"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýurdumyzyň halkara üstünligi

Ata Watanymyz Türkmenistanda sport ulgamyny ösdürmek Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan diňe bir iri halkara ýaryşlara işjeň gatnaşmak bilen çäklenmän, eýsem, sebit we dünýä derejeli ýaryşlaryň geçirilýän merkezine hem öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hakyndaky hoş habaryň gelip gowuşmagy, ildeşlerimiziň buýsançly başlaryny göge ýetirdi. Bu resminama dünýäniň 87 döwletiniň awtordaş bolup çykyş etmegi, onuň tutuş adamzat üçin möhümdiginiň we ägirt uly ähmiýete eýediginiň aýdyň beýanydyr. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryna esaslanýan, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň we sport diplomatiýasynyň dünýäde has-da dabaralanýandygynyň nobatdaky güwäsidir. Bu möhüm resminamanyň kabul edilmegi, halkara jemgyýetçiligi tarapyndan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda sporty ösdürmek babatda alnyp barylýan işlere berlen ýokary bahadyr. Hormatly Prezidenti

Parahatçylyga, dost-doganlyga gönükdirilen taglymat

Şu ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistan Watanymyzyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda taryhy Kararnama biragyzdan kabul edildi. Dünýäniň 86 döwletiniň bu taryhy Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etmegi ata Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraý-mertebesiniň beýikdiginiň güwäsidir. Bu resminamanyň kabul edilmegi baky Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan Garaşsyz türkmen döwletiniň dünýä bileleşiginiň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy goramagyň zerurdygyny tassyklap, şu maksada ýetmek üçin tagallalary birleşdirmäge çalyşýandygynyň aýdyň güwäsidir. Kararnamanyň şeýle giň goldawa eýe bolmagy Bitarap Türkmenistanyň strategik maksatlarynyň umumy bähbitlere we meýillere laýyk gelýändiginiň, ýurdumyzyň BMG-niň Tertipnamasyna, ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna esaslanýan döwletara hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýandygynyň nobatdaky güwäsi bolup, her bir türkmenistanlynyň geljeginiň aýdyň boljakdygyna ynamyny berkitdi. Çünki Bitaraplyk halkymyzyň taryhy ykbalynda Garaşsyzlyk bilen bir hatarda duran ägirt uly gymmatlykdyr. Ol ýurdumyzyň her bir raýaty üçin parahat durmuşyň kepillendirmesidir, ertirki gününe ynamly garamagydyr, arkaýyn zähmet çekmek we nesilleri erkana terbiýelemek mümkinçiligidir. Ýeri gelende, 2023-nji ýylyň 11-nji dekabrynda paýt

Bitaraplyk we Bitaraplygyň dostlary topary: adamzadyň ykbalyna jogapkärçilik

Her ýylyň sentýabr aýynyň ikinji ongünlüginde ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäheriniň Manhetten etrabyndaky Ist-Riwer aýlagynyň kenary dünýäniň «syýasy merkezine» öwrülýär. Hut şol ýerde Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasy ýerleşip, adamzadyň häzirki we geljekki ykbalyna dahylly möhüm çözgütler kabul edilýär. Guramanyň esasy wekilçilikli edarasy bolan Baş Assambleýanyň her ýyl geçirilýän sessiýalarynda agza ýurtlaryň ählisi çagyryşlar bilen çykyş edip, öz sesini eşitdirmäge mümkinçilik alýar. Şu ýylyň 10-njy sentýabrynda bolsa Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasy öz işine başlar. Däp bolşy ýaly, Bitarap Türkmenistan hem onda öz ileri tutýan garaýyşlaryny dünýä jemgyýetçiliginiň dykgatyna ýetirer. Täze sessiýa täze teklipler

Türkmenistan — BMG: parahatçylygyň we döredijilikli ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk

30 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly we işjeň agzasy hökmünde onuň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine möhüm goşant goşmagyny dowam etdirip gelýär. Parahatçylykly ýaşamagyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň, deňhukukly dialogyň ähmiýetini öňe sürýän Türkmenistan halkara giňişlikde hemişe netijeli hyzmatdaşlygyň tarapdary bolup çykyş edýär. 2025-nji ýylda Bitaraplygyň 30 ýyllygyny dabaraly bellemäge, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň geljek ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamasyny durmuşa geçirmäge taýýarlyk görüp, Türkmenistan hyzmatdaşlar bilen işjeň gatnaşyklaryny dowam etdirer. Döwletiň anyk ädimleri BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda Türkmenistanyň köpçülige ýetirjek ileri tutýan garaýyşlarynda-da öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasyna işjeň taýýarlyk görýär. Durnukly ösüş maksatlarynyň 17-sini resmi taýdan kabul eden we olary durmuş-ykdysady ösüşiň milli meýilnamalaryna, strategiýalaryna uýgunlaşdyran ýurt hökmünde Türkmenistan jemgyýetçilik durmuşynyň ähli möhüm ugurlarynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de güýçlendirmäge çagyrýar.

