Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynda esasy ölçeg bolup durýar. Ýurdumyz parahatçylyk arkaly ösüş ýörelgesinden ugur alýar. Şeýle bolansoň, biziň ýurdumyz dünýäde parahatçylygy we durnukly ösüşi gazanmaga özüniň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp çemeleşýär. Onuň esasynda bolsa halkymyzyň dostluk-doganlyk, ynsanperwerlik, myhmansöýerlik, goňşuçylyk ýaly asylly häsiýetleri we ýörelgeleri durandyr.
Türkmenistan döwletimiz gysga wagtyň içinde halkara arenasynda özboluşly daşary syýasatyny amala aşyrýan döwlet hökmünde özüni tanatdy. Oňyn bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alyp, dünýäde we sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we ylalaşygy saklamak we pugtalandyrmak, köp döwletler bilen hoşniýetli, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek, halkara hukugynyň ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna ygrarly bolmak ýaly başlangyçlary döwletimiziň daşary syýasatynyň özeni boldy.