Hyzmatdaşlygyň täze basgançaklary

7 Dekabr 2023
1124

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda ýurdumyzyň daşary syýasatynda Birleşen Milletler Guramasynyň iri düzümleriniň biri bolan ÝUNESKO bilen anyk maksatlara gönükdirilen hyzmatdaşlygyň gerimi has-da giňeldildi. Şu ýyl Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň agzalygyna kabul edilmegine 30 ýyl boldy. Şanly ýylymyzy täze mazmun bilen baýlaşdyran şeýle möhüm ähmiýetli wakalar biziň welaýatymyzyň durmuşyndan hem sowlup geçmedi.

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedrasynyň işläp başlamagy Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlykda täze sahypany açdy. «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi ÝUNESKO» diýen at bilen döredilen kafedrada ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmek, daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek, guramanyň Adamzadyň maddy we maddy däl medeni gymmatlyklarynyň sanawyna hödürlenilýän taslamalary öwrenmek boýunça işler üstünlikli amala aşyrylýar.

Merjen JORAÝEWA.