Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň dünýä bileleşiginde goldaw tapmagyna hem-de ykrar edilmegine uly şert döredýär. Bilşiňiz ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama kabul edildi. Bu bolsa sebit hem-de halkara ähmiýetli parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen köptaraplaýyn tagallalary birleşdirmäge giň ýol açdy.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň iki gezek kabul edilmegi ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan buýsançly wakalardyr. Şol taryhy Kararnamalarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň yglan eden hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny goldaýandygy, gurama agza döwletleri ata Watanymyzyň bu hukuk ýagdaýyny hormatlamaga we goldamaga, seýle hem onuň garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna, çäk bitewiligine hormat goýmaga çagyrýandygy beýan edilýär. Hemişelik Bitaraplyk syýasaty ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlyga giňden goşýan ýokary derejeli goşandy bolup, halkara ähmiýetli gymmatlyga öwrüldi. Bitaraplyk BMG-niň Tertipnamasyna laýyk gelmek bilen, parahatçylygy goldamakda hem-de ýurtlaryň arasynda parahatçylykly hyzmatdaşlygy ösdürmekde özygtyýarly döwletleriň gatnaşyklaryny ýaýbaňlandyrmaga we pugtalandyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär.