Dagdanly — taýmaz...

26 Mart 2024
1089

Dag bezegi bolan dagdan agajyna halkymyzyň juda irki döwürlerden hormaty uly. Öz adyndan hem belli bolşy ýaly, ol owadanlygy, berkligi gadyr-gymmaty dagdan, dag bilinden alýar. Şonuň üçin onuň süňňi sagdyn, ruhy polatdan hem berk. Ol näçe ýaşasa-ýaşasyn egrelip, bükülip bir ýerindenem çat açmaýar. Ýogsa, ol hem beýleki daragtlar ýaly, ýylyň on iki aýynyň jokrama yssysyny, gazaply sowugyny, mahlasy, ähli hadysalaryny aýma-aý, demme-dem öz başyndan geçirýär. Onuň şunuň ýaly häsiýeti üçin agaç ussalarymyz ondan altyn-kümüş şaý-sepleri bilen bäsleşip biljek göz monjugy ýa-da nepis tumarlary ussatlyk bilen ýasap, gelin-gyzlarymyzyň gözelligine gözellik goşýarlar.

Şemşat AKGAZAKOWA,
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Ýeňiş obasynyň ýaşaýjysy.