Hemişelik Bitaraplyk: parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbitlerine

Şu ýylyň 5 — 7-nji iýulynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Aşgabada amala aşyran sapary örän möhüm waka bolup, munuň özi Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iň ýokary derejededigini tassyklaýar. Bu hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdirilýändigine şaýatlyk edýär. Onuň esasy kesgitleýji häsiýeti guramanyň maksatlarynyň hem-de wezipeleriniň Türkmenistanyň milli bähbitlerine laýyk gelýändiginden ybaratdyr. Bu maksatlar bolsa parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmekde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde öz beýanyny tapýar. Şeýle hem, dünýä syýasatynda ykrar edilen halkara hukugyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynda berkidilen kadalary tassyklamagy öz içine alýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen iki gezek resmi taýdan ykrar edildi. Ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň birnäçe sessiýalarynda wise-başlyklyk etdi. Döwletimiz bu abraýly wezipäni öňde boljak 79-njy sessiýada hem ýerine ýetirer. Häzirki wagta çenli türkmen tarapynyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň onlarçasy kabul edildi. Ýurdumyzyň teklibi boýunça halkara seneleriň üçüsi — 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni, 3-nji iýunda Bütindünýä welosiped güni, 26-njy noýabrda bolsa Bütindünýä durnukly ulag

Konstitusiýa — asudalygyň beýany

Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynda esasy ölçeg bolup durýar. Ýurdumyz parahatçylyk arkaly ösüş ýörelgesinden ugur alýar. Şeýle bolansoň, biziň ýurdumyz dünýäde parahatçylygy we durnukly ösüşi gazanmaga özüniň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp çemeleşýär. Onuň esasynda bolsa halkymyzyň dostluk-doganlyk, ynsanperwerlik, myhmansöýerlik, goňşuçylyk ýaly asylly häsiýetleri we ýörelgeleri durandyr. Türkmenistan döwletimiz gysga wagtyň içinde halkara arenasynda özboluşly daşary syýasatyny amala aşyrýan döwlet hökmünde özüni tanatdy. Oňyn bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alyp, dünýäde we sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we ylalaşygy saklamak we pugtalandyrmak, köp döwletler bilen hoşniýetli, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek, halkara hukugynyň ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna ygrarly bolmak ýaly başlangyçlary döwletimiziň daşary syýasatynyň özeni boldy.

«Ýaşyl tuguň pasyrdysy ýüregime owsun berer»

Baýdak diňe bir döwlet nyşany däldir, halkyň milli buýsanjydyr. Ata-babalarymyz ar-namysa deňäp, oňa tagzym edipdirler. Baýdagyň belentde parlap durmagy halkyň abraý-mertebesiniň belentligidir, ýurduň abadançylygynyň, beýik ösüşleriniň dabaralanmagydyr. Şonuň üçin hem halkymyz baýdaga «Mertebe tugy» diýýär. Merdana esgeriň, harby gullukçynyň mukaddes ýaşyl tugumyzy maňlaýa sylyp, watançylyk kasamyny kabul edişini, dünýäniň iri sport ýaryşynda öňe saýlanan türkmen türgenleriniň Döwlet baýdagymyzy Döwlet senasynyň astynda belende galdyrýandygyny synlap, mukaddes watançylyk duýgusy kalbyňa dolýar. Ýüregiňi joşa getirýär, ata ýurduňa, halkyňa bolan söýgiňi has-da artdyrýar. Bir hakykaty buýsanç bilen belläp bolar. Türkmenistanyň Döwlet senasyndaky «Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde!» diýen belent ruhly setiri ýadymyza salanymyzda-da, belent buýsanjymyz, Watana bolan söýgimiz göwnümizi has-da joşa getirýär.

