Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatçylyksöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Türkmen halky üçin Bitaraplyk parahatçylyga, howpsuzlyga, durnukly ösüşe uzaýan nurana ýoldur. Bitaraplyk Watan mertebesini parahatçylyk, asudalyk düşünjesi bilen berkidýän, türkmen halkynyň tutuş dünýäni agzybirlige çagyrýan daşary syýasat ugrudyr.
Bilşimiz ýaly, ýurdumyz Bitaraplyk derejesine 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde kabul edilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakynda ýörite Rezolýusiýasy esasynda eýe boldy. Bu taryhy waka pederlerimiziň arzuwlan ajaýyp döwrüniň — Garaşsyz Watanymyzyň Bitaraplyk şertlerindäki täze eýýamynyň ilkinji basgançagyny goýdy. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi ikinji gezek ykrar edildi. Munuň özi ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň ählumumy ykrar edilmesi bolup dünýä doldy. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde her ýylyň 12-nji dekabryny «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek barada Rezolýusiýa kabul edildi.