Türkmenleriň milli senenamasy boýunça awgust aýynyň 12-sinden Ýaldyrak döwri başlanýar. Uly Köpek ýyldyzlar toparynyň has ýagty ýyldyzy Ýaldyragyň dogmagy bilen bu döwür şeýle atlandyrylýar. Ol sentýabr aýynyň 22-sine çenli dowam edýär. «Üçýyldyzda tün sowar, Ýaldyrakda Gün sowar» diýen pähimli sözi öz nesillerine miras goýan ata-babalarymyz Üçýyldyz döwründäki jöwzaly günlerden ýadap, Ýaldyragyň çaltrak dogmagyny isläpdirler. Daňdanlar asmanda Ýaldyrak görnerem welin, salkynjak ýel öwsüp başlar. Daş-töweregiňdäki ekin-dikinlere, ösümliklere syn etseň, bulduraşyp duran çyg damjalaryna gözüň düşer. Ýene-de 2-3 günden göz aýlasaň, jöwzanyň bürüşdiren ýapraklary ýazylyp, eýýäm täzeje öser çykaryp, gök öwsüp başlandyr. Ir oýanýan guşlar bolsa eýýäm şol çyg damjalaryndan ganyp, birgeňsi owaz edýändirler. Ine, şeýdip gün-günden tebigaty özüniň salkyn we çygly howasy bilen bezäp başlaýan Ýaldyrak döwri 40 gün dowam edýär we öz ornuny 22-nji sentýabrda Mizana berýär.
Ýaldyrak döwründe howa birden salkynlaşyp gidibermeýär. Onuň entäkler yssy günleri bardyr. Ýöne welin, onuň yssy günleriniň aňyrsy görnüp dur, Üçýyldyz döwründäki ýaly uzak dowam etmeýär. Aýratyn-da, çigrekli gijeler güýzüň uzakda däldigini ýatladýar.