"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Topraksyz we köksüz ösýän täsin ösümlik

Topraksyz we köksüz adaty howada ösýän – aerofiti ösümlikler ýapraklary arkaly howadan iýmitlenýärler. Munuň üçin olara topragam, kökem, hatda Gün şöhlesem zerur däl. Oňa diňe çyglylyk gerek. Sebäbi bu ösümlikler tropiki tokaýlarda duş gelýär. Şeýle-de bolsa, barybir goşmaça iýmit çeşmesi bolmazdan, olar ýaşaýşyny uzak dowam edip bilmeýärler. Munuň üçin başga bir ösümlik aerofitileriň «höwürtgesi» hökmünde çykyş edýär. Bu ösümligiň onlarça görnüşi bolup, olaryň bir görnüşi «Tillandsiýa» diýlip atlandyrylýar. Ol Argentina, Çili, Meksika ýaly ýurtlaryň tropik we subtropik tokaýlyklarynda özünde hemişe çyglylygy saklaýan mohlaryň arasynda, dub we kiparis agaçlarynyň şahalarynda köpçülikleýin ösýär. Bu ösümlik dyrmaşyp ösmäge örän ukyply bolansoň, kähalatlarda elektrik sütünlerinde hem 3 – 4 metr uzynlykda hallan atyp, aslyşyp ösýärler. Bu gülüň ösmeginde onuň murtjagazlaryna uly paý düşýär. Şonuň üçin olar köplenç «Murtly Tillandsiýa» ýa-da «Perişdäniň saçy» diýlip atlandyrylýar. Bu ösümlik sapajygyndan üzülenden soňam, birnäçe aýa çenli suwsuz, topraksyz, iýmitsiz ýaşap bilýär.

Baglar — berekediň çeşmesi

Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek meseleleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri hasaplanýar. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mähriban Diýarymyzda dünýä ýurtlary hem-de halkara guramalar bilen howanyň üýtgemeginiň öňüni almak, daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, ekologiýa howpsuzlygy boýunça toplumlaýyn hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Bu babatda netijeli çözgütleri işläp taýýarlamakda deňhukukly, durnukly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin möhüm işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň bagçylyk medeniýetini kämilleşdirmek, ekologiýa taýdan arassa tebigy gurşawy kemala getirmek, ekologiýa diplomatiýasy boýunça uzak möhletlere niýetlenilen, taryhy başlangyçlary dünýä halklary tarapyndan gyzgyn goldaw tapýar. Adamzadyň ilkinji hem-de ygtybarly hemdemi bolup gelýän baglaryň görnüşlerini, agaç nahallarynyň ekilişini artdyrmakda, ekologiýa we daşky gurşawy goramak bilen bagly milli derejedäki toplumlaýyn strategiýany üstünlikli durmuşa geçirmekde gazanylýan üstünlikler dünýä jemgyýetçiliginde oňyn seslenme tapýar.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň şu gün — 15-nji awgustda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: açyk howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +20... +22°, gündizine +32... +34° maýyl bolar. Howanyň basyşy 742 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20... +25 gradusdan +24... +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +35... +40 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +31... +36 gradus maýyl bolar.

Hazarda dostluk dabaralanýar

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda döwletimiz ösüşlerden-ösüşlere beslenýär. Berkarar Watanymyzyň halkara abraýynyň artmagyna itergi berýän şeýle ösüşler daşary döwletleriň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmäge bolan gyzyklanmasyny barha artdyrýar. Çünki hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty milli bähbitlerden ugur alyp, umumadamzat bähbitlerine gönükdirilýär. Dünýä jemgyýetçiliginde hoşniýetli hyzmatdaşlygyň giň gerim alýan döwründe Hazar sebiti Türkmenistanyň daşary syýasy gatnaşyklarynda möhüm orun eýeleýär. Şundan ugur alyp, Türkmenistan ähli Hazarýaka döwletleriň we halkara guramalaryň hereketleri utgaşdyrmak ugrundaky tagallalaryny birleşdirmäge çagyrýar. Ýurdumyz döwlet syýasatynyň esasy guraly bolan parahatçylyk ýörelgesine eýerip, Hazarýaka döwletleriň arasynda dostluk, özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk giňişligini döretmek maksadyndan ugur alýar.

