Planetalar barada gysgajyk düşünje berýän gysga görnüşli wideofilmde şeýle surat görkezilýär. 2004-nji ýylda awtomatik usulda dolandyrylýan guralda goýlan teleskop arkaly Saturn planetasynyň halkalarynyň golaýynda düşürilen suratda bir kiçijik mawy nokat bar. Onuň ululygy ýazuwymyzda ulanýan nokadymyzdan uly däl. Ol «Ýer togalagy» diýlip ýörite bellenilipdir. Şol ýazgy bolmanlygynda, şojagaz nokat birbada ünsüňem eglänok. Ýer togalagy gözümize hernäçe uly görünse-de (540 million inedördül kilometr meýdany bar), beýleki ägirt planetalaryň ýanynda güýçsüz, ýaralanmaga-zeperlenmäge golaý, şol sebäplem goralmaga, aýalmaga mätäç bolup görünýär. Birleşen Milletler Guramasynyň habaryna görä, 2023-nji ýylyň noýabrynda sany 8,076 milliarda ýeten adamzat ähli meseleleri — uruş-dawalary, şatlyk-şagalaňy, azyk-owkat, suw üpjünçiligi, howanyň maýlamagy, ekologiýa müşgillikleri, döwlet araçäkleri, milli bähbitleri, dini garaýyşlary, garaz, oňuşmaklyga ýa-da oňuşmazlyga eltýän ähli sebäpleri bilen goralmagyna mätäç bolup durýan şu kiçijik nokatda ýaşaýar. Eýsem-de, şu kiçijik nokady — ählimiziň öý-ojagymyz bolan Ýer togalagyny abadan saklamak üçin näme etmeli?! Ählumumy parahatçylygy saklamaly diýersiňiz! Rast aýdýarsyňyz! Parahatçylygy saklamaly. Ýöne nädip?!
Magtymguly etrabynyň Çendir jülgesinde bir dere bar. Awlakly, suwly dere. Köpetdagdaky agaçlaryň hemmesi şol ýerde-de bitýär. Olar daş-töweregi aýratyn gözel edýär. Suwuň ters yzyny yzarlap ýöräberseň, baryp, deräniň başlanýan ýerine ýetýärsiň. «Ol ýer has owadan, oty-çöpi, agajy-da kän» diýdiler. «Görmäge şeýle täsin ýer» diýdiler. Şol ýere ýerli ilat «Zyndan» diýýän eken...