"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Suw — sagdynlygyň serweri

Ynsan durmuşynyň gözelligi diňe bir ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy bilen däl, eýsem, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň üpjün edilmegi bilen hem bagly. Bu babatda arassa agyz suwy ynsan saglygynyň girewidir. Hut şonuň üçin-de ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjünçiligi ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» hem ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegi esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi. Şu ýylyň 8-nji maýynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda we ak pata bermeginde Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde ýerleşýän, kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desganyň ulanyşa girizilmegi hem bu sogaply işleriň dowamly häsiýete eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär. Halkymyzda suw damjasy altyn dänesine deňelýär. Suwuň ynsan bedeniniň sagdynlygyny üpjün etmekdäki wajyp orny barada pikir edeniňde, ata-babalarymyzyň bu aýtgysynyň täsiri has-da artýar. Sebäbi saglyk — ynsanyň iň uly baýlygy. Günüň dowamynda içilýän suwuň arassalyk derejesiniň biziň saglygymyza edýän täsiri barada söz açylanda, ýurdumyzyň çar künjeginde — Lebap welaýatynyň Hojambaz, Farap etraplarynda, Köýtendag etraby

Ýokary depgin bilen

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýüpekçilik ýurdumyzyň dokma senagatynyň geljegi uly hasaplanylýan pudaklarynyň biridir. Häzirki wagtda ýüpek önümlerine içerki we dünýä bazarlarynda islegler barha artýar. Ýurdumyzda ýüpek gurçugynyň iň gowy görnüşleriniň ýetişdirilmegi bolsa bu pudagyň ygtybarly binýadynyň döredilmegini üpjün edip, ýylsaýyn ýokary netijeleriň gazanylmagyna getirýär. Döredilýän giň mümkinçilikleriň netijesinde ýokary hilli ýüpek önümlerini öndürmekde Türkmenabadyň «Ýüpek» önümçilik birleşigi hem öňdebaryjy kärhanalaryň hatarynda tanalýar. Bu kärhana ilkinji gezek 1931-nji ýylda ýüpek egirýän önümçilik hökmünde işe girizildi. Ilkinji önümçilik ýylynda bu ýerde çig ýüpegiň 15,1 tonnasy öndürilipdir. Soňra birleşigiň önümçiligi ýylsaýyn kämilleşdirilip, 1967-nji ýylda bu önümçilikde emeli ýüplükden «Saryja» matasy öndürilýär. Şol ýyl kärhananyň önümçiligine Ýaponiýanyň «KIOTO» firmasynyň gaýnagda matany ýuwýan desgasy, şeýle-de matany guradýan we inini saklaýan enjamlary, Fransiýanyň «Sakm» firmasynyň matanyň ýüzüne gül basýan desgasy we Germaniýanyň «Teksima» firmasynyň bug gyzgyny bilen matanyň gül nagşyny we reňkini berkidýän desgalary ornaşdyrylyp, 1968-nji ýylda ilkinji gezek boýag önümçiligi işe girizilýär. 1995-nji ýylda bolsa «Ýüpek» önümçilik birleşigi döredilip, 1997-nji ýylda arassa ýüpekden haly dokamaklyk ýola goýulýar.

Ýüpekçiler pellehanada

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Kerki, Dänew we Halaç etraplarynyň ýüpekçileri welaýatymyzda ilkinji bolup, pile tabşyrmagyň meýilnamasyny üstünlikli berjaý etdiler. Meýilnama ýerine ýetirilende Kerki etrabynyň ýüpekçileri 85 tonna 200 kilogram, Dänew etrabynyň ýüpekçileri 140 tonna 61 kilogram, Halaç etrabynyň ýüpekçileri hem 147 tonna golaý pile tabşyrdylar. Bu bolsa meýilnamada görkezileninden ýokarydyr. Kerki etrabynda «Mürzebeggala», «Hatap», Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşikleriniň edermen ýüpekçileri pile tabşyrmakda öňe saýlanýarlar. «Mürzebeggala» daýhan birleşiginiň ýüpekçileri kümüşsöw çäje eýýäm 34 tonna 108 kilogram piläni goşant etdiler. «Hatap» daýhan birleşigi boýunça piläniň mukdary 17 tonna 200 kilogramdan geçdi. Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginiň ýüpekçileri hem piläniň mukdaryny 15 tonna ýetirdiler. Bu bolsa meýilleşdirileninden ep-esli köpdür. Beýleki daýhan birleşiklerinde hem bu iş guramaçylyky dowam edýär. Ýüpekçileriň 961-siniň hemmesi diýen ýaly meýilnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Olaryň aglabasy meýilnamadan daşary pile tabşyrýarlar. «Mürzebeggala» daýhan birleşiginden Nurtäç Meredowa has-da ýokary netije görkezdi. Onuň häzirki ýygnan hasyly 910 kilogram boldy. Şu daýhan birleşiginden Bahargül Gurdowa hem 650 kilogram pile ýygnady. Bu daýhan birleşiginde Ogulsabyr Pygamowa ýaly ussat ýüpekçilerden tä