«...Ýaldyrakda Gün sowar»

Türkmenleriň milli senenamasy boýunça awgust aýynyň 12-sinden Ýaldyrak döwri başlanýar. Uly Köpek ýyldyzlar toparynyň has ýagty ýyldyzy Ýaldyragyň dogmagy bilen bu döwür şeýle atlandyrylýar. Ol sentýabr aýynyň 22-sine çenli dowam edýär. «Üçýyldyzda tün sowar, Ýaldyrakda Gün sowar» diýen pähimli sözi öz nesillerine miras goýan ata-babalarymyz Üçýyldyz döwründäki jöwzaly günlerden ýadap, Ýaldyragyň çaltrak dogmagyny isläpdirler. Daňdanlar asmanda Ýaldyrak görnerem welin, salkynjak ýel öwsüp başlar. Daş-töweregiňdäki ekin-dikinlere, ösümliklere syn etseň, bulduraşyp duran çyg damjalaryna gözüň düşer. Ýene-de 2-3 günden göz aýlasaň, jöwzanyň bürüşdiren ýapraklary ýazylyp, eýýäm täzeje öser çykaryp, gök öwsüp başlandyr. Ir oýanýan guşlar bolsa eýýäm şol çyg damjalaryndan ganyp, birgeňsi owaz edýändirler. Ine, şeýdip gün-günden tebigaty özüniň salkyn we çygly howasy bilen bezäp başlaýan Ýaldyrak döwri 40 gün dowam edýär we öz ornuny 22-nji sentýabrda Mizana berýär. Ýaldyrak döwründe howa birden salkynlaşyp gidibermeýär. Onuň entäkler yssy günleri bardyr. Ýöne welin, onuň yssy günleriniň aňyrsy görnüp dur, Üçýyldyz döwründäki ýaly uzak dowam etmeýär. Aýratyn-da, çigrekli gijeler güýzüň uzakda däldigini ýatladýar.

Sähra pişigi

Pişikler maşgalasyna degişli, ýabany tokaý pişiginiň kiçi görnüşi bolan tebigatyň täsin jandarlarynyň biri-de sähra pişigidir. Ol deňiz derejesinden 3000 metre çenli ýokarda ýerleşen Afrikanyň daglyk, Merkezi Aziýanyň, Demirgazyk Hindistanyň, şeýle hem Zakawkaziýäniň sähralyk ýerlerinde duşýar. Ýaşaýan ýerleriniň köp böleginde sany azalan görnüşleriň biri hasaplanýan bu pişik açyk, ösümlik örtügi bolmadyk we gar örtügi galyň ýerlerde ýaşamakdan gaça durýar. Onuň daşky keşbi we aýak yzlary öý pişiginiňkä meňzeşdir. Beden uzynlygy 49 — 74 santimetr, agramy 6 kilograma çenli bolup bilýär. Guýrugynyň uzynlygy 24 — 36 santimetr töweregidir. Pişigiň bedenindäki tüýleriň reňki açyk sary we goňrumtyl-sary, boýnunyň aşagy agymtyl ýa-da çal reňkli bolýar. Gulagy kiçijik, gözi ýaşylymtyl-sary reňklidir. Tüý örtügi örän dykyz, kellesinde, boýnunda we garnynda garamtyl tegmiller bolany üçin ol käbir çeşmelerde «tegmilli pişik» ady bilen bellidir. Beýleki ýyrtyjy jandarlar ýaly, sähra pişigi-de, köplenç, iňrik garalyp ugranda awa çykýar. Ol özünden uly ýyrtyjylardan goranmak üçin başga haýwanlaryň hinini gaçybatalga edinip ulanýar. Ol agaçlara dyrmaşyp, höwürtgelerdäki guşlary we olaryň ýumurtgalaryny awlaýar. Gözüniň aýratyn gurluşy oňa alagaraňkyda-da görmäge ýardam berýär. Gyş paslynda ilatly ýerlerde, has takygy, syçan ýa-da alakanyň bar ýerinde, Garagum sährasynda kän duş gelýär. Bu piş

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň şu gün — 10-njy awgustda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: açyk howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +25... +27° maýyl, gündizine +38... +40° yssy bolar. Howanyň basyşy 739 mm, çyglylygy 10 — 30%.

