Uzynlygy 100 kilometre golaý bolan Köýtendag Türkmenistanda iň beýik dagdyr. Ýurdumyzyň iň belent nokady 3139 metr bolup, ol Köýtendagyň Aýrybaba gerşidir.
Köýtendag köpsanly kert gaýalardan we çuň jülgelerden ybaratdyr. Dag ulgamynyň eňňitlerinde ýiti gaýalar gaty köpdür. Onuň beýik gaýalaryna çykmak üçin ýörite gurallar gerek bolýar. Çünki onuň ýoly örän dik we kötel, jülgeleriň düýpleri bolsa opurylan gaýalaryň äpet harsaňlaryndan doly. Şeýle-de, käbir jülgeleriň çuňlugy 100 metrden hem geçýär.