Parahatçylyk — ynsan ömrüniň goragy (Ýaş žurnalistiň sözi)

12 Aprel 2024
1720

Gadymy döwürlerde baýlygy, mal-mülki uly bagt hasaplapdyrlar. Emma halkara gatnaşyklarynyň çylşyrymlaşan XXI asyry hakyky bagtyň parahatçylykda we saglykdadygyny äşgär etdi. Geçmişde edermen hem merdana millet hökmünde dünýä taryhynyň sahnasyna çykyp, şöhratly yz galdyran halkymyzyň parahatçylyk ýörelgeleri täze taryhy döwürde hem dünýäde belent ykrara eýe bolýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bolsa munuň täze bir beýany bolup, ýurdumyzyň işjeň daşary syýasatynyň parasatly häsiýetini nobatdaky gezek ýüze çykardy. 11-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen «Parahatçylygy ilerletmek: ýurtlaryň arasynda ynanyşmagy berkitmek boýunça strategiýalary durmuşa geçirmek» atly maslahat hem şu taryhy waka bagyşlandy.

Bir zada baha bermek islesek, ony düýp-teýkary bilen seljerýäris. Gadymy dünýä taryhynda ilkinji gezek Nusaýda Gündogar döwleti Hytaý we Günbatar döwleti Rim bilen diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny ylym we taryhy garaýyşlar subut etdi. Ýurdumyz Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşip, dünýäniň ençeme halklary bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barypdyr.

Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».