Berkararlygyň sarsmaz sütüni

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň täze ösüş taryhynyň kepili, ilkinji we hemişelik nyşanlary bolan Konstitusiýamyzyň hem-de Döwlet baýdagymyzyň ruhlandyryjy güýji mähriban halkymyzy şan-şöhratly ýol bilen öňe — ajaýyp geljege alyp barýar. Döwletliligiň baş alamatlary bolan Konstitusiýamyz, ýaşyl tugumyz ähli ösüşlerimiziň gözbaşydyr. Konstitusiýa sözi «constitutio» diýen latyn sözden emele gelip, «gurmak, dikeltmek, döretmek» diýen manylary aňladýar. Hut şu jähetden alanyňda hem Türkmenistanyň taryhy döwri döwletliligiň, jemgyýetimiziň gurluşynyň hukuk esaslaryny kesgitleýän Konstitusiýamyzyň ornuny, ähmiýetini has aýdyň ýüze çykardy. Halkyň paýhasyny, geljege ymtylyşlaryny ýüze çykarmagyň, goldamagyň, kanunlar bilen berkitmegiň esasy bolan Konstitusiýamyz ýurdy ösdürmegiň taryhy ýollaryny salgy berýän baş ýörelgämiz bolsa, Döwlet baýdagymyz hemme ugurlarda üstünliklere, ýeňişlere ruhlandyrýan köňül buýsanjymyzdyr.

Parahatçylyk pederleriň pendidir

Parahatçylyk — dünýä halklarynyň, ýurtlaryň arzuwy. Köňülleriň baýdagy. Dünýäniň hoşniýetlilik aýdymy. Türkmen halky owalda-ahyrda parahatçylygyň tarapdary bolupdyr. Biz muňa ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň «Şükür bagşy» powestinde medeni diplomatiýa, sazyň güýjüne daýanyp, parahatçylygy öňe sürýän sazanda — Şükür bagşynyň mysalynda hem, ata-babalarymyzyň myhmansöýerlik, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynda-da aýdyň göz ýetirýäris. Milli gymmatlyklarymyzdan beýik sungaty, asyrlarboýy ýaşaýan ajaýyp eserleri döretmegi başaran merdana halkymyz medeni diplomatiýany — parahatçylyk medeniýetini döretmegiň, dialog arkaly ylalaşyk gazanmagyň hem özboluşly usullaryny, çözgüdini oýlap tapypdyrlar. Muňa ýönekeýje mysal hökmünde ýaraga däl-de, saza daýanyp, saza ýüregini berip, ýeňiş gazanyp, parahatçylyk sungatyny döredip bilen türkmen sazandasy — Şükür bagşyny görkezip bileris. Gahryman Arkadagymyz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda: «...Bu ideýa — sungatyň parahatçylygy döretmek wezipesi hem-de, umuman, parahatçylygy döretmek sungaty baradaky pikirdir. Bolup geçen bu wakada parahatçylygy döretmek ideýasy sazandanyň keşbinde öz beýanyny tapýar» diýip belleýär.

Dost-doganlyk ýörelgeleri

Türkmenistan daşary syýasat işinde dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ilerledilmegine möhüm ähmiýet berýär. Dünýäde ylalaşdyryjy merkez hökmünde tanalýan ýurdumyz halkara gatnaşyklary ulgamynda ýüze çykýan çylşyrymly ýagdaýlaryň çözülmeginde diňe syýasy-diplomatik gurallaryň ulanylmagynyň tarapdary bolup çykyş edýär. Türkmen diplomatiýasynyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, sebit hem-de halkara gatnaşyklarynda özara düşünişmek we ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary dünýä derejesinde uly ähmiýete eýedir. Döwletimiziň daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynda diplomatik gullugyň üstüne örän jogapkärli wezipeler düşýär. Şonuň netijesinde ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy hem-de beýleki iri halkara düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Türkmenistan köpugurly diplomatiýanyň netijeli gurallaryny ulanmak bilen, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek boýunça zerur tagallalary edýär. Şunuň bilen birlikde, energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, howanyň üýtgemegi we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. 2024-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nj

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

25-nji aprelde hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesi girizildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Dünýäniñ ösüşinde Türkmenistanyñ orny

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ata Watanymyz Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, «Açyk gapylar» we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak bilen, saýlap alan ugruna üýtgewsiz eýerýär. Şeýlelikde, ýurdumyz BMG bilen köpugurly, netijeli gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Şol gatnaşyklar soňky ýyllarda täze mazmuna eýe boldy. Ýakynda BMG-den gelip gowşan hoş habar hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýagny şu ýylyň 9-njy aprelinde geçirilen BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň mejlisinde Türkmenistan BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin agzalygyna biragyzdan saýlandy.