Tebigat we ynsan sazlaşygy

Agraslyk, gözellik, owadanlyk, tämizlik — bularyň ählisi tebigatda jemlenen. Emma biz käteler sähelçe geleňsizlik bilen eden hereketimiziň tebigata uly zyýan ýetirip biljekdigi hakynda oýlanmaýarys. Ýönekeýje mysal: tokaý zolaklaryna gezelenje ýa-da tebigata ýörişe çykan halatlarymyzda içýän suwumyzyň plastik gaplaryny ýere taşlaýan gezeklerimiz bolýar. Ýöne biz şol plastik galyndylaryň tebigatda ýok bolup gitmegi üçin näçe ýylyň gerekdigi hakynda pikir edip gördükmi? Biz olary zyňman öýümizi, ýagny tebigaty arassa saklap, ýörite niýetlenen zibillere taşlan ýagdaýymyzda plastik gaplary gaýtadan işläp, tygşytlylyga hem öz goşandymyzy goşup bilerdik ahyry! Gündelik durmuşda ulanylýan hojalyk serişdeleri, has takygy, plastik we çüýşe gaplarynyň, rezinleriň, paketleriň, şeýle-de kagyz bölekleriniň zyňlan mahalynda ekologiýa öz zyýanyny ýetirýändigini biz daşky gurşawy öwrenijileriň maglumatlaryna salgylanyp aýdyp bileris. Tebigatda kagyzyň doly dargap gitmegi üçin 10, polietilen paketler üçin 200, plastik gaplar üçin 500, aýna bölekleri üçin bolsa 1000 ýylyň gerekdigi hakynda alymlar ýörite seljerme işleriniň esasynda belleýärler.

Gözel tebigat — jana melhem

Ata Watanymyz Türkmenistanyň geografik taýdan örän amatly ýerde ýerleşmegi, ýurduň topragynyň ýerasty we ýerüsti hazynalara baýlygy, suwunyň hem howasynyň jana ýaramlylygy, dagy-düzüniň, sähra-çölüniň, deňiz-derýasynyň ýerbe-ýerligi buýsanjyňy goşalandyrýar. Ene topragyň tebigat bilen sazlaşykda ynsana eçilýän baýlyklary hakynda bolsa örän köp zatlary beýan etmek bolýar. Adama öz dogup-dörän topragyndan gowy bejerginiň ýoklugy diýseň jaýdar hakykat. Gadymy rowaýatlarda Watandan aýra düşen batyl gahrymanyň öz ilinden getirilen topragy gözlerine sürtende dünýäni görmek bagtyna eýe bolşuny okanyňda, munuň aňyrsynda batylyň batyllykdan halas bolşundan ötri, başga, has uly bir manynyň bardygyny kalbyň bilen duýýarsyň. Dogduk mekanyň topragynda seniň çagakaň ysgan gülleriň, iýen ir-iýmişleriň, datly miweleriň ysy bar. Onda seniň çagalykda aýakýalaň ylgap, kämil çykanyňdan soň dogum bilen basyp galdyran yzlaryň bar. Onsoň, neneň ony gözleriňe sürteniňde gözleriň nur saçmasyn?! Bu rowaýat, topragyň neneňsi mukaddesdigini aňyňda heýkel deýin dikeldip, ony okanlaryň kalp gözüni hem röwşenlendirýär. Türkmen halkynda toprak ýedi hazynanyň başy hasap edilýär. Çünki toprak ynsany diňe bir iýmitlendirmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň saglygyny hem goraýar. Toprakda ýetişýän islendik nygmatyň düzümi ony iýýän ynsanyň saglygy bilen aýrylmaz baglydyr. Her miwäni sapagyndan ýolanyňda bimaksat ýolm

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň şu gün — 8-nji awgustda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +23... +25° maýyl, gündizine +38... +40° yssy bolar. Howanyň basyşy 737 mm, çyglylygy 15 — 35%.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: az-kem bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan günorta-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +21... +26 gradusdan +25... +30 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +37... +42 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +31... +36 gradus maýyl bolar.

