Ýüpekçileriň üstünligi

8 Maý 2024
974

Her ýylyň ýaz paslynda tut agaçlary ýaprak çykaryp başladygy, ýurdumyzyň ýüpekçileriniň durmuşynda hysyrdyly günler başlanýar. Bu döwürde olar ýüpek gurçuklaryny idetmek aladasy bilen gurşalyp alynýar. Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Garagan obasynyň ýaşaýjysy Ogulnäzik Buzlyýewanyň durmuşynda bu ýagdaý indi on ikinji ýyl gaýtalanýar. Ýüpek gurçugyny idedip, bol pile hasylyny alyp gelýän ussat ýüpekçi bu ýyl hem 27 gap gurçuk tohumyny idetmäge borçlandy. Onuň üçin, bu zähmetsöýer zenan, ilkinji nobatda, gurçuk saklanýan jaýyň talabalaýyk bolmagy ugrunda tagalla etdi. Ýüpek gurçugy üçin esasy iýmit serişdesi bolan tut agaçlarynyň ýapraklary bilen üpjünçiligiň ýeterlik bolmagyny gazandy.

Hysyrdyly günler yzda galyp, dördünji ukusyndan oýanan ýüpek gurçuklary pile saramaga durdular. Gurçuk saklanýan jaýda gunduz ýaly ak gozalar peýda bolup, pile ýygmaly bolanda, Ogulnäzik gelnejäniň gyzy Oguljennet, agtyklary, jigileri we olaryň gelinleri bu döwletli ojaga ýygnandylar. Agzybirlik bilen ýygnalan pile hasyly tas 600 kilograma golaýlady.

«Zenan kalby».