Parahatçylyk — ynsan ömrüniň goragy (Ýaş žurnalistiň sözi)

Gadymy döwürlerde baýlygy, mal-mülki uly bagt hasaplapdyrlar. Emma halkara gatnaşyklarynyň çylşyrymlaşan XXI asyry hakyky bagtyň parahatçylykda we saglykdadygyny äşgär etdi. Geçmişde edermen hem merdana millet hökmünde dünýä taryhynyň sahnasyna çykyp, şöhratly yz galdyran halkymyzyň parahatçylyk ýörelgeleri täze taryhy döwürde hem dünýäde belent ykrara eýe bolýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bolsa munuň täze bir beýany bolup, ýurdumyzyň işjeň daşary syýasatynyň parasatly häsiýetini nobatdaky gezek ýüze çykardy. 11-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen «Parahatçylygy ilerletmek: ýurtlaryň arasynda ynanyşmagy berkitmek boýunça strategiýalary durmuşa geçirmek» atly maslahat hem şu taryhy waka bagyşlandy. Bir zada baha bermek islesek, ony düýp-teýkary bilen seljerýäris. Gadymy dünýä taryhynda ilkinji gezek Nusaýda Gündogar döwleti Hytaý we Günbatar döwleti Rim bilen diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny ylym we taryhy garaýyşlar subut etdi. Ýurdumyz Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşip, dünýäniň ençeme halklary bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barypdyr.

Beýik başlangyç — belent buýsanç

Türkmençilikde bir adamyň il içindäki abraýyny suratlandyrmak üçin «sözi diňlenilýän adam» diýen aýtgy ýörgünli. Gerek ýerinde jaýdar sözi aýdyp bilmek, ol sözüňem ýer almagy, dogrudan-da, uly abraý. Bu kada döwletleriň mysalynda hem üýtgewsizligine galýar. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty alyp barýan Türkmenistan bu gün halkara giňişlikde şeýle abraýdan peýdalanýar, ählumumy ähmiýete eýe bolan meselelerde sözi ýer alýan döwlet hökmünde tanalýar. Eýsem-de bolsa, dünýä derejesinde ýyllara at dakmakda Türkmenistanyň teklibiniň BMG-niň Baş Assambleýasynda biragyzdan makullanylmagy muňa iň aňrybaş delil dälmidir?! Mundan ozal hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyçlary bilen 2019-njy ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly, 2022-nji ýylda bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynda «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnamalar kabul edilipdi. Şulara ser salsak, soňky bäş ýylyň üçüsiniň Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen kararnamalar esasynda ählumumy derejede atlandyrylandygyna göz ýetirýärsiň. Şu ýerde ýene bir zady aýratyn nygtamak gerek. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýyly «Halkara

Arzyly menzilleriň aýdymy

Adamzat jemgyýetiniň ösüşi, nesilleriň abadançylygy parahat durmuşyň üpjün edilmegi, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dabaralanmagy bilen aýrylmaz baglydyr. Parahatçylyk ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, agzybirlige sarpa goýmak, birek-birege ýardam bermek türkmeniň milli ýörelgelerinden gözbaş alýar. Diňe beýik ýaşaýşa, barlyga, ösüşe, döredijilige, abadançylygyň we parahat durmuşyň zerurlyklaryna gulluk edýän gymmatlyklary kabul eden halkymyz olary her bir nesliň taryhy tejribesi bilen baýlaşdyryp, geljek nesle geçiripdir. Dowamatyň-dowam bolmagynyň hatyrasyna guran, döreden ata-babalarymyzyň ýagşy arzuwlary durmuşa bolan egsilmez söýgä, kämil döredijilige siňip, bu mährem Diýarda ýaşaýşyň ebedilik kanunyna öwrülip gidipdir. Şol ýol-ýörelge bilen nesil terbiýelän halkymyz bu gün oňyn Bitaraplyk syýasatynyň nurana şuglasyny dünýä ýüzüne ýaýýar. Ýurdumyzyň baky Bitaraplygy dünýä döwletleriniň arasynda parahatçylykly, ynanyşykly, dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigini dabaralandyrýar. Türkmenistan parahatçylyk we ynanyşmak syýasatyny öňe sürmek bilen, bu ugruň halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň, ösüşiň binýady bolup durýandygyny, bu ýolda baş gural bolup dialogyň öňe çykandygyny beýan edýär. 2024-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Ha

Parahatçylyk — bagtyýarlyk kepili

Hemişelik Bitaraplyk syýasaty bilen öňe sary ynamly gadam urýan Garaşsyz Türkmenistanyň her bir güni halkymyza bagtyýarlyk şuglasyny saçýar. Agzybirligi baýdak edip geçilen menzilleriň dowamynda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmek döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly 23-nji martda geçirilen nobatdaky mejlisinde-de ýurdumyzyň halkara abraýyna şaýatlyk edýän ýene bir şatlykly habar kalplara doldy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi baradaky habar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň we gadymy Änewiň «türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň şatlygyna dolan Diýarymyza toý buşlugy bolup geldi. Bu Maksatnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň BMG bilen soňky ýyllarda täze mazmuna eýe bolan strategik hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berilýändigini nobatdaky gezek anyk görkezdi.

Halkara parlamentara hyzmatdaşlygyň aýdyň ýollary

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz dünýä döwletleri hem-de abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýär. Parlamentara gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisi dünýä döwletleriniň parlamentleri, abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklaryny yzygiderli giňeldýär we berkidýär, şeýle hem parlament derejesinde maslahat-duşuşyklary geçirmek bilen, halkara derejesinde guralýan maslahatlara we çärelere yzygiderli gatnaşýar. 2024-nji ýyl üçin halkara çäreleriniň meýilnamasy boýunça şu ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisinde gibrid görnüşinde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň Parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň «Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmatdaşlygynyň orny» atly birinji duşuşygy üstünlikli geçirildi. Fewral aýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ýaponiýanyň Tokio şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu iş sapary döwletara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyzy parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamakda tagallalary birleşdirmäge, kanunçykaryjylyk we parlament işini kämilleşdirmekde tejribe alyşmaga, öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmegiň guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga amatly mümki

Türkmen diplomatiýasy dabaralanýar

18-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy» atly halkara maslahat we institutyň «Diplomatik protokol» atly ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu okuw merkeziniň döredilmegi ýokary okuw mekdepleriniň işiniň kämilleşdirilmegine hem-de maddy-tehniki binýadynyň berkidilmegine döwlet tarapyndan aýratyn üns berilýändiginiň nobatdaky güwäsidir. Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, milli diplomatik gullugyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyplar gatnaşdylar. Maslahatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hünär baýramy mynasybetli diplomatik işgärlere iberen Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi. Bu ýerde guralan çykyşlarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň köpugurly halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, sebit hem-de ählumumy derejede Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen netijeli daşary syýasy ugry üstünlikli durmuşa geçirýändigi uly buýsanç bilen b

Hoşniýetli hyzmatdaşlyga daýanyp

Häzirki wagtda Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwerlige ýugrulan, umumadamzat bähbitlerini ileri tutýan syýasaty dünýäde giň goldawa eýe bolýar. Ýurdumyzyň abraý-mertebesiniň belende göterilmegi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan parasatly işleriniň aýdyň netijesidir. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň diplomatik gullugyna ýokary talaplary bildirmek bilen, onuň döwrebap derejede kämilleşmegi we işiniň netijeliliginiň artdyrylmagy, halkara gatnaşyklar ulgamynda milli bähbitleriň goralmagy, düýpli ylmy-tejribe binýadynyň döredilmegi we bu esasda ussat hünärmenleriň mynasyp nesliniň taýýarlanylmagy baradaky meseleleri hemişe üns merkezinde saklaýar. Türkmenistanyň giň gerimli halkara hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda alnyp barylmak bilen, ilkinji nobatda, beýleki döwletler hem-de halkara guramalar, aýratyn-da, Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň gatnaşyklary netijeli amala aşyrmaga gönükdirilendir. Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet hökmünde öz üstüne alan halkara hukuk borçnamalaryna daýanyp, dünýä döwletleri bilen gatnaşyklaryny deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda guraýar.

Hemişelik Bitaraplyk — şöhratymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda uly üstünlikler gazanylýar, belent sepgitlere ýetilýär. Eziz Watanymyz häzirki wagtda daşary syýasatda diňe öz milli bähbitlerini däl, eýsem, sebitara hyzmatdaşlygy, hoşniýetli, özara peýdaly ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ileri tutýan, möhüm halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak baky Bitarap ýurdumyzyň ýöredýän daşary syýasatynyň ileri tutýan esasy ugry bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren başlangyjy esasynda 2020-nji ýylyň sentýabrynda parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary topary döredildi. Häzirki wagtda bu dostluk toparyna dünýäniň 20-den gowrak döwletleri goşuldy. Bu topar halkara derejede, hususan-da, BMG-niň çäklerinde yzygiderli hyzmatdaşlyga ýardam bermäge, öz syýasatyny Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda guraýan döwletleriň parahatçylyk, döredijilik mümkinçiliklerini iş ýüzünde peýdalanmaga, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga, olaryň sebäplerini, netijelerini aradan aýyrmaga, ynsanperwerlik meselelerini çözmäge gönükdirilendir. Eziz Diýarymyz Bitaraplygyň dostlary topary üçin bitaraplyk ýörelgeleriniň halkara gatnaşyklarynda ilerledilme