Yhlas bilen ýer gögär

Bu gün sahawatly topragymyz berekedini eçilýär. Onda adyny tutan ekiniň bitýär. Daýhan yhlasy bilen oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşinden ýetişdirilýän bol hasyl bolsa gyzyl-ýaşyl öwüsýän meýdanlarymyzda ekerançylyk medeniýetimiziň ösýändigine güwä geçýär. Darganata etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň zähmetsöýer daýhanlary hem ekin ekip, hasyl almakda baý iş tejribesini toplapdyrlar. Olar her ýylda gowaçanyň, bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmegiň hötdesinden gelýärler. Şu ýyl daýhan birleşiginiň ekerançylyk meýdanlarynyň 1437 gektarynda gowaça ekildi. Bugdaý ekilen meýdan bolsa 807 gektara barabar. Daýhanlar 2430 tonna pagta, 1856 tonna hem bugdaý ýygnamagy maksat edinýärler. Gowaça ekilen ýerlerde täze hasylyň irki aladalary bilen meşgul bolsalar, bugdaýyň ösüp oturan meýdanlarynda täze hasylyň ujy eýýäm göründi. Bugdaýyň daýhana «Bäş aýda bir garyş, bir aýda bäş garyş öserin» diýip aýdýan döwri geldi.

«Awçynyň» armazak adamlary

Saýat etrabynyň hojalyklarynda oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döretmek ugrunda yhlasly zähmet çekilýär. Daýhan yhlasy bilen bereket bolçulygy hem döredilýär. Şeýle il-ýurt bähbitli işde «Awçy» daýhan birleşiginiň armazak adamlary tutanýerlilik görkezýärler. Munuň şeýledigine hojalygyň 6-njy kärendeçiler toparynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Öňdebaryjy toparyň gowaça meýdanlarynda bejergi işleri ýokary depginde alnyp barylýar. 108 gektardan gowrak meýdana gowaça tohumyny sepen daýhanlar öňümizdäki güýzde 434 tonnadan gowrak gymmatly çig maly Watan harmanyna goşmagy maksat edinýärler.

Pileçileriň yhlasly işleri

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Watan harmanyna 110 tonna ýokary hilli pile tabşyryp, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýüpekçilik pudagyny ösdürmek ugrundaky taýsyz tagallalaryna iş bilen jogap bermegi maksat edinýän Akdepe etrabynyň pileçi kärendeçileri häzirki döwürde ýüpek gurçuklaryny talabalaýyk idetmek boýunça ähli zerur çäreleri durmuşa geçirýärler. Muňa etrabyň beýleki hojalyklarynyň hatarynda «Agzybirlik» daýhan birleşiginiň pileçileriniň bu babatdaky gyzgalaňly işleri hem şaýatlyk edýär. Golaýda bu ýerde bolanymyzda, daýhan birleşiginiň ýüpekçilik baradaky hünärmeni Baýramgeldi Pirekowyň beren gürrüňine görä, şu günlerde hojalygyň 74 sany ýüpekçi kärendeçisi jemi 2869 gram ýüpek gurçugyny idetmek bilen meşgul bolýar. Olaryň köpüsiniň bu işde uly tejribeleriniň bardygyny aýtmak gerek. Çünki bu ýüpek gurçuklaryna göwnejaý hyzmat edilip, olaryň kadaly ösüşiniň gazanylmagyna mümkinçilik berýär.

