Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow

20 Mart 2024
1338

Ekologiýa, tebigata söýgi terbiýesi

Ekologiýa terbiýesine bag-agaç nahallaryny oturtmaklygam degişli. Agaç ekmegiň sogaby, haýry ir döwürlerden bäri meşhur we ol çagalykdan aňymyza guýulýan terbiýeleriň biri. «Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär, Dünýä kitabynda onuň ady bar» diýen setirler hem muny tassyklaýar. Bir düýp daragtyň biziň durmuşymyza ýetirýän peýdasy hakda gadym döwürlerde nämeler ündelen bolsa, indi şol paýhaslar anyk ylmy deliller bilen öwredilýär.