Ýurdumyzda oba hojalyk pudagyna berilýän üns örän ýokarydyr. Halkymyzyň ekerançylykda toplan baý tejribesi häzirki wagtda-da özboluşly usullar we tehnologiýalar bilen sazlaşykly utgaşdyrylyp, netijeli peýdalanylýar. Şunda ekologik ugur möhüm şert bolup çykyş edýär. Ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, hususan-da, obasenagat toplumynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler hem-de toplumlaýyn maksatnamalar bu ugur bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Damjalaýyn suwaryş ulgamlary, bag-bakjalara zyýan ýetirmezden dökün bermek, dermanlamak işlerini geçirmekde oba hojalygyna degişli ulanylýan döwrebap tehnikalar ekologiýa abadançylygyny gorap saklamakda esasy gural bolup hyzmat edýär.
Güneşe baý türkmen topragy rysgal-döwletiň, egsilmez berekediň, genji-hazynanyň gözbaşydyr. Topragyny mukaddes saýýan halkyň irginsiz çekýän zähmeti yrýa bolmaýar. Bal suwly tereň derýalara, kisloroda baý atmosfera, bereketli topraga eýe bolan ýurdumyzda öndürilýän önümler ýokumlylygy, ýokary islegliligi bilen tapawutlanýar. Diýarymyzyň gadymy Änew topragynyň ak bugdaýy, Tejeniň waharman gawuny, Ahal ýaýlasynyň üzümçiligi, miweli baglary, Sumbar jülgesiniň dürli ir-iýmişleri, nary, hozy, Etregiň zeýtuny, Dehistanyň injiri, Bathyz ýaýlasynyň pissesi, şeýle-de Lebap, Daşoguz topraklarynda ýetişdirilýän şaly, gülaby, garrygyz, gürbek gawunlary dünýä nusgalykdyr.