Möhüm meselelere seredildi

Goraghanamyzyň ylmy bölüminde ekologiýa howpsuzlygyna bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi. Köýtendagyň eteginde hereket edýän senagat kärhanalarynyň ekologiýa taýdan howpsuz bolmagyny gazanmak esasy talaplaryň biridir. Olarda howany, topragy önümçilik galyndylary bilen hapalamagyň öňüni alýan enjamlar oturdylandyr. Okuw maslahatynda edilen çykyşlarda şol enjamlaryň ornaşdyrylmagynyň ekologiýa howpsuzlygynyň esasy şertleriniň biri bolup durýandygy bellenildi.

Güneşli ýurt — bereketli

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň giň okyjylar köpçüligini begendiren «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp eseriniň «Ekologiýa, tebigata söýgi terbiýesi» bölümçesi her bir okyjyda ösümlik we haýwanat dünýäsi babatda giň dünýägaraýşy kemala getirýär. Gahryman Arkadagymyz pederlerimiziň nesilleriň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamaklary üçin zerur bolan garaýyşlary, endikleri kemala getirmegiň kämil tejribesini toplandyklaryny durmuşymyzyň aýdyň mysallary arkaly täsirli beýan edýär.

Papaýa - datly miwe

Ýurdumyzda oba hojalyk pudagyna berilýän üns örän ýokarydyr. Halkymyzyň ekerançylykda toplan baý tejribesi häzirki wagtda-da özboluşly usullar we tehnologiýalar bilen sazlaşykly utgaşdyrylyp, netijeli peýdalanylýar. Şunda ekologik ugur möhüm şert bolup çykyş edýär. Ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, hususan-da, obasenagat toplumynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler hem-de toplumlaýyn maksatnamalar bu ugur bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Damjalaýyn suwaryş ulgamlary, bag-bakjalara zyýan ýetirmezden dökün bermek, dermanlamak işlerini geçirmekde oba hojalygyna degişli ulanylýan döwrebap tehnikalar ekologiýa abadançylygyny gorap saklamakda esasy gural bolup hyzmat edýär. Güneşe baý türkmen topragy rysgal-döwletiň, egsilmez berekediň, genji-hazynanyň gözbaşydyr. Topragyny mukaddes saýýan halkyň irginsiz çekýän zähmeti yrýa bolmaýar. Bal suwly tereň derýalara, kisloroda baý atmosfera, bereketli topraga eýe bolan ýurdumyzda öndürilýän önümler ýokumlylygy, ýokary islegliligi bilen tapawutlanýar. Diýarymyzyň gadymy Änew topragynyň ak bugdaýy, Tejeniň waharman gawuny, Ahal ýaýlasynyň üzümçiligi, miweli baglary, Sumbar jülgesiniň dürli ir-iýmişleri, nary, hozy, Etregiň zeýtuny, Dehistanyň injiri, Bathyz ýaýlasynyň pissesi, şeýle-de Lebap, Daşoguz topraklarynda ýetişdirilýän şaly, gülaby, garrygyz, gürbek gawunlary dünýä nusgalykdyr.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň şu gün — 3-nji awgustda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: açyk howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +28... +30° maýyl, gündizine +41... +43° yssy bolar. Howanyň basyşy 735 mm, çyglylygy 15 — 35%.

Tebigatymyzy aýawly saklalyň!