Bugdaýa ideg edilýär

Köneürgenç etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri güýzlük bugdaý ekilen 600 gektar meýdanda ekinlere agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ýokary hilli ideg edýärler. Esasan hem, ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmekde tehnikalar saz işledilip, ýokary zähmet görkezijileri gazanylýar. Gallaçy kärendeçileriň birleşen tagallasy netijesinde, hojalykda her günde 15 — 20 gektar meýdanda bugdaýa ösüş suwy tutulýar. Iýmiti hem-de suwy kemsiz ýetýän bugdaýlar barha bol hasyl toplap, hojalygyň gallaçylarynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 1130 tonna guşgursak ak bugdaý öndürmek baradaky meýilnamany artygy bilen berjaý etjekdiklerine ynam döredýär. Bugdaýa agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg etmekde Allanazar Hydyrowyň, Döwletgeldi Şammyýewiň, Allamyrat Täçmyradowyň ýolbaşçylyk edýän 8, 9, 13-nji kärendeçiler toparlarynyň gallaçy daýhanlary tutanýerli zähmeti bilen has-da öňe saýlanýarlar.

Daýhanlaryň ýazky aladalary

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň baýramynyň bellenilýän ýyly bolan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň esasy pudaklarynyň biri bolan obasenagat toplumy-da uly ösüş-özgerişleri başdan geçirip, belent sepgitleri eýeleýärler. Döwletimiz tarapyndan döredilýän amatly şertlerden ýerlikli peýdalanýan oba hojalyk pudagynyň zähmetsöýer işgärleri sahawata beslenen ene topragymyzdan bereketli hasyl öndürmekde ýokary görkezijilere eýe bolýarlar. Häzirki günlerde gadymy Mary topragynyň tutanýerli daýhanlary hormatly Prezidentimiziň özleri üçin döredýän mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi, ýekeleme, otag etmek işlerini gyzgalaňly alyp barýarlar. Bu işleri geçirmekde daýhanyň daýanjy bolan oba hojalyk tehnikalaryndan ýerlikli peýdalanýarlar. Bugdaý ekilen meýdanlarda bolsa agrotehniki kadalara görä ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam etdirilýär. Barha ýakynlaşýan galla oragy möwsüminde işledilmegi meýilleşdirilýän galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary we bugdaý ýygýan kombaýnlary taýýarlamak boýunça işler guramaçylykly alnyp barylýar.

Ýüpekçileriň üstünligi

Her ýylyň ýaz paslynda tut agaçlary ýaprak çykaryp başladygy, ýurdumyzyň ýüpekçileriniň durmuşynda hysyrdyly günler başlanýar. Bu döwürde olar ýüpek gurçuklaryny idetmek aladasy bilen gurşalyp alynýar. Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Garagan obasynyň ýaşaýjysy Ogulnäzik Buzlyýewanyň durmuşynda bu ýagdaý indi on ikinji ýyl gaýtalanýar. Ýüpek gurçugyny idedip, bol pile hasylyny alyp gelýän ussat ýüpekçi bu ýyl hem 27 gap gurçuk tohumyny idetmäge borçlandy. Onuň üçin, bu zähmetsöýer zenan, ilkinji nobatda, gurçuk saklanýan jaýyň talabalaýyk bolmagy ugrunda tagalla etdi. Ýüpek gurçugy üçin esasy iýmit serişdesi bolan tut agaçlarynyň ýapraklary bilen üpjünçiligiň ýeterlik bolmagyny gazandy. Hysyrdyly günler yzda galyp, dördünji ukusyndan oýanan ýüpek gurçuklary pile saramaga durdular. Gurçuk saklanýan jaýda gunduz ýaly ak gozalar peýda bolup, pile ýygmaly bolanda, Ogulnäzik gelnejäniň gyzy Oguljennet, agtyklary, jigileri we olaryň gelinleri bu döwletli ojaga ýygnandylar. Agzybirlik bilen ýygnalan pile hasyly tas 600 kilograma golaýlady.

