Türkmençilikde bir adamyň il içindäki abraýyny suratlandyrmak üçin «sözi diňlenilýän adam» diýen aýtgy ýörgünli. Gerek ýerinde jaýdar sözi aýdyp bilmek, ol sözüňem ýer almagy, dogrudan-da, uly abraý. Bu kada döwletleriň mysalynda hem üýtgewsizligine galýar.
Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty alyp barýan Türkmenistan bu gün halkara giňişlikde şeýle abraýdan peýdalanýar, ählumumy ähmiýete eýe bolan meselelerde sözi ýer alýan döwlet hökmünde tanalýar. Eýsem-de bolsa, dünýä derejesinde ýyllara at dakmakda Türkmenistanyň teklibiniň BMG-niň Baş Assambleýasynda biragyzdan makullanylmagy muňa iň aňrybaş delil dälmidir?! Mundan ozal hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyçlary bilen 2019-njy ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly, 2022-nji ýylda bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynda «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnamalar kabul edilipdi. Şulara ser salsak, soňky bäş ýylyň üçüsiniň Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen kararnamalar esasynda ählumumy derejede atlandyrylandygyna göz ýetirýärsiň. Şu ýerde ýene bir zady aýratyn nygtamak gerek. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan etmek hakyndaky taryhy resminamanyň biragyzdan kabul edilmegi diňe bir türkmen halkynda däl, kalbynda ýagşylyk besleýän dünýädäki ähli adamlarda şatlyk we umyt duýgularyny oýardy diýip gypynçsyz aýdyp bileris. Halkara gatnaşyklarynda ynanyşmagyň pese gaçan, geosyýasy we geoykdysady ýagdaýlaryň barha dartgynlaşýan döwründe bolsa şeýle tagallalar has-da zerur. Ana, şonuň üçin hem zemin ähli 2025-nji ýylyň parahatçylyga we ynanyşmaga bagyşlanmagy ugrundaky başlangyjy üçin Türkmenistana minnetdarlyk gözi bilen seredýär. Mahlasy, örän zerur pursatda kabul edilen bu Kararnamanyň ähmiýeti söz bilen ölçärden has uly. Dünýäniň parahatçylygy üçin ädilen uly bir ädim hökmünde taryha girmäge mynasyp bu başlangyjyň hakyky gymmaty ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde asudalygyň arzuwynda ýaşaýan millionlarça adamlaryň ykbaly bilen barabar.