Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek meseleleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri hasaplanýar. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mähriban Diýarymyzda dünýä ýurtlary hem-de halkara guramalar bilen howanyň üýtgemeginiň öňüni almak, daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, ekologiýa howpsuzlygy boýunça toplumlaýyn hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Bu babatda netijeli çözgütleri işläp taýýarlamakda deňhukukly, durnukly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin möhüm işler durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň bagçylyk medeniýetini kämilleşdirmek, ekologiýa taýdan arassa tebigy gurşawy kemala getirmek, ekologiýa diplomatiýasy boýunça uzak möhletlere niýetlenilen, taryhy başlangyçlary dünýä halklary tarapyndan gyzgyn goldaw tapýar. Adamzadyň ilkinji hem-de ygtybarly hemdemi bolup gelýän baglaryň görnüşlerini, agaç nahallarynyň ekilişini artdyrmakda, ekologiýa we daşky gurşawy goramak bilen bagly milli derejedäki toplumlaýyn strategiýany üstünlikli durmuşa geçirmekde gazanylýan üstünlikler dünýä jemgyýetçiliginde oňyn seslenme tapýar.