Bol pile almak ugrunda

Magtymguly etrabynyň S.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň ýüpekçileri, her ýylda bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem ideg edýän ýüpek gurçuklaryndan bol pile almak üçin tutanýerli zähmet çekýärler. Daýhan birleşiginde öz işine ussat ýüpekçileriň biri hem Sähragül Gurbanowadyr. Ol maşgala agzalary bilen ýüpek gurçugyna ideg edip, ondan ýylyň-ýylyna bol hasyl almagy başarýar. Onuň bu ugurdan 35 ýyldan gowrak baý iş tejribesi bar. Sähragül gelneje geçen ýylky möwsümde 1 gap ýüpek gurçugyna ideg edip, 40 kilogramdan gowrak ýokary hilli pile aldy. Üstümizdäki ýylda bolsa ol 4 gap ýüpek gurçugyndan bol pile hasylyny almagy maksat edinýär. Biz ussat ýüpekçiniň iş-aladalary bilen ýakyndan tanyşmak üçin baranymyzda, ol maşgala agzalary bilen ýüpek gurçuklaryna ideg edýärdi. Tüweleme, ýaşlardan galarly däl, onuň elleri hemişe hereketde. «Döwletimiz tarapyndan döredilýän şertler zähmete bolan höwesiňi artdyrýar» diýip, Sähragül gelneje aýdýar.

Gahryman daýhany ýatlap...

Halkyň şöhratly taryhyna, ýaşap geçen taryhy şahsyýetlere sarpa goýmak asylly däpleriň biri hasaplanýar. Sadulla Rozmetow adyndaky geňeşligiň ýaşaýjylary ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda özboluşly zähmet mekdebini döreden Türkmenistanyň Gahrymany Sadulla Rozmetowyň hatyrasyny belent tutýarlar. Ýakynda Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynda Türkmenistanyň Gahrymany Sadulla Rozmetow adyndaky şäherçäniň orta gürpünde oturdylan Gahryman daýhanyň heýkeliniň ýanyna ýygnananlar Sadulla aganyň ýagty ýadygärligini hatyralap, heýkeliň etegine gül desselerini goýdular. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň Gahrymany S.Rozmetowyň bu heýkeli 2012-nji ýylyň 20-nji martynda açylypdy.

Kümüş çäjiň harmany

Pederlerden miras galan kesp-kärleriň biri hem ýüpekçilikdir. Biziň welaýatymyzda ýüpek gurçugyny idetmek, ondan pile öndürmek ýaly sogaply işler bilen meşgullanýan tejribeli pileçi kärendeçiler näçe diýseň bar. Şolaryň biri hem Kerki etrabynyň Hatap daýhan birleşiginiň 5-nji kärendeçiler toparynyň kärendeçisi Gözel Nazargylyjowadyr. Ol ýakynda ilkinjileriň hatarynda döwlet harmanyna pile tabşyrdy. Ençeme ýyllardan bäri ýüpekçilik bilen meşgullanyp gelýän pileçi kärendeçi şu ýyl hem 20 gram ýüpek gurçugyny idedip, ondan 43 kilogram ýokary hilli pile almagy başardy. Oňa bu işde maşgala agzalary ýakyndan ýardam berdiler. Gaýratly zenan indi birnäçe ýyllardan bäri ýylyň-ýylyna ýüpek gurçugyny idedip gelýär. Zähmetiň bar ýerinde rehnetiň hem bardygyny pileçi kärendeçi buýsanç bilen belleýär:

Ak pileler — berekediň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde oba hojalygynyň ähli pudaklary bilen birlikde ýüpekçiligi ösdürmäge hem aýratyn uly üns berilýär. Şu günler welaýatymyzyň beýleki etraplarynda bolşy ýaly, Mary etrabynda hem ýüpek gurçugyny idetmek möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Ýylyň-ýylyna piläniň ýokary hilli hasylyny ýetişdirýän etrabymyzyň pileçilerine Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda 1 müň 13 guty ýüpek gurçugynyň tohumy paýlanyp berildi. Ussat ýüpekçiler ýokary hilli pile almakda tutanýerli zähmet çekýärler we 2024-nji ýylda 37 tonna pile taýýarlamagy maksat edinýärler. Olar özlerine edilýän hemaýat-goldawlar üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdyp, gaýratly zähmet çekýärler.

Miweli baglaryň bagbany

Boldumsaz etrabynyň Almalyk geňeşliginiň ýaşaýjysy Tirkeş Ýaňyberdiýew ençeme ýyldan bäri bagbançylyk bilen meşgullanyp gelýär. Onuň 6 gektar kärende meýdanynda miweli baglaryň dürli görnüşleri ösýär. Ol bu ýerde almanyň 5, erigiň 4, şetdalynyň 3, armydyň 4, garalynyň 3, behiniň 3 görnüşinden ybarat bolan köp sanly baglary kemala getirýär. Bagbançylyk işinde oňa ogullary Merdan, Didar, gyzy Leýla, gelni Maral ýakyndan kömek edýärler. Olar ýylyň-ýylyna ekilen baglardan bereketli miwe hasylyny alýarlar. Alnan miwe hasylyny ak bazarda elýeterli bahadan ilata hödürleýärler. Tirkeş aganyň bagyny synlan adamlar «Tüweleme, her ýerde ussat bagbanlar bar!» diýip geçýärler. Şeýle diýmezçe hem däl. Yhlas bilen idedilip, ýetişdirilen baglar görenleriň gözüni dokundyrýar. Bu bagy-bossanlyk ussat bagbanyň maşgalasy üçin juda mukaddes.

Gowaçadan ýokary hasyl almagyň usullary

Ekişi geçirip, gögeriş alnandan soň, gowaçalary aýny wagtynda ýekeläp, her gektaryň gürlügine üns bermelidir. Gögeriş alnansoň, her gektardan 35 — 40 sentner pagta hasylyny almak üçin gowaçalaryň gürlügi, her düýpdäki gozanyň sany, onuň pagtasynyň agramy, agrotehniki çäreleriň hili alynmaly hasylyň mukdaryny kesgitleýän görkezijilerdir. Gurply toprakly ýerlere ekilen gowaçalaryň arasy açygrak, arrygrak ýerlere ekilenleriň bolsa, arasynyň golaýrak bolmagy zerurdyr. Ýekelenip bolnan gowaçanyň «Ýolöten — 14» sortunyň her gektardaky gürlügi 90 — 100 müň düýp töwereginde bolmalydyr. Örän möhüm işleriň biri hem topragyň hatarara bejergisini wagtynda geçirmekdir.

Utgaşykly hatarara bejergisi

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda 162 müň gektar meýdana gowaça ekip, ondan oňat gögeriş, bol hasyl almagy maksat edinýän Mary welaýatynda gowaça ekişi tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Gowaça ekilen meýdanlarda ýaşajyk ösümlikler eýýäm hatar tutup ugrady. Pagtaçylyk bilen baglanyşykly her bir işi agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli ýerine ýetirip, bol hasyl almakda görelde bolýan Tagtabazar etrabynyň pagtaçylary ilkinji hatarara bejergisini hem otag bilen utgaşdyryp, dowam etdirip başladylar. Şu ýyl 5 müň 300 gektar meýdana gowaçanyň etrabyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan, ýokary hasyl berýän, kesellere durnukly, orta süýümli «Ýolöten-7», «Ýolöten-39» sortlary ekildi. Şondan 12 müň 700 tonna gowaça hasylyny almak maksat edinilýär. Etrapda ekiş möwsüminde her günde 180 gektardan gowrak meýdanda ekiş geçirildi. Şu günler ilkinji hatarara bejergisinde işleýän mehanizatorlar günde onlarça gektar ekin meýdanynda bu möhüm agrotehniki çäräni ýokary hilli amala aşyrýarlar. Ýaz ekişinde we gowaçalaryň ilkinji hatarara bejergisinde peýdalanylýan traktorlaryň köpýyllyk iş tejribeleri bolan, öz işine ussat mehanizatorlara berkidilmegi bolsa, işleriň diňe bir öndürijiliginiň däl, eýsem, hil derejesiniň hem has ýokary bolmagyna itergi berýär.

Öň hatarda bolmak hyjuwy

Lebap welaýatynyň dowardarlary ene mallardan owlak-guzy almak möwsümini üstünlikli tamamladylar. Şu ýylyň geçen döwründe maldarçylyk hojalyklarynyň ähli görnüşleri boýunça owlak-guzularyň 1 million 276 müňden gowragy alyndy. Olaryň 74 müňden gowrak başy oba hojalyk kärhanalaryna degişlidir. Bu bolsa ýylyň başyna bar bolan ene mallaryň 98 göterimden gowragyndan owlak-guzy alnandygyny habar berýär. Maldarçylyk önümlerini öndürmekde Saýat etrabynyň maldarlary öňdeligi eýeleýärler. Etrapda häzirki wagtda gara mallaryň 115 müňden gowragy, dowarlaryň 486 müňden gowragy, guşlaryň 823 müňden gowragy bolup, olardan geçen döwürde etiň 7 müň tonnadan gowragy, süýdüň 24,1 müň tonna golaýy, ýumurtganyň bolsa 11 milliondan gowragy öndürildi. Munuň özi welaýatymyzda iň ýokary görkezijileriň biridir.

Borçnama üstünlikli ýerine ýetirildi

Maldarçylyk önümleriniň bolçulygyny döretmek we önümleriň hilini ýokarlandyryp, halkyň bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek babatda Balkan welaýatynyň maldarçylyk hojalyklarynyň dowardarlary hem netijeli işleri alyp barýarlar. Welaýatyň Gyzylarbat etrabyndaky «Gyzylarbat» maldarçylyk hojalygynyň janypkeş maldarlary dowarlardan we düýelerden alynýan önümleriň ýokary hilli bolmagyny gazanýarlar. Maldarçylyk hojalygynyň dowardarlary owlak-guzy, düýelerden köşek almak baradaky meýilnamalaryny artygy bilen berjaý etdiler. Has takygy, maldarçylyk hojalygynda bar bolan 17 müň 621 baş ene goýundan 16 müň 615 baş owlak-guzy we 1 müň 195 düýeden 538 baş köşek alnyp, şertnamalaýyn borçnama üstünlikli ýerine ýetirildi. Şu günler maldarçylyk hojalygynyň janypkeş dowardarlary gazanylan üstünlikleri berkitmek bilen, owlak-guzulara, köşeklere ýokary derejede ideg edip, mallaryň baş sanyny abat saklamak ugrunda tutanýerli işleri alyp barýarlar. Gazanylýan üstünlikler bolsa, maldarçylyk hojalygynyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna we çopanlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna getirýär.

Oba ho­ja­lyk önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­ne my­na­syp gol­daw

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda obasenagat toplumyny ýurdumyzda geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň hasabyna ösdürmek, içerki bazarlarymyzda azyk bolçulygyny döretmek we obasenagat toplumynyň eksport mümkinçiligini artdyrmak boýunça oňyn işler amala aşyrylýar. Bu babatda ýurdumyzda bugdaý, pagta hasylyny we beýleki oba hojalyk önümlerini öndürijilere döwlet tarapyndan goldaw berilýär. Ylaýta-da dünýäniň iň ösen, kämil tehnikalarynyň, kombaýnlarynyň satyn alynmagy, kärendeçilerimiziň suw, ýeri gurplandyryjy mineral dökünler hem-de zerur bolan beýleki önümçilik serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün edilmegi, olara ýeňillikli bank karzlarynyň berilmegi hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk önümlerini öndürijileri galkyndyrmak barada edýän bimöçber aladalarynyň aýdyň mysalydyr. Oba hojalyk pudagyny ösdürmek barada döwlet tarapyndan berilýän goldawlaryň netijesinde her ýyl ýurdumyzda uly üstünlikler we yzygiderli ösüşler gazanylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak hem-de oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek hakynda» 2024-nji ýylyň 9-njy fewralynda çykaran kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň bir tonnasynyň döwlet satyn alyş bahasy 2 müň manat möçberinde, nah pagtanyň bir tonnasynyň döwlet satyn al

Ýedi hojalygyň ýüpekçileri pellehanada

Welaýatymyzda ýüpek gurçugyndan iň köp pile öndürýän Çärjew etrabynyň ýüpekçileri pellehana golaýlap gelýärler. Ýakynda biz ertrabyň 4-nji pile kabul ediş we guradyş bölüminde bolup, öňdebaryjy ýüpekçileriň armasyny ýetirdik. Olaryň onlarçasyny gazanan zähmet ýeňişleri bilen gutlap, Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan gymmatbahaly sowgatlar bilen sylagladyk. Etrabymyzyň edermen ýüpekçileri her ýylda hem ýüpek gurçuklaryna agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg edip, bol pile ýygnamagy başarýarlar. Şu ýyl tejribeli ýüpekçileriň müňlerçesi bu möhüm iş bilen meşgullanýar.