Türkmenistan — BMG: parahatçylygyň we döredijilikli ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk

21 Awgust 2024
763

30 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly we işjeň agzasy hökmünde onuň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine möhüm goşant goşmagyny dowam etdirip gelýär. Parahatçylykly ýaşamagyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň, deňhukukly dialogyň ähmiýetini öňe sürýän Türkmenistan halkara giňişlikde hemişe netijeli hyzmatdaşlygyň tarapdary bolup çykyş edýär. 2025-nji ýylda Bitaraplygyň 30 ýyllygyny dabaraly bellemäge, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň geljek ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamasyny durmuşa geçirmäge taýýarlyk görüp, Türkmenistan hyzmatdaşlar bilen işjeň gatnaşyklaryny dowam etdirer. Döwletiň anyk ädimleri BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda Türkmenistanyň köpçülige ýetirjek ileri tutýan garaýyşlarynda-da öz beýanyny tapýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasyna işjeň taýýarlyk görýär. Durnukly ösüş maksatlarynyň 17-sini resmi taýdan kabul eden we olary durmuş-ykdysady ösüşiň milli meýilnamalaryna, strategiýalaryna uýgunlaşdyran ýurt hökmünde Türkmenistan jemgyýetçilik durmuşynyň ähli möhüm ugurlarynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de güýçlendirmäge çagyrýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi.