Pişikler maşgalasyna degişli, ýabany tokaý pişiginiň kiçi görnüşi bolan tebigatyň täsin jandarlarynyň biri-de sähra pişigidir. Ol deňiz derejesinden 3000 metre çenli ýokarda ýerleşen Afrikanyň daglyk, Merkezi Aziýanyň, Demirgazyk Hindistanyň, şeýle hem Zakawkaziýäniň sähralyk ýerlerinde duşýar. Ýaşaýan ýerleriniň köp böleginde sany azalan görnüşleriň biri hasaplanýan bu pişik açyk, ösümlik örtügi bolmadyk we gar örtügi galyň ýerlerde ýaşamakdan gaça durýar. Onuň daşky keşbi we aýak yzlary öý pişiginiňkä meňzeşdir. Beden uzynlygy 49 — 74 santimetr, agramy 6 kilograma çenli bolup bilýär. Guýrugynyň uzynlygy 24 — 36 santimetr töweregidir. Pişigiň bedenindäki tüýleriň reňki açyk sary we goňrumtyl-sary, boýnunyň aşagy agymtyl ýa-da çal reňkli bolýar. Gulagy kiçijik, gözi ýaşylymtyl-sary reňklidir. Tüý örtügi örän dykyz, kellesinde, boýnunda we garnynda garamtyl tegmiller bolany üçin ol käbir çeşmelerde «tegmilli pişik» ady bilen bellidir.
Beýleki ýyrtyjy jandarlar ýaly, sähra pişigi-de, köplenç, iňrik garalyp ugranda awa çykýar. Ol özünden uly ýyrtyjylardan goranmak üçin başga haýwanlaryň hinini gaçybatalga edinip ulanýar. Ol agaçlara dyrmaşyp, höwürtgelerdäki guşlary we olaryň ýumurtgalaryny awlaýar. Gözüniň aýratyn gurluşy oňa alagaraňkyda-da görmäge ýardam berýär. Gyş paslynda ilatly ýerlerde, has takygy, syçan ýa-da alakanyň bar ýerinde, Garagum sährasynda kän duş gelýär. Bu pişik tebigy şertlerde 7 — 10 ýyl töweregi ýaşaýar.