Adamzat durmuşyny ösümlikler dünýäsinden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Ata-babalarymyz bagy-bossanlygy döretmegi hemişe üns merkezinde saklapdyrlar. Şeýle hem nesilleri ösümlik dünýäsine bolan söýgini oýarmak bilen terbiýeläpdirler. Ir döwürlerden bäri ösümlikleriň häsiýetleri öwrenilip, olar boýag–reňk almakda, deri eýlemekde ulanylypdyr. Olaryň dermanlyk häsiýetlerini kesgitläp, em–melhem üçin peýdalanypdyrlar. Munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltlik kitabynda halkymyzyň melhemlik üçin ulanan ösümlikleriniň köp sanlysy, olary ýygnamagyň, guratmagyň, saklamagyň, olardan melhem taýýarlamagyň, ulanmagyň usullary barada berlen maglumatlar hem tassyklaýar. Milli Liderimiz bu kitabynda ata-babalarymyzyň ilkinji «tebigy dermanhana» hasaplanýan dermanlyk ösümliklere ýüzlenendiklerini, olardan peýdalanandyklaryny belleýär. Pederlerimiz çerkez, borjak, buýan, üzärlik, sersepil, ýowşan, arça, narpyz ýaly ösümlikleriň dermanlyk häsiýetlerini bilipdirler.
Ata-babalarymyzdan bize däp bolup galan bag oturtmak haýyrly, sogap iş hasaplanýar. Şeýle-de ösümlikler dünýäsini goramak bilen baglanyşykly köp sanly rowaýatlar bolup, olar tebigata, bagdyr agaçlara, tokaýlara degişlidir. Bu barada halkymyz «Agaç eken, köpri guran, guýy gazan adamyň ömri haýp geçmez» diýen aýtgy döredipdirler.