky Bitaraplygynyň şanyna döredilen bezegler we «Baky Bitarap Türkmenistana 28 ýyl» ýazgylary paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň toý şatlygyny goşalandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen öňe tarap ynamly barýan Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha artmagy bilen bilelikde, onuň dünýä syýasatyndaky täsirli orny has-da berkeýär. Türkmen döwletiniň ileri tutýan we yzygiderli durmuşa geçirýän daşary syýasy ugurlary, öňe sürýän wajyp başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletleri tarapyndan uly gyzyklanma we goldaw bilen garşylanýar.

Röwşen geljegiň baky binýady

Halkara Bitaraplyk güni hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygy mynasybetli golaýda welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda «Bitaraplyk — röwşen geljegimiziň baky binýady» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata welaýat, şäher, etrap häkimlikleriniň jogapkär işgärleri, Mejlisiň deputatlary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň welaýat boýunça wekilhanasynyň, syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet ulgamlarynyň işgärleri, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan adamlar, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda, ilki bilen, welaýat häkiminiň orunbasary Ogulaltyn Çerkezowa çykyş edip, ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň tutuş dünýäde halklaryň arasyndaky dost-doganlygy, parahatçylygy, hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky ähmiýeti, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlangyçlarynyň umumadamzat üçin gymmaty dogrusynda giňişleýin belläp geçdi.

Buýsançnama

Bitaraplyk — ata-baba ýörelgäm,Röwşen ykbal sen, sowulmaz ýaz sen.Eziz Arkadagdan görüm-göreldäň,Müdimi beýiklik, soňlanmaz saz sen! Aýak goşup deňlik, dostluk akyma,Ýollar açyk parasada, akyla,Nazaryň dynçlyga, mähir, ýakyma,Ýagşy arzuwlara baky dowam sen!

Baýramçylyk dabarasy

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygy, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilen güni mynasybetli, TDP-niň welaýat hem-de Daşoguz şäher komitetleriniň bilelikde guramagynda baýramçylyk dabarasy geçirildi. Welaýat merkezimizdäki «Maral» toý mekanynda «Hormatly Prezidentimiziň halkara başlangyçlary: parahatçylyk, dost-doganlyk mukamy» atly şygar bilen geçirilen dabara il sylagly ýaşulular, mährem eneler, işjeň partiýa agzalary, mugallymçylyk, lukmançylyk orta okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.

Bitaraplyk — asudalyk, parahatçylyk hem agzybirlik

12-nji dekabr — Halkara Bitaraplyk güni Ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen güni bolan 12-nji dekabr taryhymyzyň altyn sahypalarynda orun tutdy. Bu sene parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi we hoşniýetligi dabaralandyrýan, halkara derejede uly ähmiýete eýe bolan baýramçylyga öwrüldi. Bitaraplyk baýramy abadançylygyň, gülläp ösüşiň nyşany hökmünde uly dabaralara, şatlyk-şowhuna beslenip geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda bedew bady bilen okgunly öňe barýan ýurdumyzyň dünýä bileleşigindäki orny barha pugtalanýar. Ählumumy parahatçylyga we howpsuzlyga, giň halkara hyzmatdaşlyga esaslanan öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň abraý-mertebesi belende galýar. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitaraplygymyz dünýäde asudalygy, parahatçylygy üpjün edýän gatnaşyklary pugtalandyrmakda uly üstünliklere eýe bolýar. Ol halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gelýän dost-doganlyk, ynsanperwerlik, ylalaşyklylyk, hoşniýetlilik ýaly ýörelgeleriniň dowamat-dowam bolmagydyr, şol asylly ýörelgeleriň Ýer ýüzünde ykrar edilmegidir. Türkmenistan döwletimiz dünýä döwletleri, iri halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny saklamak bilen, syýasy, ykdysady, medeni kuwwatyny paraha