Ylmyň we tehnikanyň pajarlap ösýän döwründe adamzadyň tebigata ýetirýän täsiri çürt-kesik artyp, ol giň möçbere eýe boldy. Şonuň üçin hem adamyň tebigat bilen özara gatnaşygyny sazlamak zerurlygy ýiti duýlup başlandy. Şu nukdaýnazardan, biz tebigat bilen ýüzbe-ýüz bolanymyzda, oňa zelel ýetirilmez ýaly etjek-goýjak hereketimiziň dürs bolmagyny gazanmagymyz gerekdir. Tebigat bilen gatnaşykda özüňi dogry alyp barmagyň kadalaryny anyk bilmelidiris, olary ýerine ýetirmegi endik edinmelidiris. Tebigatyň gözel ýerlerine gezelenje çykylanda, ot ýakmak howply bolup, bu aýratyn hem, ot-çöpli, bag-bakjaly ýerlerde uly ýangynlaryň döremegine getirip biler. Birbada başynda dursaň, şeýle hadysalar bolmajagam ýalydyr welin, güýçli şemaldan ýa-da ýangyna getirip biljek beýleki ýagdaýlardan habardar bolup, hüşgärligi elden bermeli däl. Eger-de ot ýakylan hem bolsa, soňuna çenli durup, onuň hakykatdanam öçendigine göz ýetirmeli. Ot ýakylan ýere gum ýa-da suw sepip, közüni mazaly öçürmeli.

Köýten obasy

Köýten daglary güneşli Diýarymyzyň günorta-gündogarynda ýerleşýän dag ulgamydyr. Belli türkmen dilçi alymy Soltanşa Atanyýazowyň «Söz mülküne syýahat» diýen gysgaça toponimiki sözlüginde: «Ilki obanyň hem-de derýanyň ady bolan Köýten «Kuhi taň», pars-täjik dillerindäki «kuh» —«dag» we «teň» — «dar» sözlerinden emele gelip, «dar jülge» diýen manyny aňladýar» diýlip bellenilýär. Köýten adalgasynyň gelip çykyşy barada başga-da çaklamalar öňe sürülýär. Bilşimiz ýaly, türk dilinde oba, ilatly ýere «Köý» diýilýär. Köýten obasy dar jülgede ýerleşýär. Obanyň iki tarapy-da daglyk bolup, diňe günortan bolaýmasa galan wagtynda oba dagyň kölegesinde galýar. Şu ýagdaýy göz öňünde tutsak, onda «Köýten» sözi kölegedäki oba diýen manyny berýändir diýen çaklamany öňe sürmek mümkindir.

Ýeroýlanduz — täsin ýer

Garaşsyz ýurdumyzyň çäklerinde tebigatyň ajaýyp gözelliklerine baý ýerler, täsin künjekler örän köp bolup, olaryň her biri öz aýratynlyklary bilen ünsi çekýär. Şeýle ýerleriň biri-de Murgap hem-de Tejen derýalarynyň aralygynda, Hindiguş daglarynyň demirgazygynda giň meýdany tutýan Bathyz belentliginiň Ýeroýlanduz çöketligidir. Ini 10, uzynlygy 25 kilometre barabar bolan bu çöketlik ilat arasynda Babaçöňňe diýlip hem atlandyrylýar. Onuň çuňlugy 500 metre ýetýär. Bu çöketligiň howasy beýleki künjeklere garanyňda hemişe 5 dereje ýylylygy bilen tapawutlanýar. Bu hem ondaky ösümlikleriň başga ýerlerdäkiden 10 — 15 gün öň janlanmagyna sebäp bolýar. Ýeroýlanduz çöketliginiň döremegine Tetis deňziniň aşagynda emele gelen wulkan ojagy täsir edipdir diýen çaklama öňe sürülýär. Şol döwürde ýeriň jümmüşindäki gaýnag magma ýokary göterilip, çöketlikdäki belentlikleri, baýyrlyklary «ýasapdyr». Şunlukda, onuň demirgazyk böleginde beýikligi 155 metre ýetýän Gazan hem-de Gyz Gupba depeleri peýda bolupdyr.

Ösümlikler hakda täsinlikler