Bahar buşlukçysy
Garagum derýasynyň boýuny syryp, gündogardan gelýän adaja şemalyň ýyljajyk demi tebigata bolmajysyny boldurdy, baýyrlardyr gum depeleri läle getiripdir. Guş-gumrularyň şatlanyşynyň dagy çeni-çaky ýok. Ynha, baharyň ilkinji buşlukçysy bolan garlawaçlar jübüt-jübüt bolşup, amatlyja ýerde höwürtge gurunmagyň, tiz wagtdan dünýä injek sary çüňklüje jüýjeleri üçin rahat bolar ýaly, onuň içine pamykdyr per, ýüň übtüklerini düşemegiň aladasynda pelesaň urýarlar. Heniz ýigdekçekäk, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nury Baýramow: «Arada sährada bolanymda, asmandan durnalaryň «gurk-gurk» diýen sesi eşidildi. Haçanda durnalar ýere pessaýlanlarynda, hersiniň üstünden bir garlawaç uçup gitdi. Olary şol uzak ýerden durnalar arkasyna alyp gelipdirler» diýip, bizi haýrana goýardy. «Arkalaşan dag aşar» diýleni. «Gudrat göreý diýseň, daglara bar» diýilýän-de bolsa, çyn gudraty sähralarda hem aç-açan duýup bolýar oguşýa. — Göwresiniň uzynlygy 20 santimetr, agramy 17 — 20 gram bolan garlawajy haýsy guş bilen deňeşdirse bolar? — diýip sorasalar, haýsy guşuň adyny tutjagyňy bilmänjik geçersiň. Ýok, ýok, ony guşlaryň hiç birine-de deňär ýaly däl-ä! Mazalyja synlasaňyz, garlawaç edil ýylanyň damagyndan çykan ýaly, diýseň owadan, erjel guşdur. Onuň, ylaýta-da, asmanda uçup ýörkä çybyndyr çirkeýler, siňekler bilen iýmitlenip ýörmegi her kesi haýrana goýýar. Uçman, birhili howada tans edýän ýaly görünýär. Onu